Kitap adamyň fiziki hem-de ruhy saglygy üçin peýdalydyr. “Internet” döwründe uzak wagtyň dowamynda ep-esli ünsüňi jemlemegi talap edýän romanlary okamak saglyga peýdalydyr. Newrologlar kitap okamagyň çagalaryň we ulularyň ünsüni bir ýere jemleýändigini, şeýle hem sagdyn pikirlenmek ukybyny artdyrýandygyny tassyklaýarlar. Her bir kyssanyň başlangyjy, ortasy we soňy bolup, bu gurluş adam aňyny yzygiderli oýlanmaga höweslendirýär, şeýle hem onuň sebäbini, neti jesini we manysyny biri-birine baglanyşdyrmaga ýardam berýär. Bu endigi heniz düýpgöter ýaş wagtyň öwrenilmegi zerurdyr, çünki şu ýaşda beýni has çeýe bolýar. Şol sebäpli hem ene-atalar çagalaryna irki çagalyk döwürlerinde olara kitap okap bermelidirler.Okamak garaýyşlaryňy we düşünjeleriňi baýlaşdyrmaga, medeniýete üns bermek duýgusyny kämilleşdirmäge we başgalara duýgudaşlyk bildirmäge ýardam berýär.Maçigan uniwersitetiniň barlag geçirijileri şunuň ýaly netijä geldiler. Olar adamlaryň arasynda duýgudaşlygyň derejesiniň soňky 10 ýylyň içinde 48 göterim pese düşendigini anykladylar.Hut okamazlyk hem muňa az derejede sebäp bolmandyr.Çagalary okamaga höweslendirmek şeýle meýle we ymtylyşa garşy hereket edýär.Gyzykly kitap beýnidäki dürli oýlary durlaýar. Şeýle hem adam gowy kitap okanda daş-töwereginde bolup geçýän wakalara gowy akyl ýetirýär. Şol wagt hamala şeýle waka hakykatda bolup geçen ýaly beýni işleýär. Häzirki wagtda täze usullar munuň hakykatdan-da şeýledigini subut etmäge doly mümkinçilik berdi.
Gowy kitap saglygy berkidýär
-
hazeleye
12 years ago
- dogrudanam, çagalara okamany öwretmeli, özüňem olara nusga bolmaly. görülmese-de gün uzak açyk duran telewizorly öýlerde çagalar kitap okamany öwrenýändir öýdemak menä
-
URGENCLI
12 years ago
- Gowy tema
akylym1989 12 years ago- gatlak-gatlak gatlama,
her gaty bir ýatlama... sag boluñ awtor