Gyz diýenmiş: “Çyn bolsa seň söýýäniň, Symrug getir – gözelligi dünýäniň..” Ýigit gyzyň buýrugyny bitiren, Uzak ýurtdan symrug guşy getiren. Ýene biri gylyç dakyp biline, Gidenmişin aždarhanyň iline. Kesip olaň kellesiniň baryny Tapanmyşyn anbar ysly bägüli. Bägül alyp ýar ýanyna gelenmiş, Aýşy-aşrat bilen meşgul bolanmyş. Menem öz ýarymy jandan söýýärin, “Buýursaň, symrug getireýin” diýýärin. Seni söýýänligime düşünip aýan, Ýaş başyňy iki ýana ýaýkaýaň. Saçymy sypaýaň. Ýylgyrýaň. Diýýäň: “Ömür goýbermerin! Men seni söýýän!” Gurbannazar Ezizo.
Erteki we hakykat
-
Bravo
8 years ago
- gowja söýýän ekeni. ömür goýbermen, i lowe you dp dur =)
malades awtor. polny perýod
-
Bayramsoltan
8 years ago
- Tüweleme
-
akyllyoglan
8 years ago
- berekela sozum yok
-
Phenomen
8 years ago
- Gaty garadan gaytmaz yigit ekenlay.
hazeleye 8 years ago- link türkmenedebiyaty