Salam. Bilemok sen meň yazgymy nähili kabul etjegiňi, ýöne ýazmaga karar berdim. Dogursy men muny elden ýazyp hem bilerdim, çünki elimden ýazylan hat has gyzgyn hem mähirli bolardy, emma hatyň nä derejede saňa gowuşjagyňy bilmänsoň, bu ýere ýazmagy makul bildim. Nämeden başlasam... Sen hakda aýtmazdan öňürti gözümiň öňünden şu ýaşa çenli geçiren günlerim ýada düşürdim. Men bu hereketlerim dogrymy ýa ýalňyşdygyny oýlanmaga çalyşdym. Görüp otursam meň ýaşym birçene barypdyr.. eslije ýaşapdyryn, söýüpdirinem, söýülipdirinem. Ol söýgiler üçin janym bermäge hem taýynlarymam bolupdyr. Belki şonuň üçindir men seň öňüňde günäli hasaplaýardym özümi... Emma hakykat şudur ki, olam saňa ýalan zat aýtmadygym, eger bardy geldi aýtmaly bolsam-da men ol ýerde jogap bermedigimi sen oňat bilýänsiň. Pikirlerimi jemlemäge çalyşýan kamahal, ýöne öňümde ýene sen dursyň, ol eýjejik ýylgyryşyň bilen, ol ýürekden ballyňy öpüşiň... Bilmedim, bu döwüre çenli ýa men agy-garany saýgarmany başladym, ýa-da ýürekden seni söýdim welin, saňa deňiç söýenlerim, bir tüýsli söýgi däl ýaly boldy... Mähirilerim olara hem siňdiripdim, dogursyny dogry aýtmaly, söýemde çynym bilen söýýärdim... Emma ýüregim şeýle baky urmaýardy, seniň ýanyňda bolşum deý. Söýgi nämedigini saňa duşanym bäri düşündimmikän öýdýän. Çünki seniň mähriň, seniň ýylgyrşyň, seniň ýylylygyň ýetmeýär bu günlerde maňa. Adamlary tanadygyňça olaryň kemçilikleri öz özünden ýüze çykýar, emma seň kemçilikleriň hiç ýok bolmasa-da, göze-başa ilenokdy mese-mälim. Belki seniň kemçilikleriň hem maňa ýarady. Çünki men seni şeýle söýüpdim, häzirem söýýärin, söýererinem. Mähirlilik, nepis we näzik sesiň, “ezizim” dien dilleriň, ol şekerden hem süýji bally lebleriň. Öwmek dälde hakykat, çünki sen meniň güneşimdiň, meniň ýyldyzymdyň. Bu günlerde ýaşan gaýgy hasratlarymyň soňunyň buşlukçysydyň, şatlykly günlerimiň başlangyjydyň. Hudaýdan dilän söýgim sendiň, emma hudaý özünden güýli söýenleri alýan eken biziň ellerimizden, gynansakda. Olarsyň ýaşap bilmeýäs didigimizçe, olarsyz ýaşardýar bizi... Söýgi bir beýik duýgy, ony diňe has çydamlylar, has beýikler göterip bilýändir belki, käbirleri däliräp, käbirleri ejizläp ýitirýändir söýgini. Öwretmek gerek ýokdyr belki saňa söýgini, çünki sen hemme söýgilerimden iň ýokary derejedesiň, çünki sen meni bu bolşym bilen kabul etdiň hem söýdiň. Öz mähriňi dolulygyna berdiň, birjesinem özüňde goýman, hat-da biziň bile bolmagymyzyň örän kyndygyny bilseň-de. Çünki sen ýürekden söýdiň. Dogry bu ýaş dogurdanam tämiz, päk söýginiň alamatlary bilen dolydyr. Bu ýaş sende iň ajaýyp söýgi duýgylaryny oýardy, men ony seniň ýürek urşyňdan bilýärdim we özümiň senň iň päk söýgiňe miýesser bolanyma örän bagtly hasaplaýaryn. Emma seniň soňky günlerde mendenem beter jebir-jepa çekeniňi bilýän. Çünki, sen özüňe meni söýmeýänligiňi ynandyrmaga çalyşdyň. Men düşünýän, sen muny has mährem zatlar üçin etdiň. Seniň ýeriňde her bir adam şeýderdi. Ýöne has mährem adam seniň bu jebir-jepaňy gördimikä? Ony syzdymyka. Syzsa bu aýrylyk jebir-sütemleri bolmazdy, meniň pikirimçe. Belki aňyň saňa başgaça ýollaýandyr duýgylaryňy, has berk dalaýandyr seniň ýüregiňi. Belki bu basyşa çydan däldir, päkize, eýjejik ýüregiň, emma şol barmana dünýä sygjak deý kalbyň. Seniň göz ýaşlaryň göz öňüme geldi, bu haty ýazyp otyrkam. Ol naýynjar hem päk gözýaş damjalary. Bilýäňmi näme, köp mahal dymyp, ýüregimde bolup geçýän gopgunlary azaltmaga çalşypdym her sapar. Emma kalbym her gün janygyp seni isleýärdi. Diňe şol gözýaşlar üçin men özümi diňdirýärdim, seni has hem göz ýaşa bogmazlyk üçin... Çünki bu mahriban adamjyga nähili men gyýyp bilerin. Emma gün geçdikçe menem has ejizledim... Wagt, günler, ýyllar... Bu sözleri eşidemde, men saňa öňräk duşmaly diýen pikire gelýärdim, emma soňra Hudaýyň özi wagty seçen bolsa, diýmek bu durmuşdyr diýýärdim. Belki meniň has dogumly bolup, ajy-süýjini dadyp, seniň nähili derejede maňa gymmatdygyny bildirmek üçin şeýle ýazgyta döndirendir meni ykbal... Bu giden bir syr, emma men bu hili durmuş akyşyna ynanasym gelýär. Çünki ynam hem meni senden uzakda bolsam-da, seniň ýanyňdan aýyrmaýar meni her gün, agşamlary seni küýsäp, süýji ukyda ýatmaklygymyň-da sebäbi, saňa ýetip bilmeklik ynanjym ahyry. Ynanç, biz ynanmak üçin köp işler edýäris, kyn ýagdaýda-da, çünki diňe ynanjymyz bize gam-gussa batmazdan, durmuşyň agyr külpetlerini ýeňip geçmeklige ýagtylyk bolup hyzmat edýär, tümlükli garaňky gijelerde... Seniň birje ýylgyryşyň eçilýän ýalkymy bu ynanja deňeçirdir, ony ýada salamda meniň ýüregime ýeňillikler aralaşýar, özümi has sagdyn, has mäkäm durýandygymy syzýan ýeriň ýüzünde soňky ahwalatlardan soňra-da... Çünki men ynanýan, sen dönersiň bir gün we men seni ýene-de gujagyma basaryn, mähriňden doýa-doýa ganyp. Şol gün ikimiz hem ýatlarys bu günleri. Emma ol gün haçan gelerkä diýseň, sen ýüregiňi diňlemeli bolarsyň. Belki meniň Biribardan ýalbaryşlarym maňa kömek eder, her gije sygynýan mahallarym oňa, seniň gözleriňe bir bakyp bilmek üçin... Ykbal keç bolupdyr diýip, Nili tersine öwürip bolmaz ahyry, belki Hudaý bize sapak berýändir has hem duýgylarymyzy bişirip, çyn söýgä öwürmek üçin...Näme diýseňem pikirlenmäge zat kän, durmuş mydam bir zat berse bir zady alýar, ine şol pursaty hiç ünsden düşürmeli däldir. Seniň dogry diýip saýlan ýolyň ýalňyş ýa-da däldigini diňe ýüregin syzar, emma kämahallar aň ony basyp, öz isleglerini kalbyň boýnyna goýar. Biz dogurdanam şony isleýäsmi? Dur, çaltlyk bilen edilen iş örän köp halatlarda ýalňyşlyga sebäp bolýar, sen ýalňyşýan diýmek däldir bu aýdanlarym, emma bir gezek yza ser salmagyňy haýyş edýärin. Duýgularyň, sebäpleriň hemmesini bir ýere jemläp bildiňmi? Olaryň her biri üçin aýratyn kelle döwdiňmi çözülmedik soraglar üçin... Hersinde hem diri diri kalblaryň batly urýandygyny syzdyňmy? Indi pikirlen sen näme üçin saýlaýarsyň, adamy ynjytmazlyk üçinmi? Onda bu seniň oňa naýynjarlyk bakyşyňdyr, emma söýgi däldir. Kalbyňdan söýmeseň örän uly gatlak emele geler ýüregiňde, we bir gün sen ony ýene ynjydarsyň, bu gün ynjytmajak bolsaň-da. Ol mahal sen eýýäm bir kalby däl, eýsem birnäçe kalby gam-gussa batyrarsyň... Sen söýgini bilesiň gelýärmi, ýa ejizläp yza tesjekmi? Sen söýgi bilen dogulan çaga isleýäňmi ýa ömürboý elden giden pursatlara häzir gynanmasaň-da, ahmyrly gezjekmi? Sen dünýäde ýaşaýaňmy, ýa ýaşamak üçin gaýrat görkezýäňmi? Mähribanym her adam her mahal ýalňyşyp biler, her adam birden dogry ýoly saýlaman biler, emma özümki dogry diýip ileri gitmezden, täzeden dogry ýoly saýlamak has amatlydyr... Bagyşla, Güneşim meniň ejizligimi, haýyş göz ýaşyňa sebäp bolan bolsam bu ýazgym bilen...bilýäňmi näme meni cagakam çagalar bagymyň ady hem “Güneşdi” Seni söýýän ezizim...
Pikirlerimi jemlemäge çalyşýan kamahal, ýöne öňümde ýene sen dursyň, ol eýjejik ýylgyryşyň bilen...
-
Cwetocek
12 years ago
- Maksada yetmedik söygi has kämildir...
-
Agent007
12 years ago
- Söygi diyip shuna aydaysan
-
Ayyuzli
12 years ago
Maksada yetmedik söygi has kämildir...
yurejigim boldun cwetik! maksadyna yetmek..... ehhh....bor-da..
-
nlo
12 years ago
- ehh bu durmuş
-
Bravo
12 years ago
- psihika gowja täsir edýä
Insider13 12 years ago- baý baýbaý bow