haj möwsümi döwründe dünýäniň ähli künjeginden millionlarça adamlar haj parzyny ýerine ýetirmek üçin mukaddes käbä gelýärler. dünýäde gurlan ilkinji öý we ilkinji ybadathana diýlip kabul edilýän käbe iň irki ýerleşiş merkezidir. asyrlardan bäri gelip geçen ähli pygamberleriň togap etmek üçin zyýarata gelen beýtullaha (allanyň öýi), ilkinji gezek hezreti ysmaýyl örtgi bilen bezäpdir. käbä asylýan örtügiň örülmegi üçin gurlan fabrikde ýylda diňe bir sany örtgi dokalýar. 670 kg. arassa ýüpekden dokalýan örtgüsine çekilýän aýatlaryň keşde ýüplügine 720 kg. boýag goşulýar. mekge şäherindäki masnaat-ul kiswede (örtgi fabriginde) 70 sany işçi bahasy 5 million amerikan dollaryna barabar bolan bu örtgini dokaýar. beýikligi 13, giňligi 11 metr bolan daşdan ýasalan käbä asylýan örtük 16 bölekden we gapysyna asylýan örtük bolsa 5 bölekden ybaratdyr. bularyň taýýar bolmagy üçin 1 ýyl wagt gerek. örülip gutarylan örtgi hezreti muhammediň buýrugy bi¬len käbäniň açaryny saklaýan pygaramberimiziň taýpasy bolan kureýş taýpasynyň şeýbi golunyň iň ýaşulysyna berilýär. altyn keşdeli aýatlar örtgä çekilýän keşdeli aýatlar hem-de nagyş üçin 120 kg. altyn we kümüş ulanylýar. käbäniň daşky örtgüsine salynýan keşdeler güberçek şeklinde bolup, altyn we kümüş goşulan ýüplüklerden örülýär. beýle edilmegi harplaryň uzakdan has aýdyň okalmagyny üpjün edýär. örtgi arafat güni çalşyrylar beýtullanyň daşky örtgüsi ýylda bir gezek çalşyrylýar. haj möwsüminde onuň gyralary ýygnalyp, arafa güni örtginiň çalşyrylmagy bilen ýerinden çykarylýar. gurban baýramynyň arafasynda zyýaratçylar arafat dagyna gidenlerinde, çalşyrylmagyny diňe ýerli halk görüp bilýär. ep-esli adamyň kömegi bilen çalşyrylýan bu örtgüsi çalşyrylýan käbäni arafatdan gelenlerinden soňra zyýaratçylar görüp bilerler. käbäniň ýaşyl reňkli içki örtgüsi bolsa 20 ýylda bir gezek çalşyrylýar. käbe muzeýi käbe örtgüsi fabrigine degip duran bu muzeýde, käbä degişli köne örtgüler, açarlar, gapylar, sütünler, ternawlar hem-de suratlar sergä çykarylýar. dünýäniň çar künjeginden gelen zyýaratçylary kabul edýän käbe muzeýi örän ykjam goralýar.
Käbe we onuň altyn keşdeli örtgüsi
-
Broker
12 years ago
- ine shu tayda shu mowzugyn suratlysy hem bar
-
Broker
12 years ago
- bu işi
bende, sen bet işe batyrlyk etme,
aldyňda goýarlar ol gün bu işi!
nebse uýma, şeýtan raýyna gitme,
hajalata goýar, bilgin bu işi!
nebsiň aýdar: “urgun bu bir hözirdir!”
janyň aýdar: “haý, dur, taňry häzirdir!”
sen görmeseň, ol-ha saňa nazyrdyr,
utangyn, eýmengin, goýgun bu işi!
bir ýolda güňä bar, bir ýolda sowap,
arasatda senden istärler jowap,
halala hasap biýr harama-azap,
şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi!
ömrüň geçip bargan ýazdyr bir sagat,
ne bolar, bu ýazda eýleseň tagat,
sowaba şatlyk bar, jürme – hyjalat,
boýnuňa almagyn, gelgin, bu işi!
başyň göge, göwsüň ýele göterme,
köňlüňe gorkyny çala getirme,
ýürekde ýok sözü tile getirme,
yhals gulagyna çalgyn bu işi!
mysapyr sen, mukym işin gurar sen,
bibaka dünýäde niçe durar sen,
munda ne iş etseň, anda görer sen,
ýagşydyr, ýamandyr ol gün bu işi!
şeýtan aýdar: “şirin işdir, azagoý!”
rahman aýdar: “nebs umydyn üzegoý!”
magtymguly: “tur, goluňny köze goý,
eger dözebilseň, kylgyn bu işi!”
-
sahett
12 years ago
- tañryýalkasyn derekli mowzugyña
-
globus
12 years ago
- "broker"agza senä tüýs yerinde gelishdirip getiripsiñ
-
makgush
12 years ago
- Sagbol awtor.
Bizede nesip etsedi şol ýerlerde ybadat edip, haj parzyny berjaý etmek.
hazeleye 12 years ago- sag bol ýetireniňe, gowy maglumatlar. men mundan ozal onuň örtügi mata dälde, diwaryň özi boýalanmyka diýýädim.