Salam dostlar we hormatly teswirdeshler, gowmy yagdaylarnyz jan saglyklarnyz ishlerniz. Bu gun 1 ji senyabr guni her bir ynsanyn yureginde mudumilik galyan gun yatdan cykmajak gun kop cagalaryn ilkinji mekdebe salam berip bilim almaga uly howes eden guni garaz her kimin yureginde shatlyk doreden gunida. Yone shu gun 1988-ji yylda edebiyat alemine uly yitgi we hasrat getiripdi. Ol gun turkmen edebiyatynda yol alan, gin yol acan shahyrymyz kerim gurbannepesow aradan cykypdy. Yatan yerinin yagty bolsun shahyryn. Beyik allajandan ona iman we jennetden jay dileyan.
1-ji senyabryn gaygysy we shatlygy
- 
                andrey
                13 years ago
                
- karat aga goshulyan gynanc bildiryan dost,garyndashynmydy ya
- 
                jeka11
                13 years ago
                
- Kerim agañ 1-nji sentyabrda yogalananyny bilmeyädim yazanyñ ü.n köp sagbol
- 
                pida
                13 years ago
                
- Gynanch bildiryan!
- 
                Bahbit
                13 years ago
                
- Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat, Diňe adatam dal, hökmanlardandyr. Gelinler içinde gördüm bir apat, Yol, apatam ona gurbanlardandyr.
 
 Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly, Yaňagy saherden ýasalan ýaly, Gabagy mahirden ýasalan ýaly, Dodaklary şeker damýanlardandyr.
 
 Ellerniň barmagy misli bir seçek, Döşleri meýdanly, gözleri goçak. Bili ýarym gujak, saçy bir gujak, Gözleri bar düýpsiz ummanlardandyr.
 
 Gözleriniň agy-dünyaň gündizi, Gözleriniň garasy-gijaň tamizi. Megerem şol ala gözleriň özi Gijani-gündizi ýasanlardandyr.
 
 Yüz gelniň içinden saýlanyp boýy, Bir özi bezap dur giden bir toýy. Edebiň merkezi, akylyň öyi, Şahyr oňa akly haýranlardandyr.
 
 Saýlap seçip, ajaplaryň ajabyn, Haýsy ýigde bagş etdika gujagyn? Şol gujakda mekan tutan goç ogul Dünýade iň bagtly ynsanlardandyr.
- 
                Bahbit
                13 years ago
                
- ,Öz-öziñi tanamak ücin kiciräk anketa
 
 Ir bilen oýanýañ öýiñ ýerbe-ýer
 Keýpiñ kök,janyñ sag,hudaýa sükür
 Goñsyñdan bir dertliñ nalasy gelýär
 $onda name hakda edersiñ pikir
 Öýiñdäki ajap sapa hakdamy
 Ýa $ol dertlä gerek $ypa hakdamy
 
 Ynha bir edara.baslygy-dostuñ
 Ikinizde icerde"kikirde-kikir"
 Gapyda kyrk adam garasyp otyr
 $onda name hakda edersin pikir
 Doslukdaky täsin gudrat hakdamy
 Ýada i$ikdäki nobot hakdamy
 
 Saklandy gapyñda kerpicli masyn
 Masynyñ safýory bir ogry mekir
 Ýarpy bahasyna al suny diýýär
 $onda name hakda edersiñ pikir
 Jübiñe bähbitli arzan hakdamy
 Ýa kellä bähbitli wyjdan hakdamy
 
 Ynha et dukany satyjy goñsyñ
 Saýlap secip sana bir budy ceker
 Yzyndaka bolsa gaty oñurga
 $onda name hakda edersin pikir
 Öziñe edilen lezzet hakdamy
 Ýa ili cürkeýän ülpet hakdamy
 
 Barýar köce bilen maýyp weteran
 Dine maýybam däl bir gözem sokur
 Sen bolsa wolgaly dazlap barýarsyñ
 $onda name hakda edersiñ pikir
 Öz ornuñ öz parhyñ wolgañ hakdamy
 Ýa wolga ýetiren pälwan hakdamy
 
 Merhum sahyrymyz Kerim Gurbannepesow,,
- 
                Bayramsoltan
                13 years ago
                
- kerim agañ 1-nji sentyabrda
 yogalananyny bilmeyädim
 yazanyñ ü.n köp sagbol
 
 
 Menem bilemokdym. Sagbol bähbit, yatan yeri yagty bolsun.
- 
                turkmenntug
                13 years ago
                
- jaýy jennetden bolsun.
- 
                sawyer
                13 years ago
                
- http://www.talyplar.com/19894-kerim-gurbannepesowy-kerim-gurbannepesowy-yatlap.html#jogap-369951
- 
                sawyer
                13 years ago
                
- Kerim Gurbannepesowy ýatlap...
Karat 13 years ago- shahyrymyz kerim
 
gurbannepesow aradan
cykypdy. yatan yerinin yagty
bolsun shahyryn.
yzy yarasyn. gowy adamdy bende :-(