Ol adam kurortda sata$dy maña. Nazarkerde adam. Nurana adam. Bir jaýda bir aýy bile geçirdik, Bir aýlap dem aldyk meñze$ howadan. Çuñluk alan ýaly düýpsiz derýadan, Gözi çuñdy. Içi dur$una nurdy. Uklap ýatyrkada ol nuruñ mähri Gabagnyñ da$yndan lowurdap durdy. Gözleri-de jomart. Eli-de jomart. Jomartdy ýüregi. Jomartdy dili. Ýöne öz bitiren hyzmaty hakda Bir agyz gepletjek bolaýsañ weli, Çekip almalydy her bir sözüni... Pyýada geçipdir Ýewropan çölün. Aýagyn goýupdyr Dunaý boýunda, Shpreý jeññelinde jaýlapdyr elin. ...Ýene bile barýas bagyñ içinden. Men aýakly barýan, olam pi$ekli. Bir maral deñimden ozup geçende, Birden iki ädim öñe dü$mekçi Boldum-da, ýene-de endamym dyglap, Goñ$ymyñ deñine çekildim kem - kem. $eyle gerçek ki$i güýje mätäçkä, Adam öz güyjünden utanjak eken. Bir gün buýsanç bilen gözýa$yn gizläp, Öý durmu$y hakda açdy ol gürrüñ. Üç ogly bar eken. Üçüsini hem Fa$istler bir dardan asypdyr bir gün. Azowyñ ýanynda. Don jeññelinde Dereksiz ýitipdir ýene bir gyzy. Kempirem ölüpdir. Indi bir öýde Dört diwar içinde ýalñyz bir özi. Soñ menden sorady: "Näçe çagañ bar?" Diýdim: "Esliräk bar, üç sany ogul. $onçaragam gyz bar. Iñ tokarjamyz Mekdepden attestat getirjek $u ýyl..." Diñleýär, guwanýar. Ýene soraýar. Men bolsa dü$nüksiz ýygrylýan kem - kem. ...$eyle ajap adam bagta mätäçkä, Adam öz bagtyndan utanjak eken. Kerim Gurbannepesow
Utanç
-
sahett
12 years ago
...$eyle ajap adam bagta mätäçkä,
adam öz bagtyndan utanjak eken.
hak aýdypdyr...
-
yashuly35
12 years ago
- hazeley, minetdar yetirenine
-
akylym1989
12 years ago
- meniñem halaýan goshgularymyñ biri .+
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
12 years ago
- gowy
URGENCLI 12 years ago- ing gowy goryan goshgularymyn biri