nuksana gelgeý musulmanlar gylyç goysa bir-bire, döwlet dönüp dinler nuksana gelgey. zulm eylap bir-birin kylsa yesire, pelek bu pikirden puşmana gelgey. bir-birin çapmak ermes arlikden, bu iş şeytandandyr, belki, körlükden; agzalalyk ayrar ili dirlikden, mundag döwlet dönüp, duşmana gelgey. görelde yok boldy, bir hesip galdy, yaman yalawlandy, yol kesip galdy, şerigat hiç boldy, bir täsip galdy; zamananyn zowky şeytana gelgey. dinle, mesgen tutan kişi çöllerde, tasaddyk kemelse ulug illerde, halk üstüne agram düşüp yyllarda, hastalyk köpelip, kast jana gelgey. musulman sen, habar algyn zülaldan, gaçawer haramdan, isle halaldan ! tabagyn kiçeldip, daşyn ulaldan, berekedi göçüp, asmana gelgey. sözümi dinlese bir bilen belke, myradym-nesihat etmekdir halka. kazysy anlamaz, begi pis ülke- yagyn yagmay, yerler lerzana gelgey. şere şöhrat bermek-şeytanyn yary, gahryny yuwtmakdyr-Rahmanyn kari, köpelse her ilin seri-soltaby, nyzamlar bozulyp, weyrana gelgey. perwerdegar özi pakyra pena, ol pakyr kim bolsa tilinde sena, kaysy welayatda köpelse zyna, zemin jünbüş eylap, armana gelgey. Magtymguly, dursam sözüm saçmaga, anlamazlar, yüz tutarlar gaçmaga. her il dessur etse şerap içmage, ol yuwurtda tawan durmana gelgey.

Köneler, Kuraldyshy tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir