Bize ata-babadan gelýän salamlaşmagyň özboluşly düzgüni bar. Köpçüligiň içine barlanynda salam berip barmaly. Köpçüligiň içinden biri oturanlaryň adyndan siziň salamyňyza jogap berse, onda siziň salamyňyzyň alyndygy bolar. Eger-de, hiç biri Allanyň buýrugy hökmünde beren salamyňyzy almasa, hemmesi günäkär bolar. Aňyrdan gelen oturanlara, atyň üstündäki pyýada barýana, kiçi ula salam berýär. Berlen salam hökman „waleýkimessalam“ diýlip alynmalydyr. Şondan soňra kimiň-kime salam berendigine garamazdan ýaşy uly ýaşy kiçiniň hal-ahwalyny soramaga durýar. Uly adam hal-ahwal soramasyny bolandan soň, ýagdaý soraşmak gezegi kiçä berilýär. Salamlaşmak birek-birege hormat goýmagyň ilkinji nyşany bolansoň, hal-ahwal soraşylanda gezegiň ýaşy ula berilmegi hökmandyr. Eger ýaşkiçi salam berip, yzy bilenem gezegine durman “Agam, ýagdaýlaryňyz nähili?” diýip soraşdyryberse, bu biedeplik hasaplanýar. Elleşip salamlaşylanda-da ýaşkiçi ýaşulynyň elini ilki uzadaryna garaşsa, onuň salamlaşmagyň inçe düzgünlerini bilýändigini görkezer. Diňe adamlara däl, öýlere-de salam berilýär. Ilki bilen öý eýeleriniň hukuklaryny hormatlap, öýe girmäge rugsat soramaly, rugsat berlenden soňra öýe salam berip girmeli. Salam bermek birek-birege hormat goýmakdyr, sylanyşygy- söýgini ýaýratmakdyr. Muhammet Pygamberimiz Jennete girmek üçin imanyň gerekdigini, imanly bolmak üçin hem birek-biregi söýmegi-hormatlamalydygyny öwredýär. Ol “…biri-biriňizi söýdürjek bir zady öwredeýinmi? Araňyzda salamy ýaýyň” diýip ündeýär. Salamlaşmagyň iň gözel görnüşi “Es-selamu aleýkum” diýmekdir. Salam berlen kişi bolsa “We aleýkum-selam” diýip jogap bermelidir. Türkmenlerimiz bu sözleri “Es-salowmaleýkim”, “Waleýkim-salam“ diýip biraz üýtgedibräk aýdýar. Salam bereniňde şu aýratynlyklara üns berilmelidir: 1. Ulagly barýan pyýada barýana, ýöräp barýan oturana, kiçi ula, azlyk köplüge salam bermelidir, 2. Tanasaň-tanamasaň adamlara salam bermek iň laýygydyr, emma gynansagam, uly mähelleli ýerlerde muny berjaý etmek kyn. Şonuň üçin diňe tanaýanlaryňa, gatnaşyk saklaýanlaryňa salam berseň hem ýeterlikdir. 3. Aýal adam erkek kişä salam berip bilýär we salamyny hem alyp bilýär. Ýöne, salam berende we alanda aýallar diňe garyndaşyna ýa-da zerurlyk bolan ýagdaýda özgelere-de salam berip biler. 4. Öz öýüňize gireniňizde, öýde hiç kim bolmasa-da salam bermelidir. Şeýle etsek Pygamberimiziň öwredişi ýaly içerimize bereket geler. 5. Hajathana we hammam ýaly hapa ýerdäkilere salam berilmeýär. Salamda elleşmek “Elleşiň, kalbyňyzdaky kine aýrylsyn, sowgat beriň, biri- biriňize söýgi döresin, araňyzdaky duşmançylyk aýrylsyn” diýen hadys salamlaşylanda elleşilse, has gowy boljakdygyny görkezýär. Aýallar bilen elleşmek ýalňyşdyr. Aýal ýaş bolup erbet pikirler döredip biljek ýagdaýda bolsa, onuň bilen elleşilmese gowy. Ýöne garry aýallar bilen elleşmek bolýar. Nahar iýlip oturylan bolsa, wajyp bir meseläniň maslahaty gidip duran ýerde ýeke-ýeke elleşip çykmak dogry däldir.

Köneler, Makestm tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir