Pikirlerden bashym herýana urup, Seni öwsüp geçen ýelden soradym. Geljegimi shum täleýe tabshyryp, Ýaz açylan gunça-gülden soradym. Kä gijeler, käte dañym atyryp, Geçmishimi yzarlaýan oturyp, Her geçeni nazarymdan ötürip, Seni ýakyn-alys ýoldan soradym. Kemsinmekden ejiz göwnüm elenýär, Ýalñyz ýürek paralanýar, dilinýär, Durmushym sowady, gitme, dolan, ýar?! Waspyñy ýetiren dilden soradym. Dag ýykyldy boýy ýeten çynara, Kuwwatym ýok bu hasrata çydara, Soraglap ýüz tutdum ýagysha, ga:ra, Dagdan, düzden, ymgyr çölden soradym.

Köneler, Friendship tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir