Adam beýnisiniň ägirt ulu güýje eýe bolup, “baky juwanlygy” saklamaga ukyplydygyna soňky geçirilen ylmy barlaglar güwä geçýär. Bu barada Londan gazedi “Deýli telegraf” habar berýär. Amerikanyň Çikago /Illinoýs ştaty uniwersitetiniň alymlary belli-belli şertlerde, sagdyn durmuş obrazyny hem goşanyňda 70 ýaşdan ýokarda­ky adamlaryň 30 ýaşlylara garanyňda has tiz oýlanmaga we ýatda sakla­maga ukyplydygyny anykladylar. “Biz heniz täze - täze oslanmadyk sowgatlary getirýän beýniniň işiniň aý­ratynlyklaryna akyl ýetirip bilmeýäris” diýip, barlagyň ýolbaşçysy Emili Rogalskiý belläp geçdi.Ol işdeşleri bilen birlikde üç ölçegli düzgünde şe­kile alýan öňde baryjy tilsimatlary ulanyp geçiren birnäçe synaglarynyň dowamynda, beýniniň garrylyk prosesine garşy durup bilmek ukybyna eýedigi barada netije çykardy.Onuň üstesine-de haçanda intellektul işe sebäp bolýan birnäçe wajyp ugurlar, işjeň ösüşini dowam etdirýärkä,onuň kämillige tarap prosesi kesilmeýär. Şu barlagyň awtorlary köp halatlarda gartaşan adamlaryň beýnisiniň 30 ýaşlylaryňka garanyňda has netijeli we ýalňyşsyz işlemäge ukyply diýip,teswirleýärler. Häzirlikçe alymlar beýniniň “baky juwanlygyny” hut nämäniň üpjün ed­ýändigi barasyndaky sowala gutarnykly jogap berip bilenoklar.Emma olar munuň ep-esli derejede nesle, genleriň utgaşma aýratynlygyna,sagdyn durmuş obrazyna we işjeň herekete baglydygyna ynanýarlar.

Köneler, sahett tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir