"TOYOTA" näsazlyk sebäpli, 7.5 million maşyny yzyna almakçy
Çarşenbe güni Ýaponiýanyň
“Toýota” kompaniýasy öz öndüren ýeňil maşynlarynda ýüze
çykarylan tehniki näsazlyk sebäpli
7.5 milliona golaý maşyny yzyna
alýandygyny mälim etdi.
Bu kompaniýanyň maglumatyna
görä, maşynlaryň elektrik sistemasyndaky tehniki näsazlyk
2005-nji ýyl bilen 2010-njy ýylyň
aralygynda öndürilen “Toýota” kysymly maşynlaryň käbir
görnüşlerinde ýüze çykarylypdyr.
Bu ýeňil maşynlaryň aglabasynyň
Birleşen Ştatlarda, Hytaýda we
Ýewropada satuwa
çykarylandygy aýdylýar. Şonça
maşynda näsazlygy düzetmek çäresiniň “Toýota” kompaniýasy
üçin näçe çykdaja durjakdygy barada anyk maglumat
berilmeýär.
garaz öýde toýota bar bolsa yzyna ugradybermeli arkaýyn:-)
çeşme: www.azathabar.com
" toýota " упровляй мечьтой
-
hazeleye
12 years ago
- yzyna alman şol ýerlerdäki ýerli serwislerde bejerip bolanokmyka?
-
hazeleye
12 years ago
- menem toýotamy yzyna bermeli boljak öýdýän
:D
-
makgush
12 years ago
menem toýotamy yzyna bermeli boljak öýdýän
:-) diñe 2005-2010 aralygyndakylary alýar öýdýän
hazeleye | 2012-10-10 21:55:40
-
hazeleye
12 years ago
- wi şeýlemi ýa, onda bolýa-la. meňki 2012 :D
-
magnit
12 years ago
- naili markany alyaka :D
-
Yegen
12 years ago
- Ony yzyna yaponiya ertip tabshyryncan toyotan 3 esse puly cykaymasa..
-
Yegen
12 years ago
- Turkmenlermiz yurda gelen toyotany tazeden ishlap cykaryalara, zawodskoy yaly edip. Hali gorsen sho yalnyshy tapanam bizinkilerdir
-
Yegen
12 years ago
- Hany onki owguli,
Wolga, niwa, jiguli?
Olar modadan gacdy,
Toyotalar soyguli!
Surjekmi, toyota sur,
Pulun barmy shondan ur.
Ors mashyny kule zyn,
Gorguliklay duranbyr..
-
Makintos
12 years ago
- menem bermeli bolayarmykamayt walla ?
makgush 12 years ago- Wi bagyşlarysyñyzda ýokarda temañ ady ýalñyş gidipdir управляй мечтой bolmaly :-):-)