Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk obasynda ýerleşýän çagalar bagynda çagalaryň arasynda trahoma keseli köpçülikleýin ýüze çykaryldy. Trahoma keseliniň sanitariýa kadalarynyň bozulan ýerlerinde juda köp ýaýraýandygy mälimdir. Epidemiki häsiýete eýe bolan bu kesel häzir diňe bir çagalaryň däl, eýsem ulularyň arasynda-da duş gelip başlady. Geçen ýyl Lebap welaýatynyň obalaryna köpçülikleýin ýaýran trahoma häzir Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyna ýaýrady. Bu kesel bilen paýtagtyň ýaşaýjylarynyň hem keselleýänlerine duş gelinýär. Trahoma keseliniň ýaýramagy bilen bagly resmi hiç zat aýdylmaýar. Lukmanlar tarapyndan bu kesel barada maglumatlar, onuň bejerilişi barada rekomendasiýalar hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde agzalmaýar.
Çagalar baglarynda trahoma keseli
-
Hayranmen
12 years ago
- Cheshme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/257
-
globus
12 years ago
- Derrev öñüni aljak bolmaly. Hayranmen bilyän bolsañ kesel barada maglumat ber
-
akylym1989
12 years ago
- gynandyrýan waka .
il saglygy yurt baýlygy .
-
pida
12 years ago
- Dünyada 80 milyon kişide aktif Trahoma bardır. trahoma kichijik bir parazit Chlamydia trachomatis bakteriyasi, bu hapalykdan, arassalanmadyk suvdan peyda bolyar.Trahom, göz, burun ya-da boğaz yollarına gechip biler.
-
lukmantm
12 years ago
- Cagalar bizin gelejegimizdir
Hayranmen 12 years ago- Cheshme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/257