Hormatly müşderiler!MTS TM"Kompaniýasynyň öz işine başlamagynyň öň ýanynda, Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynda hem her gün diýen ýaly täzelikler bolup geçýär, müşderilere täze hyzmatlar, nyrh meýilnamalar hödürlenýär. Ine, bu gün bolsa Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasy öz müşderilerine "Çäksiz gepleşikler" atly täze nyrh meýilnamany hödürläp başlady. "Çäksiz gepleşikler" nyrh meýilnamasy"Çäksiz gepleşikler" nyrh meýilnamasynda ulgamyň içinde çaňlar, SMS-ler, MMS-ler we Internet hyzmatlarynyň ählisi mugt. Eger belgiňizde Antiaon, Clipover we ş.m goşmaça hyzmatlar bar bolsa, hyzmat üçin her aýda 1 manat tutulýar we galan ähli hyzmatlar mugt.Daşary ýurtlara jaň etseňiz 0.20 manat goşmaça tutulýar. Üns beriň!Nyrh meýilnamasyny birikdirmek 210 manat we her aý müşderi tölegi 210 manat. Eger-de bu aýda birikdirilip, indiki aýa geçende hasabynyzda pul serişdesi 210 manatdan az bolsa, nyrh meýilnama awtomatik ýagdaýda öçürilýär.Şu nyrh meýilnamada hasabyňyzdaky puluňyz 5 manatdan az bolsa, ähli hyzmatlar işlemeýär. Haçanda hasabyňyzy doldursaňyz, hyzmatlar awtomatik ýagdaýda işläp başlar!Hormatlamak bilen: Toýly SAZAKOW we Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň sorag-jogap gullugynyň operatorlary.

Köneler, Shamahyly tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir