Şu gün sentýabr aýynyň 1-i. Meşhur şahyrymyz, halypamyz, 20-nji asyr türkmen poeziýanyň kerwenbaşysy hasaplanýan Kerim Gurbannepesowyň aramyzdan gidenine şu gün 24 ýyl dolýar. Eger diri gezip ýören bolanlygynda, Kerim şahyr häzir 83 ýaşynda bolmalydy. Emma ajal şahyrymyzy 1988-nji ýylda, ol 59 ýaşyndaka, heniz «pygamber ýaşyny» hem ýaşamanka aramyzdan äkitdi. Aslynda, Kerim şahyr 80 ýaşamagy arzuw edýärdi. Bu barada ol özüniň «Kyrk» atly goşgusynda agzap geçipdi. Şu gün Kerim aganyň aradan çykan gününiň hatyrasyna şahyryň kärdeşi, belli şahyr zenanymyz, merhum şahyrymyz, ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarowyň (ýatan ýeri ýagty bolsun!) ýanýoldaşy Ogultäç Orazberdiýewanyň «Garagum» žurnalynda neşir edilen ýatlamasyny siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildim. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!!! Şahyryň ruhy bizden - öz nesillerinden, okyjylaryndan razy bolawersin!!! Kerim Gurbannepesowy ýatlap... Wagt diýeniň çalt geçýär. Ýap-ýaňydy, «Garagum» (ol wagtlar onuň ady «Sowet edebiýatydy») žurnalynyň elli ýyllyk ýubileýini bellemek üçin ber-başagaý bolup ýörşümiz. Ýap-ýaňydy, žurnalyň şol wagtky redaktory meşhur şahyr Kerim Gurbannepesowyň: — Žurnalyň ilkinji çykan sanyny tapyň! Arhiwleri dörüň, kitaphanalary elek edip çykyň. Tanyş-biliş adamlardan soraň. Şo döwürde işlän adamlaryň ýaşap ýöreni bardyr, belki, şolarda saklanyp galandyr — diýip, bizi gysaja salyp, herimizi bir gapa iberip, «Boş geläýmäň» diýip, berk sargaýan döwri. Näçe gözlesek-de, žurnalyň adybir sanyny-ha tapmadyk. Ýöne žurnala ilki oňa «Türkmenistan medeniýeti» soň «Şura edebiýaty» diýip at dakylandygyny arhiwden bildik. Garaz, şo žurnal dürli-dürli atlary göterip, 50 ýaşa ýetipdir. Ondan bäri otuz ýyl geçipdir. O döwürdäki žurnalyň işgärleriniň köpüsi dynç alyşda. Birnäçesi bolsa bu ýagty jahan bilen hoşlaşyp, bakyýete göç etdiler. Men ol döwürde žurnalyň kyssa bölüminiň müdiridim. Žurnalda bu bölüme «agyr artilleriýa» bölümi diýýärdiler. Žurnalyň ýubileý sanynda gutlag çykyşymam ýerleşdirilipdi. Meni TSSR Ýokary Sowetiniň «Hormat haty» bilenem sylaglapdylar. Mollenepes adyndaky drama teatrynda žurnalyň elli ýyllyk ýubileýi dabarasy geçirildi. Nähili bagtlydyk, hezillikdi! Ýaşdyk. Bu žurnal meniň üçinem mähriban, eziz. Egnimiň üstaşyry yza seredip, zähmet çeken, ýaşlyk ýyllarymy ýada salanymda, öňi bilen, «Garagum» žurnaly göz öňüme gelýär. Men bu žurnalda 1968-nji ýylyň 1-nji maýyndan işe girip, 1984-nji ýylyň fewral aýynda çenli işledim. Men žurnala işe gelenimde onuň redaktory türkmeniň atly ýazyjysy Beki Seýtäkowdy. 1973-nji ýylda bolsa Kerim Gurbannepesow redaktor bolup işe geldi. Bularyň ikisem uly şahslardy, ajaýyp adamlardy. Ikisem, bireýýäm dünýäden gaýdan adamlar. Olaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun! Kerim Gurbannepesowyň ajaýyp şahyrdygyny düşündirip oturmagyň geregi ýok. Ol türkmeniň ählisiniň öýüne, ýüregine giren adam. Özem wagtlaýynda däl-de, ymykly ornaşan şahyr. Türkmen halky Magtymguly, Mollanepes, Kerime, Seýdi... Kerim Gurbannepesow ýaly şahyrlarynyň bardygy üçin bagtlydyr, olara guwanmaga haklydyr. Men Kerim Gurbannepesowyň döredijiligi barada «Demir ýylgyryp bilermi?!» diýen makala-da ýazypdym. Ol makala «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilipdi. Bu ýazgymda onuň döredijiligi hakynda däl-de, redaktorlygy hakynda söz açmakçy. 1973-nji ýylyň tomsunyň başynda žurnala redaktor bolup ikinji gezek işe gelen Kerim Gurbannepesow öňem bu žurnalda redaktor bolan ekeni. Men bu dabarasy dag aşýan şahyr bilen işleşmeli boljakdygyma ilki ýaýdandym. Ýaýdanjymy adamym Berdinazar Hudaýnazarowa-da aýtdym. Ol: — Arkaýyn bol. Kerim arkalaşykly redaktordyr. Onuň bilen işleşmek kyn düşmez. Kerim sypaýydyr. Onuň «jykyr-jykyr» gülmesi nämä degmeýär — diýip, meniň tykyramamy terk etdirdi. Dogrudanam, bu şeýle bolup çykdy. Kerim Gurbannepesow bilen işleşen on ýyl gowrak wagtymy men iň manyly, iň şatlykly, çeper döredijilikde iň öndürijilikli ýyllarym hasaplaýaryn. Onuň bilen işleşmek ýeňildi. Biz redaksiýa toýa gelýän ýaly gelerdik. Kerim Gurbannepesow durşy bilen mähirden ýasalan ýalydy, nuranady. Ol redaksiýa geldigi redaksiýanyň howasy üýtgeýärdi. Onuň öz kabinetinde işläp oturmagy — işgärleriň göwrümini giňeldýärdi. Ol bolmasa, biz ýetimsireýärdik. Kerim Gurbannepesowa işde asgyn görünmekden gorkýardyk. Men-ä şeýledim. Gepiň gysgasy, arkamyzda dag bar ýalydy. Žurnalda işlän ýyllarym Gylyç Kulyýewiň, Ata Atajanowyň, Nargylyç Hojageldiýewiň we beýlekileriň romanlary, Beki Seýtäkowyň, Naryman Jumaýewiň, Gurbanýaz Daşgynowyň, Agageldi Allanazarowyň, Osman Ödäýewiň powestleri, goşgulary, hekaýalary žurnalda çap edildi. Žurnal türkmende eli galam tutýanlaryň güzeridi. Umyt bilen inip, oňa eňek basmadyk zehin ýokdur. Başgaça aýtsam, žurnal — professional ýazyjy-şahyrlaryň ussahanasy bolsa, ýaşlaryň tälim alýan mekdebidi. Redaksiýa yzyny üzmän gelýän golýazmalardan: «göwreli» papkalardan, petde-petde hatlardan gaýmagyny (bar bolsa) syryp-saýlap almalydy. Bagjygy bagjygyna ýetmän duran papkalary açarsyň, içinden gowy zat çyksa, bagtyň getirdigi, ony ahyryna çenli dem salymda okap çykarsyň. Edebi taýdan emelsiz eser çyksa welin, şol sahypalaryny sanap, itinip oturmalydyr. Žurnalyň hili redaksiýa gelýän edebi «harytlara» baglydy. Bellenen möhletde golýazmalar harmanyndan saýlap-seçip, çolpyňa ilen eserleri taraşlap-taraşlap, çekinip Kerim Gurbannepesowa gowşuraryň. Aradan birnäçe gün geçer. Ýaňky seniň «kemsiz edip goýberdim» diýen eserleriň yzyna gelýär. Gara ýazýan ruçka bilen «В набор» diýlip ýazylyp, gol çekilendir. Kerim Gurbannepesow çepbekeýdi. (Ýogsa-da ýaňy-ýakynda, çepbekeý adamlaryň zehinli bolýandygy barada telewizorda täsin gepleşik berdiler). Kerim şahyr ýuwaşjadan: — Ýene-de bir seredişdirip gör — diýer. Sen baş redaktoryň okap, gol çekip makullan golýazmasynyň sahypalaryny derrew agtaryşdyryp, öňi bilen, düzedişleri gözden geçirersiň. Ol bir sözleme ýekeje söz goşandyr. Ana, şol söz dartgynly sözlemi ýumşadyp, timarlap, başga bir röwüşe getirendir. Sen bolsa: «Şuny-da bilmändirin» diýip, eliňi maňlaýyňa dirärsiň. Beýleki bellikleri-de: «Şuny öňden özüm biläýmeli ekenim» diýdirer. Emma bilip bolýarmy? Bilmek üçin köp zat gerek. Kerim Gurbannepesowyňky ýaly daş ýarýan zehin gerek. Ol žurnalyň syýasy derejesinden başlap, grammatika derejesine çenli, hemmesiniň düzüw bolmagyny, sazlaşykly gitmegini isleýärdi. Bir gün redaktor: — Baryňyz ak kagyz bilen ruçka alyp meň kabinetime geliň — diýdi. Biz aňka-taňka bolduk. Aýdan zatlaryny alyp, kabinete bardyk. Ol bize diktant ýazdyrdy. Ep-esli ýazanymyzdan soň: — Grammatiki ýalňyşlary köp goýberýärsiňiz — diýdi. Soň jogapkär sekretarymyz Ata Söýünowa ýüzlenip: — Bir tekstde şol bir söz telim hili ýazylýar, bir dürli ýazylmaly. Indi orfografik ýalňyşyňyzam men düzetmelimi? Mazmuny yzarlap okap otyrkaň harp ýalňyşy gaty bökdeýär. Aýratynam, dar çekimli harplaryň düşüp-düşmezlik kadasynda ýalňyşy köp goýberýäňiz. Işgärler täzeden okasynlar, öwrensinler — diýdi. Ata Söýünow ýuwaşlyk bilen: — Käwagt gidäýýändir-dä. Indi gidermeris. Ägä bolarys — diýdi. Biziň barymyz redaktory käýindirmekden çekinýärdik. Kerim Gurbannepesow: — Nokadyna, tersoturyna çenli seretmeli — diýip, maňa ýüzlendi-de: — Hany, äber ýazan zadyňy — diýdi. Men «2-likçi» okuwçynyň mugallyma diktanty uzadyşy ýaly edip, uýala-gorka uzatdym. Ol birsalym seredip oturdy-da (şol sekuntlar, meniň üçin bir ýyla barabar boldy): — Ine, gördüňmi. Ýene ýalňyş. «Söýgini» diýen sözi, sen «söýgüni» diýip, ikinji bogny «ü» bilen ýazýarsyň. «Duýgusynda» ýazmaly. Sen bolsa «duýgysyny» diýip ýazýarsyň — diýdi. Meniň ýüzüm çapady ýaly gyzardy. Ol käbirlerimiziň dymyk sesleriň açyga öwrülmeginde ýalňyş goýberýändigimizi, käbiriniň dyngy belgileri goýmakda ýalňyşýandygyny deliller bilen ýüz görmän, ýüzümize aýtdy. Şodur-da şodur, haýsy sözüň nähili ýazylýandygyny bir-birimizden soramak endige öwrüldi. Ondan bäri ýigrimi bäş ýyldan köpräk wagt geçipdir. Emma talapkär redaktoryň gaşynda şol gyzaryp oturyşymyz entegem göz öňümden gidenok. Kerim Gurbannepesow ýumşaklyk, sypaýyçylyk bilen düşündirmegi gowy görýärdi. Ýöne onuň bu häsiýetlerine düşünmeýänlerem bardy, düşünse-de, düşünmediksireýänler bardy. Kerim Gurbannepesow mydama täzeligiň gözleginde, işi öňe itermegiň ugrunda gezýärdi. Ol bizdenem şony talap edýärdi. Bir depen ýeriňi depip durmagy halamaýardy. Täzeçilligiň bolsa bir gapdaly mydama töwekgelçilik bilen bagly. Ine, onsoň, hälki düşünse-de, düşünmedik bolýanlara bu taň zat bolýardy. Bir mysal. Harpygyň içinden ýaňy ýazyp başlan awtoryň gowy powesti elime ildi. Men muny derrew redaktora buşladym. Redaktor haýdan-haý okap gördi-de, jogapkär sekretary ýanyna çagyryp: — Žurnalyň nobatdaky sanyndan pylanyň eserini (ol eser çyksa-da bolýar, çykmasa-da bolýar diýilýän eserdi) aýyr-da, ýerine şu powesti ber — diýdi. Ol powest şol wagt Moskwanyň A.M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň talyby, zehinli ýigit Agageldi Allanazarowyň «Ýedi däne» diýen eseridi. Ýeri gelende aýtsam, Agageldiniň «Iner ýüki» hem «Gyratyň howalasy» diýen powestlerini-de hakyky edebi eserligi üçin žurnalda Kerim şahyr binobat çap etdi. Agageldi Allanazarowyň powestleriniň beýleki nobata garaşyp duran eserleriň «egninden basyp» öňe geçmegi käbir adamlara ýaramady. «Şolaryň nämesi artykmyş?!» diýen ýaly gürrüňler süýt çogan ýaly çogdy. Kerim Gurbannepesowyň zehine hemaýatkär bolmakdaky beýle töwekgelligi ony diýdimzor Merkezi Komitete (MK) çagyrtdy. «Gyratyň howalasy» diýlen eseri çap edip, näme, türkmeni ata çykarjak bolýarmysyňyz?» diýen ýaly soraglara Kerim şahyrdan düşündiriş talap etdiler... Muny ýatlamak bilen, Kerim şahyryň çyn zehine hemişe hemaýatkär bolandygyny hakykatyň hatyrasyna aýdasym gelýär. Ýöne bu oňa ýokarda aýdyşym ýaly, aňsat düşmeýärdi. Ol çyn zehin gabat gelse, oňa biparh bakmaýardy. «Hiç haçan zehine kast edmäň, zehine kast eden baýnamaz» diýip sargaýardy. Çünki, ol Hudaý tarapyn berlen öz zehininiň sesine gulak asýardy. Zehine bolan hamraklygy üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda onuň dostlary köpdi. Özgäniň şatlygynyň hatyrasyna öz rahatlygyny bozmaga ukyply bolanlygy üçin ol Kerim Gurbannepesowdy. 1974-nji ýylyň başynda, Kerim şahyr: — Žurnalyň 5-nji sanyny tutuşlygyna poeziýa bagyşlasak nähili görýärsiňiz? — diýdi. Men bada-bat öz bölümimiň arkasyny çalyp: — A kyssa näme? — diýdim. — 6-njy sanyny tutuşlygyna kyssa bagyşlarys — diýip, redaktor meni köşeşdirdi. Dogrusy, şol wagt «Meni tizräk okyja ýetirmeli» diýip duran gowy kyssa eseri-de ýokdy. — Gowy başlangyç-da, gowy başlangyç — diýip, beýleki işgärler tassykladylar. Şu ýerde gepimi azajyk başga ýana sowmaly bolýaryn. O wagtlar redaksiýamyz Kemine köçesindäki wagtlaýyn salnan «barak» jaýda ýerleşýärdi. Uzyn koridoryň bir gapysy demirgazyga — Kemine köçesine, beýleki gapysy bolsa günorta — ýaşaýyş jaýlaryna tarap açylýardy. Koridoryň iki gapdalynda-da redaksiýalar ýerleşýärdi. Howa sowukdy. Peçler ýakylmaýardy. Şonuň üçinem, redaksiýamyzyň ähli işgärleri (o wagtlar köpçülik däldik, işgärlerimiziň sany 10 adamdy) bir ýylyrak jaýda oturýardylar. Meniň özüm-ä şol ysly, sowuk jaýdan öň adyny eşitmedik «gaýmorit» diýen kesel alyp çykdym. Beýleki işgärlerem saglyga dawa edýän bir «ýadygärlik» aldylarmyka öýdýän. Indi taýýarlanmaly şygryýet sanynyň gürrüňine geçeýin. Bu işe Kerim Gurbannepesow turuwbaşdan uly hyjuw bilen ýapyşdy. Orkestriň beýleki sazandalaram (bu ýerde žurnalyň şol wagtky işgärleri hakynda gürrüň barýar) — sazlaryny hersi özüçe çalýardy. Ýöne Kerim Gurbannepesowyň dirižýorlyk taýajygyna seredýärdiler. Esasy agram Kerim Gurbannepesowa düşýärdi. Kimiň goşgusyny çap etmeli, kimiň şygyrýet anketasynyň soraglaryna jogap ýazdyrmaly, kime haýsy eseri terjime etdirmeli, kime ýatlama ýazdyrmaly... — bularyň hemmesine redaktor jogapkärdi. Şygyrýet bölüminiň müdiri Mämmet Seýidowa-da agram düşýärdi. Ýöne esasy ýük redaktoryň boýnundady. Iň gyzykly ýeri-de, şygyrýet anketasynyň jogaplaryny ýazan şahyr beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň «Ýadygärlik» goşgusynyň bir bendini, ýagny, dört setirini terjime etmelidi. «Şygyrýet anketasynda» ýörite şeýle sorag boldy. Kerim Gurbannepesow kime buýruk berip, kime ýüz tutup, haýyş edip, kimiň üstüne çapar ýollap, kim bilen telefonda üznüksiz jaňlaşyp, çöpleme çöplän ýaly edip, žurnalda çap bolmaly eserleri ýygnady. Ol makalalaryň sözbaşylaryna çenli üns berip, düzedip, gelşikli at goýup, baý, yhlas siňdird-ow! Pomma şahyr baradaky ýatlama makalanyň ady öň başgady. Kerim Gurbannepesow oňa «Pommaly günler» diýen sözbaşy bilen çalşyrdy. Bu juda jüpüne düşüpdi. Gepiň gerdişine görä aýtsam, men häzirki şu ýatlamamyň adyny şol makala eýerip goýýaryn. Men kyssa bölüminiň müdiri hökmünde çeträk-de bolsam-da, kilimiň bir ýan çetini tutmaly bolýardym. Aý, garaz, zähmet baryny siňdirip, ahyry žurnaly dikledik. «Poeziýa! Sen şu sanymyzyň soltany! Saňa söz berýäs. Sen hakda gürrüň edýäs» — diýip, Kerim Gurbannepesowyň «bissimyllasy» bilen poeziýa nomerini önümçilige iberdik. Žurnal ýalpyldap çykdy. Meniň pikirimçe, žurnalyň şol sany gaty üýtgeşik çykypdyr. Men şol sany häzirem gyzykly kitap okan ýaly okaýaryn hem saklaýaryn, aram-aram elime alýaryn. Şol žurnala «Şygyrýetden okuw kitaby» diýseňem boljak. Emma Kerim Gurbannepesowyň yhlas eden bu işinden «kemçilik gözleýjiler» gözleýän zatlaryny tapdylar. Gözleseň, näme tapylmaýar?! Şol žurnaly Ýazyjylar soýuzynyň ýygnagynda ara alyp «maslahatlaşdylar», gazetlere «replika» berdiler. Şeýdip, Kerim Gurbannepesowyň başlan sogap işine böwet basdylar. Onuň elini işden sowatdylar. Soňam Kerim Gurbannepesow: «Žurnalyň möçberini ulaltmaly, işgär sanyny artdyrmaly, žurnala täze at dakmaly» (žurnalyň şol wagtky ady «Sowet edebiýatydy») diýip, il bähbitli pikirlerini orta atyp başlady. Şonda men: — Öň žurnala berer ýaly gowy zat ýok. Möçberini artdyrsaň, näme berjek? — diýdim. Kerim Gurbannepesow birsalym, birhili, ynjyly seredip durdy-da: — «Новый мир», « Октябрь» žurnallarynda-da hemme çykarylýan zatlar «шедевр» (klassika) däldir. Beýle zatlar seýrek bolýar. Ýöne awtorlaryň zähmet çekip ýazan zatlary bölek-büçek däl-de, tutuş berilse gowy bolmazmy?! Belki, arasyndan aňrybaş eser çykar — diýip, jykyr-jykyr güldi. Aý, garaz, azap baryny siňdirip, barmasyz ýerlere baryp, görmesiz adamlary görüp, žurnalyň möçberini-de ulaltdy, işgär sanyny-da artdyrdy. Şondan başlabam redaksiýanyň şol wagtky kollektiwi dargamak bilen boldy. — «Žurnala degerli at tapalyň» diýibem höwes etdi. «Garagum» diýip bir gördük, «Köpetdag» diýip bir gördük, «Amyderýa» diýdik, «Görogly» diýdik. Birinde-de ünsümiz eglenmedi. Ahyrynda-da täze at tapyp bilmän öňküligine goýduk. Žurnala täze ady bizden soňkular dakdylar. Kerim Gurbannepesow soňky wagtlarda «Ýüregim» diýip köp agzaýardy, saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny ýaňzydýardy. Ol «Ýürek» poemasyny-da ýazypdy ahyry. Onda-da biz kän üns bermändiris. «Dokuzy düzüw bolup gezäýmek, aňsat däl, düzelişer gider-dä» diýen umytly pikire uýupdyrys. Kerim şahyr 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýogaldy. Maňa bu habary žurnalist Ikar Pasewýew telefonda aýtdy. Men trubkany elimde tutup durşuma möňňürip başlapdyryn. Adamym Berdinazar Hudaýnazarow Moskwadady. Olam bir zat syzan ýaly, ýarym sagat geçip-geçmänkä, öýe jaň etdi. O wagt günortan sagat bir töweregidi. Men oňa: — Ertir jaýlajakmyşlar — diýdim. — Bilet tapsam, ertir bararyn — diýip, Berdinazar trubkany goýdy. Berdinazaryň Kerim dostunyň guburyna bir pil gum atmak nesibesi bar ekeni. Kerim şahyr öwlüýä eltilende, ol hem ýetip geldi. Berdinazar Hudaýnazarow (ol hem merhum) bilen Kerim Gurbannepesow ýegre dostdy. Olar ýaşrakkalar köp tirkeşýärdiler. Kerim Gurbannepesow degşen bolup, hemem meni gabajak bolup: — Berdinazar, hälki söz beren gelinlerimiziň ýanyna-da gitmäge wagt boldy — diýip, tirsegi bilen Berdinazaryň böwrüne çalaja dürtüp goýbererdi. Elbetde, maňa ol wagtlar bu gürrüň hoş ýakanokdy. Men adamymyň diňe maňa seretmegini, meni söýmegini isleýärdim. Emma häzir welin: — Turuň ahyry, size halk garaşýar, gelinler, gyzlar garaşýar — diýip, näçe gygyrsam-da, ne ýerden, ne-de Berdinazar bilen Kerimden ses çykýar... Kerim Gurbannepesowyň «Ilden artyk bolmaly däl» diýen durnukly ýörelgesi bardy. Ol öz durmuşynda-da şeýle adamdy. Bir gün kabinetine girsem, ýüzi salyk otyr. Men sebäbini soradym. Ol: — Şu gün oglumyň doglan güni. (Ol bir oglunyň adyny tutdy welin, ýadymdan çykypdyr?) Emma ony edil şu günki gün harby gulluga alýarlar. Şoňa birazajyk bozuljak bolýan. Ertirem, birigünem bar ahyry — diýdi. Men: — Käbirler-ä ogluny harby gullukdan alybam galýar — diýdim. Ol: — Ýok, gullukdan galmak hakda gürrüňem etme. Il nähili bolsa, goý, ogullaram, şeýle bolsunlar. Men ýöne... — diýdi-de, sözüni soňlamady. Hawa, Kerim Gurbannepesow baradaky söze-de soňlanma ýokdur, ol hakda entek kän aýdylar. Ogultäç Orazberdiýewa, şahyr Çeşme: «Garagum» žurnaly, 2009-njy ýylyň 8-nji sany, 95-nji sahypa.
Kerim Gurbannepesowy ýatlap...
-
mirasymyz
12 years ago
- Kerim aga hakdaky yatlamany okadygyncha okasyn gelyar. Sawyer sag bol dost ussady yatlanyn uchin. Gurbannyyaz Dashgynyn "Shirin tilli ussadym"-yny gulluk dowrum hezil edip okandyryn. Shu yatlamadaky kabir Sowet edebiyaty zhurnaly bilen bagly zatlar ol yerdede agzalyar.
Sawyer dost. Bucha bolanyna gora Kerim aga hakda bir yatlama goshgam yelmemeli ekenin.
-
sawyer
12 years ago
Sawyer dost. Bucha bolanyna gora Kerim aga hakda bir yatlama goshgam yelmemeli ekenin.
mirasymyz | 2012-09-01 05:51:53
Şahyr berdinazar hudaýnazarowyň kerim aga barada ýatlama bir goşgysy bardy. edil häzir ýadymda däl. belki, 1merdan bilýändir.
onsoňam, men bir başyny başlasam, galanyny hem siz alyp göteriň-dä, dostlar!!!
-
sawyer
12 years ago
Gurbannyyaz Dashgynyn "Shirin tilli ussadym"-yny gulluk dowrum hezil edip okandyryn.
Menem okapdym şol kitaby. Biçak gyzykly kitap. Içinde gowy suratlaram bar. (elektron görnüşe geçirip bolsa-ha, tapylgysyz hazyna bolardy ol...)
-
1merdan
12 years ago
- özem şol kitap ünüs beren bolsaňyz heniz Kerim aga diri wagty ýazylan öýtýän oglanlar
-
1merdan
12 years ago
- sawyer dost şahyry ýatlanyňa köp köp sag bol, wulkan aga bu hakda has köp zat bilýärdi(şahyryň agtygy bilen dost öýtýän) çagyryp bilsem çagyrjak bolaryn bu tema.
-
sawyer
12 years ago
özem şol kitap ünüs beren bolsaňyz heniz Kerim aga diri wagty ýazylan öýtýän oglanlar
1merdan | 2012-09-01 06:04:48
Ýok, merdan dost, bu kitap 1997-nji ýylda ýazylýar. kitabyň awtory kerim aganyň şägirdi gurbanýaz daşgynow. gurbanýaz aga-da geçen ýyl aradan çykdy öýdýän.
-
sawyer
12 years ago
sawyer dost şahyry ýatlanyňa köp köp sag bol, wulkan aga bu hakda has köp zat bilýärdi(şahyryň agtygy bilen dost öýtýän) çagyryp bilsem çagyrjak bolaryn bu tema.
1merdan | 2012-09-01 06:07:29
çagyrsaňyz, gowy bolardy. kerim aganyň iň uly ogly Nazar häzir mugallym bolup gökdepede işleýär diýiip eşidipdim. ýalňyşmasam, geografiýa mugallymy öýdýän.
-
1merdan
12 years ago
Ýok, merdan dost, bu kitap 1997-nji ýylda ýazylýar. kitabyň awtory kerim aganyň şägirdi gurbanýaz daşgynow. gurbanýaz aga-da geçen ýyl aradan çykdy öýdýän.
sawyer | 2012-09-01 06:15:32
hää onda şeýle at bilen Daşgyn agaň neberesi makala ýazan bolmagy ahmal, diri wagty, gepiň gysgasy bir ýatlamasynda okadym Kerim aga şol hakda aýdan eken...
-
1merdan
12 years ago
Şahyr berdinazar hudaýnazarowyň kerim aga barada ýatlama bir goşgysy bardy. edil häzir ýadymda däl. belki, 1merdan bilýändir.
Uzaklarda galdy, gardaş, çagalyk,
Ýaşlygym ýaltaklap açýar arany,
Eýýäm saç seýräkläp agaryp barýar.
Düýn dälmidi murtymyzyň tabany?!
Garrylykdan gorkanlaram bolypdyr.
Biz ikimiz başga zatdan eýmendik.
Ata ornun bize tabşyrdy takdyr,
A biz bolsa ... on dört ýaşly oglandyk.
Indi sen göz aýlap öz gapdalyňda
Goşgyňy okaýan ogluňa bakan.
Geň bir duýgu bilen pyşyrdaýarsyň:
"Dogurdanam, on dört ýaşaýdymmykan?"
Goşguly gazaeti alýarda ogluň,
Eňýär ejesiniň ýanyna bakan.
Ýylgyrýaňda, pikir edýäň "oglanlar
On dört ýaşda şeýle bolmalymykan?"
Birden harby harasadyň içinde,
Oglanlygmyz bakýar biz taýa bakan.
Şonda baş ýaýkaýas:on dört ýaşdakak,
Biz nädip boldykkak beýle ullakan?!
Özündenem körpe jigisi bolanda,
Ony ilki gabanýandyr çagajyk.
Bizem on dört ýaşly ogla syn edip,
Hem buýsanýas, hem kemsinýäs azajyk.
-
1merdan
12 years ago
- çeşme: "mertebe" kitaby sah-22, Berdinazar Hudaýnazarow("Oglanlyk duýgusy" goşgysy, Kerim Gurbannepeswa)
-
1merdan
12 years ago
- Il ýatyp,
It uklasada öçmeýär,
üç ýerde-üç sany çyra.
Kimler otyr ol çyralaň başynda?
Ýör, göresiň gelse,
Ýuwaşja ýöre.
Ynha, birinji öý.
Bardygmyzsaýy
Onda kim barlygyn ýürekler duýdy,
(gör, nähili gowy!) yşyklatdyrman
ugradyp goýberdi mylaýym hüwdi.
Ynha ikinji öý-
Görünýär gorkunç.
Yşyklap derrewem çekildik arka...
(Adam entek-entek beýle bolmasyn!..)
Demin sanap ýatyr bir agyr syrkow.
Ynha-da üçinji
Birdenkä horaz
Gygyrdy hut gidirendek hakyny.
onda-da seretdik- guwanyp gaýtdyk!
Ol otyran Kerim şahyr ekeni.
Adymyza beýle
Beýle "gezelenç" üçin
Belki sürtüp bolar ýuwulmaz gara.
Ýöne dostlar ýene gaýtalap aýtýan:
Öçmeýär
üç öýde
üç sany çyra.
bu setirlerem şahyryň şägirdi Gurbanýaz aga degişli bolmaly
-
1merdan
12 years ago
- ...Baş dilegim boluwersin salamat,
Türkmen bolsaň onsuz oňyp bolarmy?!...
.. diýibem aýdypdy şu şahyr Kerim aganyň haýsydyr bir ýubleý toýynda, indi Kerim agsyz türkmen halky 24 ýyly geçripdir...
-
wulkan
12 years ago
- Temany acan dostum sana kop kop sagbolsun aydyan. Kerim agamyzy yatlap onyn ruhuny shatlandyransyn diyp umyt edyan. Goy onun jayy jennet yatan yeri yagty imany hem hemra bolsun! Kerim aganyn uly ogly nazaryn uly ogly rustem bilen men 6 aydan gowurak bile ishleshdim we dostlashdym garaz kerim aga hormat goyomson ondan kerim aga hakda gyzyklanyadym bir gezek ol mana oz kakasy nazarda eshden gepini mana gurrun berdi, kerim aga aradan cykanda onun jaylanshy adaty adamlanka garanynda uytgeshik bolupdur. Ol dowurler belli halk icinde tanalyan adamlary kastyum balakly yagny ruslanky yaly (gropda) jaylamagy tabshyrylyan eken. Shonda kerim aganyn yakynlary hic yat adamlara bildirman gabyr gazylan wagty icki oyuni gazdyryp tayynlap goyupdurlar ony dine sanlyja adam bilipdir son kerim agan ,,groby" gabyrna eltilende cukurun icinde kerim agany musulman dabinde eshiklerni ayyryp bize dolanyp we icki oye yerlap dashky oyunde bolsa groby n ozuni goyup jaylapdyrlar. Shul gysgaca eshden gurrunum. We kerim aganyn 20 sany kitaby cap edilipdir we arhiwdede gaty kan goshgylary cap bolman galypdyr. Shu yerde kerim agany yatlap menem goshgyjyk tayarladym.
1)Ocmejek yyldyzsyn solmajak gulsin,
cekipsin ozune hemmanin unsun,
bu gun hoool alysda yatyrsyn umsum,
gurbannepes ogly kerim agamyz!
2) gannallyn oyuny soyguden purlap,
yshkyna bash egdi torannam gurlap,
gitdin kalbymyzy paklap hem durlap,
gurbannepes ogly kerim agamyz.
3) nan yapmaly bolsa gyzanda tamdyr,
beynimi eyelan tozandyr candyr,
zehininden mana bir cummuk damdyr,
gurbannepes ogly kerim agamyz!
-
mirasymyz
12 years ago
- Tuweleme temana gowy edip bezapsiniz. Suyji sohbete yazypdyr. Merdan sagbol goshgular uchin.
Gurbanyaz aga bilen Mir kochan tratuarynda garshy-garshy gelyarkak salamlashmak nesip edipdi. Shol wagt ichinde birhili duygy bolyan eken. Kerim agan shagirdi bilen salamlashdym diyip. Kerim aga hakdaky yatlama kitaby okasan hasam uytgeshik eken.
-
Bahbit
12 years ago
- ,Kerim aga sozun hakyky ussadylay. Onun gosgulary hakyt beynini durlayar. Shu goshgusa hasam.
Öz-öziñi tanamak ücin kiciräk anketa
Ir bilen oýanýañ öýiñ ýerbe-ýer
Keýpiñ kök,janyñ sag,hudaýa sükür
Goñsyñdan bir dertliñ nalasy gelýär
$onda name hakda edersiñ pikir
Öýiñdäki ajap sapa hakdamy
Ýa $ol dertlä gerek $ypa hakdamy
Ynha bir edara.baslygy-dostuñ
Ikinizde icerde"kikirde-kikir"
Gapyda kyrk adam garasyp otyr
$onda name hakda edersin pikir
Doslukdaky täsin gudrat hakdamy
Ýada i$ikdäki nobot hakdamy
Saklandy gapyñda kerpicli masyn
Masynyñ safýory bir ogry mekir
Ýarpy bahasyna al suny diýýär
$onda name hakda edersiñ pikir
Jübiñe bähbitli arzan hakdamy
Ýa kellä bähbitli wyjdan hakdamy
Ynha et dukany satyjy goñsyñ
Saýlap secip sana bir budy ceker
Yzyndaka bolsa gaty oñurga
$onda name hakda edersin pikir
Öziñe edilen lezzet hakdamy
Ýa ili cürkeýän ülpet hakdamy
Barýar köce bilen maýyp weteran
Dine maýybam däl bir gözem sokur
Sen bolsa wolgaly dazlap barýarsyñ
$onda name hakda edersiñ pikir
Öz ornuñ öz parhyñ wolgañ hakdamy
Ýa wolga ýetiren pälwan hakdamy
Merhum sahyrymyz Kerim Gurbannepesow,,
-
Bahbit
12 years ago
- ,Ýap-ýañjady mata sumkany gola alyp
Mekdep gapysyndan ätlän gunlerim
Bu gun bolsa juwanlary wasp edýär
Bir wagtky harplyk sanan dillerim
Ýa$lygym ýa$lygym eziz ýa$lygym
Ýene bir gezejik dolanmazmyñ yzyña
Seniñ beýle tiz gecýäniñ sebäpli
Indi ser salmak kyn dü$ýär yzyma,,
-
Bahbit
12 years ago
- ,Ýap-ýañjady mata sumkany gola alyp
Mekdep gapysyndan ätlän gunlerim
Bu gun bolsa juwanlary wasp edýär
Bir wagtky harplyk sanan dillerim
Ýa$lygym ýa$lygym eziz ýa$lygym
Ýene bir gezejik dolanmazmyñ yzyña
Seniñ beýle tiz gecýäniñ sebäpli
Indi ser salmak kyn dü$ýär yzyma,,
sawyer 12 years ago- Şahyr Kerim Gurbannepesow barada öwreniliň we şahyrymyz barada öwrenenlerimizi geljekki nesillerimize ýetireliň, olara gürrüň bereliň!!! Goý, häzirki we geljekki nesiller öz şahyryna guwanyp, buýsanyp ýaşasynlar!!!