1894-nji ýylyň mart aýynyň 15-ne Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda düýä inýär. Ol 10 ýaşlaryndan mekdebe gatnap ugraýar. Oba mekdebinden soň ol Tejen, Kaka, Gorjow, Buhara medreselerinde okuwyny dowam etdirýär. Okuwa ähli düýrmegi bilen topulyp, bu ugurda uly erjellik görkezýär. Gelejekki ýazyjyda ýaşlykdan çeper edebiýata uly höwes döreýär. Ol türkmen halk döredijiligini, klassyk edebiýaty,Gündogaryň Nyzamy, Jamy, Nowaýy ýaly uly söz ussatlarynyň eserlerini içgin öwrenýär. Aç towugyň däne agtaryşy ýaly, ol elmydama kitap, eser gözleginde bolýar. Onda çeper eserler döretmäge höwes döreýär. Sowet döwrüniň türkmen edebiýatynyň ilkinji kerpijini goýujylaryň biri bolan B.Kerbabaýew poeziýa žanrynda döredijilik işine girişdi. Onuň “Iç ýene-de, ur ýene” atly ilkinji satirik goşgusy 1923-nji ýylda “Türkmenistan” gazetinde peýda bolýar. Berdi Kerbabaýew ýigriminji ýyllaryň ortalaryndan başlap, proza, drama kysymlarynda-da öz güýjüni synap görýär. Ol “Obada bolan waka” (1926) diýen saldamly hekaýasyny döretýär. Tirýekkeşligiň ynsany sandan çykaryşyny, ruhy hem fiziki taýdan goýduk edişini açyp görkezýän “Tirýekkeş we tebip” (1927) atly pýesasyny ýazýar. Ol ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda “Hüşgärlik”, “Saňa ýaran maňa-da ýaran”, “Akylyna aýlandy”, “Açlyk” hekaýalaryny, “Garşa guda” (1928), “1916-njy ýyl” powestlerini ýazýar. Ol elli töweregi eseri türkmen diline terjime etdi. Olaryň arasynda L.Tolstoýyň “Hajymyrat” powesti, M.Gorkiniň “Ene”,M.Şolohowyň “Göterilen tarp”, E.L.Woýniçiň “Gögeýin” romanlary ýaly eserleri bar. Berdi Kerbabaýew Watançylyk urşy döwründe şol wagtyň wakalaryna degişli ençeme goşgusyny, “Watana söýgi”, “Kim kimi söýýär”, “Doganlar”ýaly pýesalaryny, “Gurban Durdy” powestini, “Komissar Geldiýew”,“Watan gyzlaryna” oçerklerini, “Aýallar” poemalaryny ýazyp okyjylara hödürledi. Berdi Kerbabaýewiň düýpli eserleriniň biri-de onuň “Nebitdag” (1957) romanydyr. “Nebitdag” romany rumyn, bolgar, wenger we başga-da birnäçe dillerde neşir edildi. Ýazyjynyň “Gaýgysyz Atabaýew” romanynda hem biziň milli edebiýatymyzda entek ýörelmedik ýoda saýlanylyp alynypdyr. Ýazyjynyň “Suw damjasy-altyn dänesi” atly romany-da öz döwrüde okyjylar tarapyndan gowy garşylandy. B.Kerbabaýew türkmen dramaturgiýasynyň ösmegin-de öýjenli goşant goşdy. Ol onlarça pýesanyň we birnäçe librettonyň awtorydyr. Dramaturgyň galamynyň aşagyndan çykan “Göterim”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Halk şahyry”, “Aýgytly ädim” ýaly pýesalary türkmen dramaturgiýasynyň şowly eserleri hasaplanylýar. Awtoryň “Batyr”,“Yhlasa-myrat”, “Çekişmän, bekişmez” ýaly eserleri bolsa, çagalaryň meşhur kitaplaryna öwrüldi. Ýazyjy çagalar üçin halk döredijiliginiň sýužetlerini täzeden işlemek bilen hem gyzykly eserler döretdi. Awtoryň “Jonnuk batyr”, “Kyrk ýalan”, “Japbaklar” ýaly eserleri munuň aýdyň mysalydyr. Öz döwrüde B.Kerbabaýewe Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at berildi. Ol iki gezek Döwlet baýraklaryna, Magtymguly adyndaky respublikan baýragyna we “Türkmenistan SSR-niň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly ada mynasyp boldy. Ol ençeme orden we medallar bilen sylaglandy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlandy. Ol magaryf ugrunda işleýär. Ol Tejen wolost magaryf bölüminiň inspektory, soňra onuň müdüri wezipesine bellenilýär. Soňabaka şol wolostyň ispolkomynyň başlygy wezipesinde işleýär. 1930-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolup işledi.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir