Aşgabatda birnäçe ýyllap propiskasyz ýaşap ýören paýtagtlylar üçin şu ýylyň sentýabryndan ýurduň hökümeti tarapyndan propiska ýol açyldy. Bu habar barada resmi maglumat berilmese-de, propiskasyz on, onbäş ýyllap kösençlik çekip ýören paýtagtlylar propiskasyny düzetmek üçin dokument baryny çöpläp, häkimlikleriň, dom uprawleniýeleriň agzynda giden nobaty emele getirdiler. Ýurduň beýleki welaýatlaryndan bolan raýatlary Aşgabada propiska etmeklige gadagançylyk Saparmyrat Nyýazowyň döwründe girizilipdi. Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolan ýyllarynda, ýurduň ykdysady krizisi başyndan geçirýän döwründe ýurduň beýleki welaýatlarynda ýaşaýşyň derejesi gaty gözgyny bolupdy. Şol sebäpden welaýatlardan san-sajaksyz adamlar paýtagta aňsat eklenjiň gözlegine gelýärdiler. Welaýatlardan paýtagta göçüp gelýän adamlara çäklendirme girizmek maksady bilen Aşgabada propiska bolmaklyk togtadyldy. Netijede paýtagtly ýaşaýjy welaýatyň ýaşaýjysy bilen durmuş guranda-da, öz ýanýoldaşyny Aşgabat propiskasyna girizmekden mahrum boldy. Aşgabat propiskasynyň ýoklugy sebäpli, welaýatdan gelenler iş tapmakda juda kösençlik çekýärdiler. Hususan-da, aşgabatly gyza öýlenen prowinsial ýigitler. Eger-de paýtagtly ýigide durmuşa çykan prowinsial gyzlar işe durmak üçin özleriniň nika hatyny görkezende, käbir edaralar eglişige gidýän bolsalar, prowinsial ýigitler babatda hiç hili eglişik bolanokdy. Indi welaýatlardan gelip, paýtagtlylar bilen durmuş guran adamlar üçin propiska ýol açyldy. Aşgabatly gyza öýlenen prowinsial ýigitler hem indi paýtagta propiska bolup bilerler. Ýöne bu «hezillik» uzak dowam etmez. Propiska möwsümi 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Şondan soň paýtagtda propiska bolmaklyk näbelli möhlete çenli ýene-de gadagan ediler. chesme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/231

Köneler, mtsmts tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir