Mukaddes dinimizde we mukaddes kitabymyz Gurhany kerimde, ene-atany , has hem enäni sylamak barada köp tabşyrgylar bar. Şol tabşyrgylar , ene-atanyň, aýratyn hem, enäniň, perzentleriniň boýnunda uly haky bardygyny mälim edýändir. Beýik Pygamberimiz Hz Muhammediň(s.a.w) şerigatynda , ene-ata hakda , aýratyn-em ene hakda köp zatlar tabşyrylypdyr.Olary sylamak, olara ýardam etmek, gepine gulag asmak we .... Günlerde bir gün, bir adam, Pygamberiň ýanyna gelip “Ýa Resulalla, men kime yhsan (ýagşylyk) edeýin” diýip soraýar. Resulalla, oňa eneňe diýip jogap beripdir.Ol adam, ýenede “Soňra kime yhsan edeýin” diýip sorapdyr. Pygamber(s.a.w) , ýenede eneňe diýip jogap beripdir. Ýaňky adam, soňra kime yhsan edeýin diýip sorapdyr. Pygamber ýene oňa “Eneňe yhsan et, soňra ataňa yhsan et” diýip jogap beripdir. Ine şeýle açyk tabşyryk barka, oňa diňe amal etmek düşýär.Gurhany kerimde hem “Ene-ataňa ýagşylyk et” diýýän ýörite aýat bar. Ene-ata ýagşylyk etmek, Taňrynyň buýrugydyr.Ene-atanyň, aýratyn hem, enäniň, balasyna edýän gullugy aýratyndyr.Ene, hem-ä balasyna gulluk edýär hemde ynsan köpçüligine gulluk edýär .Ene, bir eli bilen sallançagy üreýär, beýleki bir eli bilen ynsan köpçüligini üreýär we şunluk bilen ikisini-de düzedýär.Şeýle bir enä , näme ýaraşar? Jogaby “Behişt”. Hz Muhammed (s.a.w), ene waspynda şeýle aýdypdyr : “Jennet eneleriň dabanynyň aşagyndayr”. Enäň orny uludyr Oň asmanda şany bar Jennetde bolsa jaýy Tä dünýä bar ,sany bar Enäniň waspynda näçe aýtsaň , ýene azdyr. Ýaşaýşyň delili janym enemdir Damarda aýlanýan ganym enemdir Ýürek ýurdumda,köňül köşgümde Höküm sürýän beýik hanym enemdir Saýtda okajak bolsaňyz linki şu: http://turkmen.irib.ir/din/musulman-zenan/item/4824-jennet-eneleriň-dabanynyň-aşagyndayr şu ýerde

Köneler, turkmenradiosy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir