Penşenbe güni Pakistanyň Karaçi şäheriniň eteginde janyndan geçen bir hüjümçiniň uly bir ýük maşyna ýerleşdirilen bombany partlatmagy netijesinde azyndan 2 esger ölüp, 19 esger ýaralandy. Bu partlama howpsuzlyk güýçleriniň esgerleriniň ýaşaýan komplekstiniň öňünde amala aşyryldy. Howpsuzlyk toparynyň metbugat sekretary bu wakada üsti partlaýyjy maddaly maşynyň harbylaryň ýaşaýan ýaşaýyş kompleksiniň howlusyna girmäge synanyşandygyny aýdýar.Onuň aýtmagyna görä, bu wakada janyndan geçen hüjümçä maşyny howlynyň içine girizmek başartmandyr. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr. cesme:www.azathabar.com
Karacidaki uly partlama
-
Ayyuzli
12 years ago
- jaynyndan gecen bolsa, oz janyndan bashga-da biguna ynsanlaryn hem janyny alyp gitmek hokmanmyka?!
-
Yegen
12 years ago
- Alla saklasyn! Beydip bigunan ganyna galyp olmek namartlyk bolyar, barjak yeri dowzahdyr.
-
Yegen
12 years ago
- Alla saklasyn! Beydip bigunan ganyna galyp olmek namartlyk bolyar, barjak yeri dowzahdyr.
-
wulkan
12 years ago
- Smertnikler imanlysyran bolyalar, aslynda olarda iman yok!
Makintos 12 years ago- ay ola bolmandyr