Özä köperäk ýöne gyzykly eken maña ýarady sizem okap görüñ belki siziñem göwüniñizden turar. Wepalylyk nämeden başlanýar? Wepalylyk ilki bilen adamyň içki ruhunyň esasy sütüninden başlanýar. Adam ilki bilen öz aňyna, öz ýüregine, öz kalbyna, öz wyždanyna, öz ruhuna, öz durmuş ýolunyň ýörelgesine wepaly bolmalydyr. Umuman aýdylanda, ynsan ilki bilen özüne wepaly bolmalydyr. Wepalylyk öz Watanyňa, öz halkyňa, öz topragyňa, seniň ata- babalaryňyň keramatly ýoluna bolan çäksiz söýgiňden başlanýar. Wepalylyk öz ene- ataňa, dogan-garyndaşlaryňa, dost- ýarlaryňa bolan belent söýgiňden başlanýar. Adam öz-özüne wepaly bolup bilmese, ol başga hiç bir adama- da wepaly bolup bilmez. Adamda wepalylyk duýgusy ýok bolsa, ol nädip başga bir adama şol duýgyny bagyş edip bilsin? Bazara baryp, satyjydan alma sorasaňyz, eger onda ýok bolsa, ol size almany berip bilmez ahyryn. Edil şolar ýaly-da, bir adamda käbir duýgular agdyklyk edýär, käsi bolsa düýbünden ýok. Çagalykda sende ähli duýgular bar, emma durmuşyň ýolunda adamyň öz içki ruhundaky bolup geçýän üýtgeşmelerde, käbir duýgular kämilleşdirilýär, käsi bolsa ýitip gidýär. Öz günäsi boýunça, ruhy hassa adamyň häsiýetinde, megerem, ýaramaz duýgular agdyklyk edýär. Sen okuwçynyň öňünde müň sany kämil mugallymlary goýaý, eger- de, onuň özüniň okasy gelmese, ol adam okamaz. Durmuşda-da şeýle, adam öz-özüne mugallym bolup bilmese, oňa hiç kim kömek edip bilmez. Wepalylyk näme? Wepalylyk ol haçan-da, bir özge ýa-da ýakyn adam öz janyny, öz syrlaryny beýleki bir adama ynanmagydyr. Senden hiç haçan dönükligiň çykmajakdygyna doly ynanylmagydyr. Adamda wepalylyk duýgusy dolulygynda bar bolsa, diýmek, ol adam bagtyýar adam. Ondan başga-da ol adam Beýik Taňrynyň alkyşyndadyr. Sebäbi Allatagalanyň iň halaýany wepalylykdyr. Dönük – biwepa adam, islendik hapa işi edip biler. Ýöne siz biwepalary Allanyň gazabyna tabşyryň. Hakyky wepaly dost doganyňdanam, ezizleriňdenem zyýatdyr. Hakyky wepaly dost tilki ýaly guýrugyny bulamaz, ol seniň kemçilikleriňi gözüňe seredip, göni ýüzüňe aýdar. Saňa diňe hakykaty aýdar, ýoluň gyşaryp başlasa, öz tankydy bilen ýoluňy dogrulamaga saňa kömek eder. Seni mydama öwýän adamdan gaç. Ýekelikde galanyňyzda, kemçilikleriňi göni ýüzüňe aýdýan adama ýakynlaş. Türkmenlerde “Ýagşynyň ýagşylygyny ýaýyň, ýagşylygynda galsyn – ýamanyň ýamanyny aýdyň, ýaman pälinden gaýtsyn” diýen ajaýyp nakyl hem bardyr. Gadymy grek alymy Sokrat: “Özüňi tana”, Budda bolsa: “Özüňi söý” diýipdir. Men şu aýdylan ajaýyp sözleri tassyklaýaryn hem-de öz gezegimde: “Wepaly bol!” diýýärin. Durmuş durmuş bolýar. Durmuşyň uzak ýolunda käbir kişileriň hakyky söýgini hem-de hakyky dostlugy, ajaýyplyklary üýtgedip, ýoýuşlary ýaly, hakyky wepalylygyň ýörelgelerini hem ýoýup, onuň duýgularyny galplaşdyrýanlar adamlara islemeseň-de gabat gelýärsiň. Dogrusyny aýtsak, şu ajaýyp zamanada, biziň ýaş gyz- gelinlerimize uly hormat, sarpa goýulýär. Ýöne, gynansak-da, öz ýarlaryna ikilik edip, öz elleri bilen gurýan ojaklaryna biwepalyk edýänlerem ýek-tük tapylaýýar. Elbetde, bu her adamyň öz günäsidir we Allatagaladan şoňa görärägem jezasyny hökman alar. Men olar ýalylara ýüzbe-ýüz duş gelemde, toba edýärin. Allatagala bu tetellileriň ahlak arassalygyny artdyrsyn. Näme üçin biziň şu häzirki ajaýyp zamanamyzda-da käbir adamlaryň häsiýetiniň şol gözel sütünleri bozulýarka? Olaryň eginlerinden perişdeler daşlaşyp, eginleriniň ikisine-de şeýtanlar oturýarmyka? Bu tetelli käbir adamlaryň ruhy hem-de ýüregi hapalanyp, olar baky garamaňlaý ynsanlara öwrülýärler. Olar ýaly ynsanlaryň ruhy, wyždany hem- de kalbynyň esasy sütüniniň binýady gowşaklygy esasynda, durmuşyň agyr ýolunda tersleşýärler. Juda seýregrägem bolsa, gynansak-da duşýan şeýle adamlaryň häsiýetinde mäkämlik ýokdur, aňlarynda paýhaslylyk azlyk edýändir hem-de olar öz- özüne ähli günälerini bagyşlaýandyrlar. Bu häsiýetiň sütünlerine bolsa, diňe gowşak ruhly ynsan eýeçilik edýändir. Hakyky ynsan ilki bilen öz Watanyna, ene-atasyna, doganlaryna hem-de ýakynlaryna wepalydyr. Edil hakyky söýgüde bolşy ýaly, hakyky wepalylyk hem hiç kimden “artlap” geçmegini asla talap edenok. Ony talap edýän söýgi ýa-da wepalylyk duýgusy, galpdyr hem-de ýalandyr, onuň hiç hili hümmeti ýokdur. Söýginiň binýadyny ýa-da wepalylyk kadasyny saklamak üçin, başga bir adamdan “artlap” geçýän we ony etdirýän adam, ikisem Alladan daş düşen adamlardyr, ýöne Allanyň beter gazabyna duçar boljak, ony etdiren adamdyr. Ol adamyň ruhy, ýüregi hem-de aňy hapa bolup, haýwança-da ýokdur. Watanyndan, ene-atasyndan, doganlaryndan, ýakynlaryndan “artlap” geçen adamdan, Beýik Taňry-da bir wagt “artlap” geçendir, olar ýaly ynsanlaryň maşgalasy wagtyň geçmegi bilen, gum ýaly dagaýandyr, soňa baka özlerem hiç kimçe bolup galýarlar. Iň ýamany hem, olardan dünýä inen çagalar, erteki gün müň esse beter öz ene- atalaryndan “artlap” geçýärler. Sebäbi bu dünýä gezekli çemçedir, dadyranyňdan özüňem dadarsyň. Bu dünýäde iň agyr günä biwepalykdyr. Bu günäni hiç kim we hiç haçan bagyşlap bilmez. Wepalylyk duýgusy, umuman aýdylanda, wepalylyk adamyň zannynda, onuň ganynda bolmalydyr hem-de ruhy sütünleriniň esaslaryny tutmalydyr. Bu duýgyny her bir adam öz-özünde türkmeniň milli häsiýetinden esaslanyp terbiýelemelidir. Eý, ynsan, sen Allanyň bendesisiň, Alla seni gözel sypatlar bilen ýaradandyr, şonuň üçin Beýik Ýaradanyň häsiýetlerine meňzemäge çalyş. Allatagalada ähli gözel duýgular hem-de ýagşy häsiýetler jemlenendir. Şol ebedi gutarmajak çeşmeden, adama mahsus häsiýetlerini hem-de açyk duýgularyny al. Wepalylyk kadasynyň hem-de arassa söýginiň ygrarlylygy, adamyň özünde, onuň aňynda, ýüreginde, içki maňzynda ebedi öçmejek ýalyn bolup ýanmalydyr. Wepalylyk kadalaryny ýerine ýetiriň, biri-biriňize wepaly boluň. Size daş atsalaram, siz aş atyň, çünki bu dünýäde atan zadyň yzyna gaýdyp gelýär. Ýollaryňyz aýdyň, görjek günleriňiz bagtyýar, başyňyz belentde, ojaklaryňyz öçmez, ömrüňiz uzak bolsun!
Wepalylyk barada dü$ünje......
-
Ayyuzli
12 years ago
- sen wepa garaşma gecen wagtdan,
möwsümler-biwepa, ýyllar-biwepa.
umyda garaşma söygüden, yşkdan,
"söýýärin" diyen diller-biwepa.
gun geler, kalbynda solar ol guller,
yalana garyşar ahli wadalar,
söýen gidene biderek garaşar,
yolagçy-biwepa, yollar-biwepa.
bu dunyäň, ynan sen, wepasy kemdir
ömrüňi bagş eden dostlaň-biwepa,
durmuşam ynansan soyguden kemdir
janyny bagş eden janlar - biwepa.
-
Bravo
12 years ago
- goşgy gow wn (şu döwre degişlem) şondada pessimizm duýulýa.
Merw92 12 years ago- bah...