PARHSYZLYK Siz ykbalyň her bir urgusyny garşylyk görkezmezden kabul edýärsiňizmi? Gowşak nerw güýji siziň namysjaňlygyňyzy küteldýär we sizi psihiki hem-de beden taýdan ýalta edýär, sizi garyplygy ýa-da ýetde-gütde durmuşy çekmäge kaýyl bolmaga taýýar hala getirýär. Bu ýagdaýy ýeňip geçmek üçin, oňa garşy hiç-hili tagalla edeňzok. Size hyjuw, hyruç, paýhaslanma we öz-özüňe gözegçilik ýetenok. TUTANÝERSIZLIK Siz öz hyýallaryňyzy başga biriniň ýerine ýetirmegine ygtyýar bermäge meýillimi? Gowşak nerw güýji bolan adam muňa aňsatlyk bilen boýun bolýar. Beýlekiler onuň oý-pikirine gaty basym düşünerler, hakykatda ol şahs adam roboty bolup galar. ŞÜBHE Siz öz ýanyňyzdan özüňiziň başarnygyňyza gizlin şübhelenýärsiňizmi? Siz, mümkin, edil şonuň ýaly özüňize kömek etmekçi bolýanlaryň sap ýürekliligine hem şübhelenýänsiňiz? Gowşak nerw güýji köplenç özüňi aklajak bolmak bilen häsiýetlendirilýär, munuň özi öz şowsuzlyklaryň üstüni basyrmak ýa-da ony düşündirmek üçin edilýär. Munuň özi käte kim sagat bolsa ýa-da işi şowuna bolsa, şony görübilmezçilikden ýa-da tankytlamakdan ötri hem edilýär. YNJALYKSYZLYK Siz doga ynjalyksyz adammy? Bu pes nerw güýjüniň esasy alamatydyr, ol nerwiň bozulmagyna getirýär. Aladaçyl adamlar dünýädäki iň bir nalajedeýin ynsanlardyr. Olar hemişe howatyrly ýaşaýarlar. Ynjalyksyzlyk ýaşaýyş güýjüni gaçyrýar we wagtyndan ir garradýar. Şeýle adamlar: «Wah, meniň aladam başyňyzda bolan bolsa, sizem ynjalykdan gaçardyňyz» diýýärler. Bu nädogrudyr. Hemme adamlaryň özüne ýetik aladasy bar, olar häli-şindi durmuşyň örän agyr synagyna duçar bolýarlar. Emma sagdyn nerw güýji bolan adam ol barada alada galyp duranok. Ol gabat gelen kynçylyklary sarsman garşy alýar we olaryň laýyk çözgüdini hem tapýar. Käte meseläni has içgin öwrenmeli bolup, ýeke özi munuň hötdesinden gelip bilmez, ol başga ýerden kömek gözlär. Ynjalyksyzlyk hiç zada jogap berip bilmez. Ol diňe saglygyňy ýaramazlaşdyrar, siziň ir garramagyňyza getirer. ÇENDENAŞA SERESAPLYLYK Siz öz ideýalaryňyzy, planlaryňyzy durmuşa geçirip başlamagyň haýsydyr bir amatly pursadyna garaşýarsyňyz. Şeýie halda garaşmak size hemişelik endik bolup galanokmy? Haçanda nerw güýji peskä, göwnüçökgünlik ýokary bolýar. Pikiriňi işiň üstünlikli bolmagyna jemlemäge derek, sen işiň negatiw tarapyna üns bermegi endik edinýärsiň, pikiriň, gepiň-sözüň şowsuzlyga duçar bol¬mak ähtimallygyna tarap gidýär. Sen bagtsyzlyga tarap barýan ähli ýollary bilýärsiň, ýöne hiç wagt ol ýollardan sowlup geçmegiň tärini gözläňok. Üstünlige eýe bolan adamlar ýadyňa düşenok-da, diňe şowsuzlyga uçranlar ýadyňa düşýär. Şunuň ýaly çenden aşa göwnü-çökgünlik iýen-içen zatlaryň siňmezligine, bedendäki sirkulýasiýanyň gowşamagyna, içiň gatamagyna, nerwleriň dartylmagyna, sabyr-takadyň gaçmagyna, özüňe ynamyň bolmazlygyna, dem alşyň ýaramazlaşmagyna, sussuň peselmegine getirýär.

Köneler, Broker tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir