Gybat — kimdir biriniň yzyndan gürrüňini etmek, has takygy, biriniň ýüzüne aýdylanda halamajak zadyny yzyndan aýtmak diýmekdir. Kimdir biriniň bedeni, ahlagy, işi, dini, geýimi, öýi... ýene-de sanardan köp zatlar gybat etmäge ýeterlik sebäplerdir. Gözüniň çaşy bolmagy, saçynyň kel bolmagy, boýunyň kelte ýa-da şilliň uzyn bolmagy... Bu zatlar adamyň ýüzüne aýdylsa, göwnüne almagy mümkin. Biriniň yzyndan ýa-da onuň ýok ýerinde göz-gaş bilen yşarat etmek, ýüzüňi kürşertmek hem gybata girýär. Mysal üçin eliň bilen biriniň uzyn ýa-da gysgalygyny görkezmek, bir adamyň kemçilikleri barada hat ýazmak-da gybatdyr. Gybaty makullamak hem gybatdyr. Gybat edilýän ýerde ümsüm geplemän oturan adam hem gybata şärik bolýandyr. Şonuň üçin ynsan mümkin bolsa dili bilen gybatyň öňüni almaga çalyşmaly — gybat etmezligi ündemeli, muny başarmasa, ýüregi bilen gybaty ýazgarmaly. Kim bir mümin doganynyň ýok ýerinde onuň gybatynyň edilmeginiň öňüni alsa, kyýamat gününde Allahutagala hem ol kişiniň kemçiligini örtjekdigine kepil geçendir. (Ibn Ebi’d-Dünýa). Gybatyň esasy sebäpleri şulardyr: 1. Ar almak duýgusy. 2. Özüňi uly saýmak, başga birini pese düşürmek, ýaňsylamak islegi. 3. Göriplik, görübilmezçilik. 4. Ili güldürmek üçin, bir bendäniň aýbyny äşgär etmek. Gybat “keselinden” gutulmagyň ýoly, ilki bilen öz kemçilikleriňi düzetmäge çalyşmakdyr. Gybatkeşiň günäden saplanmak üçin puşman etmegi, toba gelmegi, gybatyny eden adamsy bilen razylaşmagy zerurdyr. “Ynsany bagyşlamaga çalyş, ýagşylygy ýaý, jahyllardan uzak dur, gybatdan gaçgyl. Sebäbi gybatda üç apat bardyr: 1. Gybat edeniň dilegi kabul bolmaz. 2. Eden ýagşylyklary kabul edilmez. 3. Gybat edeniň günäleri artar.” Sakla tiliň gybatdan Adam çig süýt emen. Biz adam bolanymyz üçin kem taraplarymyz bolaýmaly. Ýekeje söz kalbymyzda ýara galdyryp biler. Eger adam biriniň kalbyna ýara salyp, Allahyň huzuryna dolanan bolsa, bu onuň üçin uly betbagtçylykdyr. Pygamberimiz (s.a.w.) bir hadysynda: “Maňa doganlarymyň garşysyna hiç bir zat aýtmaň. Sebäbi Rabbimiň huzuryna päkize kalp bilen gitmek isleýärin” diýýär. Allahyň haram diýip buýran zatlaryndan mydam daşda durmaly. Gybat hem adamyň amalynyň sogabyny tükeder hem-de jemgyýeti öz içinden çüýreder. Şonuň üçin hem biziň mähek daşymyz Kuran we Sünnet bolmaly. Başarsaň, hiç kimi özgeleriň arasynda tankytlamaly däl. Adamy märekäniň ortasynda tanytlasaň, onuň göwnüne degersiň. Özi ýok ýerinde tankytlasaň, gybat etdigiň bolar. Käbirileri agzyna gelenini aýdýar. Görgüliler özlerini oda oklaýandyklaryndan hem bihabar... Gybatyň görnüşleri Gybatyň dört görnüşi bardyr: Birinji görnüşi küfürdir.Bir kişi musulman bendäniň yzyndan gürrüňini edip başlaýar we oňa “Gybat etme” diýleninde, ol “Bu sözler gybat däl, çünki hakykaty aýdýaryn” diýip, özüni aklajak bolýar. Ol beýle etmek bilen Allahyň haram eden zadyny halal hasaplaýar. Ikinji görnüşi munapyklykdyr. Gybatyň bu görnüşi şeýle: Kişi biriniň adyny aýtman onuň yzyndan gürrüňini edýär. Ýöne ony diňläp oturanlar, gybaty edilýäniň kimdigini aňýarlar. Gybatkeş bolsa, özüçe, şeýle etmek bilen gybat günäsinden sypýandyryn öýdýär. Üçünji görnüşi günädir. Gybatyň bu görnüşinde bir adam at tutman biriniň gürrüňini edýär we özüniň günä iş edýändigini hem bilýär. Şeýle ýagdaýda, ol adam günäkärdir we hökman toba etmelidir. Dördünji görnüşi-de mübah hatda sogaby hem bardyr. Gybatyň bu görnüşi aç-açan günä edýän bir adamyň ýa-da bidatçynyň pyssy-pujurlyklaryny paş etmegidir. Kişi beýle etmek bilen, sogap gazanar. Çünki onuň bu düşündirişinden soň bozgaklyk edýän adam tanalyp, onuň zyýanyndan gaça durlar. Pygamberimiz (s.a.w.) hem: “Ýamanyň ýamanlygyny düşündiriň, goý adamlar ondan gaça dursunlar” diýýär.
Gybat..
-
pida
12 years ago
- Salam!
Sagja bol mekestm! Hak aydyan dost! Yagny Sheyle manyly, durust, jaydar aydylan sozleri yetirenine dost dalde, dogan diyesim gelip gitdooov!
Yene-de, shular yalyjak govuja temalaryna sabyrsyzlyk bilen garashyas!
-
trabzonlu
12 years ago
- gybat jehennemin gaphysy kim kimin hakta gybat etse shu zat jehennemin gaphysından içeri girya
kim kimin bir ayybyny gizlehe shu jennetden jay alya.
-
trabzonlu
12 years ago
- köp gowy tema ALLAH razı bolsun shu temany açanyna.
-
Makestm
12 years ago
- ine bolara shular yaly tema.
bagtyyar sagjabol...
agent007 | 2012-08-16
18:42:02
salam!
sagja bol mekestm! hak aydyan
dost! yagny sheyle manyly,
durust, jaydar aydylan sozleri
yetirenine dost dalde, dogan
diyesim gelip gitdooov!
yene-de, shular yalyjak govuja
temalaryna sabyrsyzlyk bilen
garashyas!
pida | 2012-08-16 19:12:00
köp gowy tema allah razı bolsun
shu temany açanyna.
trabzonlu | 2012-08-1
sagbol $un ýaly ho$ sözüñiz ücin mun dawam ba
-
trabzonlu
12 years ago
- gozel ynsan gozel aydar makestm
sen hili karyndashlarym türkmenistanda köpelendir insallah.
-
pida
12 years ago
- "gozel gorunen gozel dushuner, gozel dushunen durmushundan lezzet alar"
Jelaledin rumy
-
perinses
12 years ago
- Sagbol yetreniñe makestm gaty dogry zat köp adamlar muny okap akyllarna aylanarlar en$alla.
-
Friendship
12 years ago
- salam, makestm! Siz ertir.com'daky @yagshy_niyet agzamy?
P.s: tema gowy. Soz yok.
-
metehangokdepe
12 years ago
- sagja bol repçi make$
Agent007 12 years ago- Ine bolara shular yaly tema.
Bagtyyar sagjabol...