Aşgabat—Mary—Türkmenabat magistral ýoly agzalanda hemmeler ajy habara garaşýar. Sebäbi bu ýaramaz ýolda her gün diýen ýaly adam pidalaryna getirýän awtoheläkçilik ýüze çykýar. Paýtagtdan gündogara tarap uzaýan bu magistral ýol tä Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine çenli 800 kilometre çenli uzap gidýär. Awiabiletleriň elýeter bolmazlygy, demirýol ulaglarynda hem biletleriň ýetmezligi sebäpli, Aşgabat—Tejen, Aşgabat—Mary, Aşgabat—Türkmenabat aralygynda hususy awtoulaglarynda kireý edýänleriň hyzmatyndan köp raýatlar bialaç peýdalanmaly bolýarlar. Aşgabatdan 30 kilometre çenli bu magistral ýoluň hili juda gowy. Häzir bu ýol dünýä standartlaryna laýyklykda täzeden gurulýar. Emma ýol gurluşygyna heniz Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik edýän döwründe başlanandygyna garamazdan, gurluşygyň depgini juda haýal barýar. Magistral ýoluň Kaka etraby bilen Tejen etraby aralygynda 100 kilometre golaý ýoly juda ýaramaz. 100 kilometr ýolda sagatda 40 kilometr tizlikden ýokary awtoulagy sürmegiň gadagandygyny baradaky ýol znaklary goýlup çykylan. Bu ýollar 30-40 ýyl mundan öň gurlan. Magistral ýol diýlip atlandyrylýan bu ýollarda hatda ini boýunça üç maşyn ýerleşmeýär. Obgon etmek üçin garşydaş ýola çykmaly bolýar, ine şu hem betbagtçylykly awtoheläkçiligiň ýüze çykmagyna getirýär. Ýaňy-ýakynda bu ajal ýolunda has-da gynandyryjy awtoheläkçilik ýüz berdi. 11-nji awgustda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan Aşgabada gaýdan taksiniň içindäki ýolagçylaryň üçüsi taksiniň ýoldaky çukura girip gitmeginiň netijesinde Mary—Tejen ýolunda ýogaldy. Olaryň arasynda bolan—daşary ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň birine okuwa giren ogluna ýol puly alyp barýan, Hojambaz etrabynyň Mekan obasynyň ýaşaýjysy Aýna daýzanyň göwresini maşynyň aýnasy kesip, göwre ikä bölünipdir. Bu waka köpleri juda gynandyrdy. Awgust aýynyň başynda bolsa Atamyrat etrabynyň Awdal obasyndan etrap merkezine gatnaýan ýolagçy awtobusyna çarkandakly ýolda baryp uran ýeňil maşynyň ýanmagy bilen ýolagçy awtobusy ot alyp, onuň içindäkiler tutuşlygyna ýandy. Bu heläkçilikde ýekeje bäbek diri galdy. Şondan bäri Awdal obasynyň ýaşaýjylary üçin etrap merkezine gatnamaga ýolagçy awtobusy ýok. Şäherlik işi çykan ýolagçylar bäş manat berip takside gatnamaly bolýarlar. http://www.chrono-tm.org/tm/archives/216

Köneler, dtwsa tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir