Wagt öýläne golaýdy. Mawy gűn hatar-hatar jaýlaryň arkasynda gizlenip uka gitjek bolup durdy. Şemalsyz, dymyk tomus aýy Gunça hoş ýakmaýardy. Uzak gűn onda birhili, erbet duýgy bardy, hamana erbet bir zat bolaýjak ýalydy. Ol bedräni suwdan dolduryp, bir hili agyr duýgy bilen ýataga tarap ýöneldi. Birdenem ýatagyň agzynda doňdy. Şol pursatda onuň ýűregem urmasyny goýandyr. Suwly bedre takyrdaklap gaçdy. Onuň dodaklaryndan diňe “gelneje” diýen söz eşidildi. Onuň endamy titraýärdi, ol ne ses edip gygyryp bildi, ne-de gymyldap. Öňűnde tűwi ýaly ak reňkli gelnejesiniň ýűzi bardy. Onuň gören zadyny ýazyjy űçin hem suratlandyrmak kyn, suratlandyrylsa bolsa, okayja okamak agyr dűşerdi. Oturgyç bir yanda zyňylgy ýatyrdy. Gyzyl, gűlli ştapl köýnegiň aşadynda iki aýak sallanyp durdy. Horajyk, ak tenli boýnundan bolsa ýűp aýlanandy. Gara saçlary ýygnalypdy, onuň ýaşjyk ýűzi bolsa “meni bagyşlaň” diýýän ýalydy.Bu ýűzde eýýam jan ýokdy, onuň ruhy eýýam başga ýerlerdedi. Bir minut geçendir, emma Gunça űçin asyr geçen ýaly bolup görűndi.Ol gözlerine ynananokdy. Groky onuň endamyna giripdi.Ahyrsoňy ol: -Eje!Myrat!-diýip gygyrdy, emma onuň titreýän, haýal sesini hiç kim eşitmedi. -Kömek ediň! Onuň gözlerinden ýaş dökűlip başlady, jansyz sesi bilen ol: -Myrat!-diýip ýene gaýtalady. -Näme boldy? Biraz gaharly Myrat gapydan girende gűrledi, ýöne onuň gözleri öňűndaki zatlary görende, gahary gorka öwrűldi. -Jeren!-ana, şol sözden başga şol pursatda ondan hiç hili söz çykmady.Ol derrew oturgyjy alyp, ýuwaşlyk bilen ýűpi çözűp, Jereni eline aldy. -Jeren, Jeren, oýan!-diýip ol zola gaýtalaýardy. Ellerini, ýűzűni sypalap, oýartjak bolýardy. Kellesini ýűregine goýdy. Gum- guhlyk. Diňe Gunçaň ýaşy hemem öz ýűreginiň urgusy eşidildi. Jerende jam ýokdy. Yűrek durdy. *** Horajyk, gara saçly, akýagyz Jeren ýigrimi ýaşyndady. Ol gűn onuň keýpi kökdi. “Durmuşyň ajaýypdygyny” diýen ýaly pikirler onuň kellesinde aýlanýardy. Obany garaňky basdy, ýöne bu wagtlar daşarda bolmak oba gyzy űçin aýyp zat däldi, elbetde şäher däl, şäherde gijara gyzlar űçin daşaryk çykara iş ýok. Ol köýnegini jorasy Kűműşhe tikdirmäge äkidip barýardy, ýöne köýnek daşaryk çykmana bir bahanady. Köçäniň o çetinde oňa biri sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdy.Hemme durmuşyň manysy şol köçäniň o çetinde oňa garaşyp durdy. “Men mundan öň nädip ýaşadymkam?”diýip ol pikir edýärdi. Ol ädimini haýallatdy.Yuwaşlyk bilen barmaly agajynyň ýanyna golaýlaşdy.. Garaňkyda agaja ýaplanyp duran uzyn boýly, daýawrak bir adamyň heýkeli görűnýärdi. -Azat-diýip Jeren pyşyrdady. -Geldiňmi? -Hawa Azat aýyň şöhlesi bilen nurlanan Jereniň ýűzűnde ýylgyryş gördi. Onuň ýűregi gysyldy. “Beýle eýjejik zada men nädip bu habary aýtsamkam? Ol bu habary nädip Kabul edip bilerkä?! Jeren, Jeren… Hudaý name űçin biz bile bolup bilemzok? Bu dűnýäde adalat diýilýän zat barmyka?” Ol Jereniň dodaklarynyň sowukdan ýaňa titreýänini gördi- de: -O, name ýaman ýuka geýinipsiňle?! Uşäýmä, how-diýip ol öz egnindäki koža kurtkasyny oňa atdy. -Yok, hökman däl-diýip Jeren garşylyk görkezdi, ýöne kurtka eýýäm egnindedi. Gyşyň soňky aýy bolansoň, entek howa ýylamandy. Biraz wagt olar dymyp durdular. Jeren Azada bir zat bolýanyny syzyp başlady. -Näme boldy? Hemme zat oňatjylykmy? -Hawa…neme…yok! -Näme boldy onda, Azat beýtmesene meni gorkuzýaňa! Azat ýűzűni sallady. -Men özűmiňkileri seň ýanyňa ugratjakdym, edenoklar! Jereniň ýűzűndäki ýylgyryş häli ýitipdi, indi bolsa gorky bardy. -Biraz garaşaýarys- Jeren umyt bilen pyşyrdady. -Yok, Jeren, olar…Azat sözűni soňlap bilmedi. Jeren bolsa diňe ýaşyny saklady. -Jeren, bagyşla… Ol ellerini eline aljak boldy, emma Jeren çekip aýyrdy-da: -Şumy indi bar söýgiň? Gahar, gorky, ýitgi, onuň Azada bolan söýgűsi bilen bulaşdy. Ol kurtkany çykaryp Azada zyňdy, soňra bolsa ädimini gataldyp öýűne tarap ylgady. Haçanda biz ene-atamyz we söýgűli ýarymyzdan birini saýlamaly bolanymyzda, herimiz dűrli jogaby saýlaýarys. Käte ikisi bilen hem asuda durmuşda ýaşap bolýar, ýöne saýlamaly bolsa nätjek?! Megerem Azadyň söýgűsi beýle gűýçli däldi ýa-da ol maňlaý diýilýän zatdyr.Nämede bolsa ýowuz we sowuk gijede ýeke duran Azat näme etjegini bilenokdy. Ol hemme zady eýýäm çözűpdi, ýöne ony durmuşa geçirmek pikirlenmekden kyndyr. -Jeren, dur, Jeren! Azat oň yzyndan ylgady. Ÿetip ony gűýji bilen saklap duzurdy. -Diňle meni, sen başga oglan tap, ine görersiň menden gowusy duşar…bar, durmuş gur, wagt geçer menem ýatdan çykararsyň- Jeren hiç zat diýmedi. Ÿuwaşlyk, diňe şemala ýapraklaň şygyldysy eşidilýärdi. -Men seň bagtly bolmagyňy isleýän. Aýyň ýagtysynda ol Jereniň aglaýanyny gördi. -Bagtly bolmagymy isleýäň?! Ol soragly Azada seretdi. -Sen dűşűnmediňmi? Men sensiz bagtly hijem bolup bilmerin. Ol elini çekip, garaňkylyk bilen birigip, Azadyň gözűnden ýitdi

Köneler, Makestm tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir