angliýaly di­zaý­ner so­ner ozenj, ha­ky­kat­dan-da, na­maz­ly­gyň tä­sin görnüşini oý­lap tap­dy. bu na­maz­lyk lo­wur­dap baş­la­nyn­da ony di­ňe kyb­la ta­rap öw­räý­mek gal­ýar. “el-sad­ja” (elekt­rik lýu­mi­nes­sent na­maz­ly­gy) ady­ny alan na­maz­lyk için­de otur­dy­lan öý­jük­li kom­pa­syň kö­me­gi bi­len kyb­la­ny tap­ýar. “na­maz­ly­gyň äh­li ýe­ri ýag­ty ber­män, onuň di­ňe göl­le­ri­niň ke­na­ry ýag­ty sal­ýar. çy­ra­lar yz­ly-yzy­na ýag­ty sa­lyp, stam­bul­da­ky gök met­ji­de meň­zeş met­ji­diň şe­ki­li peý­da bol­ýar” di­ýip, ozenj dü­şün­dir­ýär. ýag­ty­lyk on­çak­ly ýi­ti däl we din­dar­la­ryň ün­sü­ni yba­dat­la­ryn­dan so­wa­nok. eger-de, bir­den ün­sü­ni so­wup baş­lan ha­la­tyn­da-da, na­maz­ly­gyň gap­da­ly­na ber­ki­di­len düw­me ar­ka­ly ýag­ty­ly­gy aň­sat­lyk bi­len pe­selt­mek müm­kin. hä­zir­ki wagt­da bu na­maz­ly­gyň di­ňe iki pro­to­ti­pi bar we onuň lon­don­da ýa­şa­ýan oý­lap ta­py­jy­sy bu “gud­rat­ly” na­maz­ly­gy köp­çü­lik­le­ýin ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Köneler, Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir