Aýaz hanyň üç sany ogly bolýar, bular okuwly bolup ýetişýärler. Patyşa-da bir gün ölýär. Aýaz hany bolsa, onuň ýerine patyşa edenmişler. Aýaz han köp wagtlap adyllyk bilen patyşalyk sürenmişin. Ol indi gaty garranmyşyn. Aýaz han oglanlaryny öz ýanyna çagyryp: - Eý, ogullarym, men indi gaty garrapdyryn. Siz menden näme harajat gerek bolsa alyň-da, başga şäherlerde ýaşaberiň. Men ölemden soň, sizi patyşa ederlermi, etmezlermi, hudaý bilsin, gerek bolsa halkyň özi tapar – diýipdir. Şundan soň Aýaz hanyň oglanlary atasynyň maslahatyna gulak salyp, gerek harçlaryny hem alyp, başga bir şäherde ýaşamak üçin hoşlaşyp, ýola düşüpdirler. Bular ýol bilen barýarkalar, ýolda bir düýäniň yzyny görüpdirler. Onda iň uly dogany: - Şu düýe erkek eken-ow – diýenmiş. Ortanjysy: - Şu düýe erkek bolsa, guýrugy küle eken-ow – diýen. Kiçi dogany: - Şu düýe erkek bolsa, guýrugy hem küle bolsa, bir gözi hem kör eken-ow – diýen. Bular aňyrrak baranlarynda, ýolda bir adamyň yzyny görüpdirler. Uly dogany: - Şu yz aýal adamyň yzy-ow – diýen. Ortanjy dogany: - Şu yz aýal adamyň yzy bolsa, öz-ä gaçyp barýan bolmaga çemeli-ow – diýenmiş. Iň kiçileri: - Şu yz aýal adamyň yzy bolsa, özem gaçyp barýan bolsa, onda şu göwreli eken-ow – diýenmiş. Bular aňyrrak baranlarynda, bularyň öňünden bir atly çykyp, saglyk-amanlyk soraşyp: - Halypalar, heý bir düýe gören dälsiňiz-dä? – diýip sorapdyr. Onda olaryň ulusy: - Ýok, düýe göremzok, ýöne düýäň erkekmidi? – diýenmişin. Atly: - Hawa – diýipdir. Ortanjysy: - Halypa, düýäň guýrugy külemidi? – diýen. Atly: - Hawa – diýenmiş. Kiçi dogany: - Halypa, düýäň bir gözi körmüdi? – diýipdir. Atly: - Hawa, asyl siz meniň düýämiň hemme salgysyny berýärsiňiz welin, ýene-de: “Göremzok” diýýärsiňiz. Meniň düýämi siz hökman bilmeli, men düýämi sizden alaryn – diýip, bu atly dawagär bolup, bularyň yzyna düşüp gidiberenmiş. Bular gidip barýarkalar, bularyň öňünden iki sany adam çykyp, amanlyk-saglyk soraşyp: - Heý, ýolda bir adam-a gören dälsiňiz-dä? – diýip soran. - Ýok, biz adam görmedik, ýöne ol aýal adammydy? - Hawa. - Ol gaçyp barýan aýalmydy? - Hawa. - Ol aýal göwrelimidi? - Hawa. Onda ol iki adam aýdan: - Siz biziň gözleýän adamymyzyň hemme salgysyny berýärsiňiz welin, ýene-de “Görmedik” diýýärsiňiz. Biz gözleýän adamymyzy sizden alarys – diýip, bu ikisi-de bularyň yzyna düşüberenmiş. Bular bir şähere baryp, bir saraýdan kireýine öý alyp, ýaşamaga başlapdyrlar. Ondan soň, ýaňky töhmet edýän dawagär adamlar patyşanyň ýanyna baryp arz edipdirler. Patyşa hem ýasawul iberip, üç dogany çagyrypdyr. Olar gelenden soň, patyşa saglyk-amanlyk soraşyp, düýe ýitireniň arzyny soramaga başlapdyr. Düýe ýitiren: - Patyşam, bu adamlar meniň ýitiren düýämiň erkekdigini, guýrugynyň küledigini, gözüniň kördügini öz agyzlary bilen aýdýarlar, emma: “Düýäňi göremzok” diýýärler. Eger bular düýäni görmedik bolsalar, onuň hemme salgysyny nähili bilýärler? – diýenmiş. Onda patyşa üç dogandan habar sorapdyr. Iň ulusy: - Erkek düýäniň syňraklarynyň arasy giň bolýar, men onuň yzyny görenimde, şondan erkekdigini bildim – diýen. Ortanjysy: - Ol düýe ýoluň ortasynda gumalaklapdyr, eger guýrugy küle bolmadyk bolsa, ýoluň iki gapdalyna gumalaklardy. Men şondan bilýärin – diýenmişin. Iň kiçi dogany: - Ol düýe hemişe ýoluň bir tarapyndan otlap gidipdir, şondan men onuň bir gözüniň kördügini bilýärin – diýenmişin. Ondan soň patyşa aýal ýitiren iki adamyň arzyny diňläpdir. Olar: - Patyşam, bular aýalyň ýitendigine, onuň gaçyp barýandygyna, göwrelidigine çenli salgy berýärler-de, ýene-de: “Biz göremzok” diýýärler. Ine, biz şuňa haýran – diýenmişler. Patyşa: - Siz ol aýaly gördüňizmi? – diýip sorapdyr. Olar: - Ýok, patyşam, biz yzyny görüp bildik – diýenmişler. Patyşa: - Men hem bir zat getirsem, şonuň içinde näme bardygyny biliň, eger bilmeseňiz siz ogry – diýenmişin. Bular-da: - Getir, getirseň – diýenler. Patyşa bir sandygy getirip: - Ine, şu sandygyň içinde näme bardygyny aýdyp beriň – diýen. Bularyň ulusy sandygyň agzyna kakypdyr-da: - Öz-ä sandygyň içindäki togalak zat – diýenmiş. Ortanjysy: - Özi togalak bolsa, daşam gyzyl bolmalydyr – diýenmiş. Kiçileri: - Özi togalak, daşy hem gyzyl bolsa, onda bu mazandyran narydyr – diýenmiş. Patyşa sandygy açyp görse, içindäki dogrudan hem mazandyran narymyş. Ondan soň patyşa bu arzaçylara: - Siz malyňyzy hem-de ýitiren adamyňyzy başga ýerden gözläň – diýip, olara rugsat beripdir. Şu üç dogany bolsa patyşa özüniň myhman tamlarynyň birinde ýerleşdirip, hormat- hezzet etmäge başlapdyr. Patyşa agşam bu myhmanlara gowy palaw berip, bir ýasawulyna: - Sen şu gapyň agzynda dur- da, şularyň gürrüňini diňle, näme gürrüň etseler, soň maňa aýdarsyň – diýenmiş. Ýasawul hem diňläp durupdyr. Bular nahar iýmäge başlamankalar, uly dogany: - Şu patyşamyň gul-ow – diýenmiş. Ortanjy dogany: - Patyşamyz gul diýýärsiň welin, şu naharyň eti haram süýt emip ulalan malyň eti bolsa gerek – diýýär. Kiçi dogany: - Şu naharyň tüwüsi mazarlykda ekilipdir-ow – diýenmiş. Bular naharlaryny iýmän, gije hem geplemän ýatypdyrlar. Ýasawul hem bularyň eden gürrüňleriniň hemmesini bolşy ýaly, patyşa habar beripdir. Patyşa haýdan-haý enesiniň ýanyna baryp: - Ene, men gulmudyryn – diýipdir. Onda enesi: - Hawa, oglum, sen gulsuň. Seniň ataň menden başga- da bir gyrnagy satyn alyp, özüne aýal edindi. Ondan hem sen bolduň, menden bolsa bir gyz boldy, ol gyzy gyrnaga berdiler, seni bolsa maňa berdiler. Ine, bu iş şeýledir, oglum – diýipdir. Patyşa ondan soň et alnan adamy ýanyna çagyryp: - Seniň şu günki soýan malyň haram süýt emdirilenmidi? – diýip sorapdyr. Ol hem: - Hawa, patyşam, bir owlagymyz bardy, onuň enesi öldi welin, ganjygymyzy emip ulaldy – diýenmişin. Mundan soň, patyşa tüwi satany öz ýanyna çagyryp: - Sen tüwini nirede ekipdiň? – diýip sorapdyr. Bu adam: - Men tüwini pylan mazarçylygyň ýanynda ekipdim – diýipdir. Patyşa bu oglanlaryň akylyna haýran bolup, bulara kän hormat-hezzet edip, özüniň ýakyn maslahatçysy edip goýanmyşyn. Ine, şeýlelik bilen Aýaz han- da, onuň ogullary hem özleriniň işlerini paýhaslylyk bilen alyp barypdyrlar.

Köneler, Karat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir