Fransuz dili mugallymy fransuz dilindäki ähli jyns atlaryň, iňlisçeden üýtgeşik bir kada bilen grammatiki taýdan masculin (mužskoý) we féminin (ženskiý) bolup ikä bölünýändiklerini düşündirýärdi. Mysal üçin, "öý" "la maison” ýagny žensiý, “galam” "le crayon" ýagny mužskoý roddy. Geň galan okuwçylaryň biri sorady: "Kompýuter haýsy rod?" mugallymy muny bilenokdy we sözlükdenem tapmady. Şonuň üçin olaryň biraz güýmenmegi üçin klasy oglanlar we gyzlara böldi we kompýuteriň haýsy roda degişlidigini hakyndaky karara gelmeklerini tabşyrdy.Her topar öz kararlaryny goldaýan 4 sebäp görkezmelidi. Oglanlar topary kompýuteriň hökmany suratda ženskiý rod bolmalydygyny aýtdylar. Sebäpler: 1. Beýnilerindäki logikany döredenlerden başga düşünýän ýokdy. 2. öz jynslary bilen, ýagny beýleki kompýuterler bilen aralarynda dialog bolanda, özlerinden başgalaryň düşünmegi mümkin däldi 3.Iň kiçijik ýalňyşlyklary hem soň gerek bolar diýip ýatlarynda saklaýardylar. 4.Birini aldym diýen wagtyňyz! ýene onuň aksessuarlary üçin aýlygyň ýarysyny harjamalydy. Gyzlar topary bolsa tersini aýdýardy. Kompýuter mužskoý rod bolmalydy ýagny “le computer"... Sebäpleri aşakdakylardy: 1. Olaryň bir zat etmegini isläniňizde düwmä basmalydy (turn-on). 2. Bir topar maglumata eýe bolmaklaryna seretmezden öz-özlerine düşünmeýärdiler 3. Bar bolmagynyň sebäbi problema çözmek bolmagyna seretmezden, özleri problema çykarýardylar. 4. Islendik birine eýe bolanyňyzda, azajyk garaşsaň has gowusyny edinip boljakdygyna akyl ýetirýärdiňiz. :)))))))))))))))))

Köneler, hazeleye tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir