Bilbilem, ahy-zar çekip, Täze gülzardan aýryldym. Gözden ganly ýashym döküp, Söwdügim ýardan aýryldym. Ýara ýarashar sürmeçe, Sypatyn söýlärem ençe, Agzy sheker, lebi gunça, Zülpi garadan aýryldym. Shirin janda ýokdur takat, Jebri onuñ jana rahat, Gashlary pitneýi-apat, Çeshmi hunhordan aýryldym. Aýryldym gunça-gülümden, Syýa saçy sünbülimden, Hosh owazly bilbilimden, Shirin güftardan aýryldym. Däli köñlüm arzymany, Külli gözelleriñ hany, Sekiz jennetiñ bossany, Bakjaly bardan aýryldym. Illeri bar deñli-deñli, Sowuk suwly, ter öleñli, Ili - gökleñ, ady - Meñli, Näzli dildardan aýryldym. Magtymguly, ashyk messan, Bagladym shanyna dessan, Menzilgähi bag-u bossan, Almaly nardan aýryldym. MAGTYMGULY PYRAGY
Ayryldym
-
wulkan
12 years ago
- Hawa. Hakyky goshgy, pyragyn yshgy.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Shu goshgynyñ gazetde seljermesini okapdym. Yagny, pyragy meñlä öylenipdir, yöne meñli köp wagt gechmänkä kesellap yogalan bolmagy mümkin-yaly täze pikirler bardy. Gazedi yitiripdirinda, yogsama yazardym. Sagbol sapa.
-
Friendship
12 years ago
- shu barada menem edil sheylerak eshitdim, bayramsoltan!
lukmantm 12 years ago- Yna hakyky goshgy kop sagbol dost yenede yetirip dur