Ýoksuzlyga surat çeken Ýa Rahman, Solmajak reñk berdiñ $u hiçsizligñe Amanat bedenim ruhumdan aýryp, gömlerin dünýäniñ $ol hu$suzlygna. | Gullugym Sañadyr, barlyk señ bilen, Ruhum seni gözlar ýok ozge ylah! Olar ýaradylan, sen Ýaradansyñ, Inkar etmen, "Muhammet Resul Allah"! | Señ rähmetiñ damjasy, kepil hemmäñ rysgyna, Sen $eyle gaharlysyñ, onda adalatyñ bar. günäm ötüp dola meni, merhemet gujagyna bilmen niçe günälem, niçe gabahatym bar?! | Wahab sen! Dem berýäñ, seni inkär etsede, Hazynañda ýok diýilýän zat ýok, Saña mätäç bolmak uly baýlygym, Bu panyda, bakyda senden özge azat ýok! | Bereniñden doýmak has hem lezzetli, Gora meni nebsimden yza galmakdan. Yakynlygyñ bilen ezizle meni, Gora, bu $eytandan yzda bolmakdan. | Men kör, gören diñe sensiñ, Gürlän sensiñ, men hemi$e dilsizdim. Men ýokdum, bar eýleýen yene sen, Ýene sensiz tiken içre gülsizdim. | Gözelle$eyin, Sen yaratdyñ diýip men, Buýurdygyñ ýaly ahlaklanaýyn. Gorkunçlykda goýup garañkylatma, Behi$diñ deýin ap-aklanayyn! | Aýan saña içdäki sansyz pu$manlam, günä çollüginde yagy$la meni. Bilyän, rähmet denziñ gunä bulamaz, Merhemetiñ bilen bagy$la meni! | Aç Sen, Sañaa barýan yollaryñ bilen Nesip et, jennetiñe gözüm du$megni! Atma din ýolunda azap darlygna Nesip eýle i$imde sogap uy$megni. | Sejdelerim bilen soltan eýle sen, Gulluklarym bilen bereketlendir. Odun ornuna $eyle bir ýanar, Olar Hak Allany ter edenlerdir. | Ýa Alla gora gabyr azapdan, $eytan lagyn, iblis hüjümlerinden. Bir günüme müñ gez Estagfrullah, Yhlas syzlar Saña güýjüm, derimden! | Toba edyan, toba edyan, toba, Allam günälerim etgin magfyryet. Dünýede biderek gülkilermizi, Gözlermizde gan kylar ol ahyryet! | Her bir i$de özüñ golda Ýa Rebbim, Gursagmyza iman, kalba päklik guy. Her säherler akan gözya$larymda, Ýa Kadir egsilmejek aklyk duy! | Ya Gaffar, $ol ejizje guluñ men, El serýän: gabyrda tenhalyk berme. Sabyr ber, birem kanagatlyk ber, Hyýalymdaky kän baýlyk ýerne! | Ynsan kör bolup mundan ötsede, Ezraýyly görermi$in soñky dem! Ýa Jepbar $ol wagt maña kuwwat ber, Golaýyma gelmez ýaly gorky hem! | Jennet dünýäsi deý nurlansa belki, Dolmasa gabyrym kökdir, kerepden! Ölemden soñ bedenmi däl, ruhumy, Ýa Jelal goragyn azap melekden! | Ya Semi medet ber soñsus güýjüñden. Ol hakynda Oýlanmazlar köpüsi. Meni gam galyba salyp horlaýan, Gyldan hem inçe Syrat köprüsi!

Köneler, Shahyrjyk tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir