Agyz beklemäniň bedenimize we ruhy ýagdaýymyza ýetirýän peýdasy Agyz bekleme döwri – üýtgeşik döwür Agyz bekleme döwri bedenimize agram salýan artykmaç zatlardan dynmaga ýardam edýär. Adamlaryň köpüsi muny dini parz diýip hasaplap, ony diňe Hudaýa ynanýanlar berjaý etmelidir öýdýärler. Aslynda welin bu beýle däl. Adamlar agyz beklemek arkaly beden we ruhy dünýäsiniň "ýowaryny" geçirmäge mümkinçilik alýar. Agyz bekleme döwründe adamyň bedeni köp iýmekden "halas edilip" özüni "dürsemäge" mümkinçilik alýar. Agyz bekleme döwründe adamyň bedeni we ruhy şypa alyp, ol hemmelere bagt we ýagşylyk arzuwlaýar. Agyz bekleme döwründe adam özüniň kimdigi, nähilidigi we öz edýän işleri barada oýlanýar. Agyz bekleme döwründe adam dawa-jenjelden, göriplikden, ýamanlykdan, gybatdan, pýyş sözlerden, arakdan, çilimden, umuman erbet zatlardan gaça durýar. Bular bolsa ýüregimiz, köňlümiz, tutuş bedenimiz üçin hakyky peşgeşdir. Biziň döwrümizde aç bolmagyň saglyk üçin peýdalydygy ylmy taýdan tassyklanandygy üçin, ol lukmançylykda bejergi usullaryň biri hökmünde ulanylýar. Şeýle usulyň peýdasy barada lukmançylygyň professorlary Nikolaýew we Nilow "Azyk önümleri" atly žurnalda 1967-nji ýylda çap edilen "Açlygyň saglyk üçin peýdasy" diýen makalalarynda şeýle ýazýarlar: "Daşky gurşawyň ekologiýasy gitdigisaýy erbetleşýär. Şeýle şertlerde sagdyn bolmak, bedeni "zibillerden" arassalamak, artykmaç ýaglardan dynmak üçin ýylyň dowamynda azyndan 3 (ýöne 4-den köp däl) hepde aç bolmalydyr". Açlyk – adam bedeni üçin peýdaly bolup, onuň goraýjylyk ukybyny galkyndyrýandyr. Sebäbi adamyň bedenine iýmitiň barmasy kesilen ýagdaýynda, ol ähli güýjüni bedendäki zyýanly mikroblary öldürmäge, "zibillerden" arassalanmaga, howply çişlerden we täze döremelerden dynmaga gönükdirýär. Açlygy bejergi çäresi hökmünde öwrenen nemes alymlary ýylyň dowamynda 3-4 hepde sagat 10.00-dan 15.00 aralygynda hiç zat iýmän-içmezligiň saglyk üçin örän peýdalydygyny subut etdiler. Doktor Bill Şernber bolsa ýylyň dowamynda 3-4 hepde agyz beklemäniň uzak ýaşamagyň esasydyr diýip hasaplaýar. Agyz beklemäniň beden üçin peýdasy köpdürlüdir: 1. Agyz beklemäniň netijesinde bedeniň artyk agramyndan dynyp bolýar. 2. Agyz bekleme immun ulgamynyň işini gowulandyrýar, sebäbi limfa düwünleriň işi 10 esse gowulanyp, öýjükleriň sany köpelýär. Bu öýjükler bolsa immun ulgamynyň işini sazlap, bedeniň köp kesellerden saplanmagyna ýardam berýär. 3. Agyz bekleme döwründe bagyr we böwrekler arassalanyp, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşýar. Agyz beklemäniň netijesinde ganda natriniň mukdary köpelip, kaliniň kristallaşmagynyň öňüni alýar. Ganda moçewinanyň köpelmegi bolsa peşew çykaryjy ýollarynda daşlaryň döremeginiň öňüni alýar. 4. Agyz bekleme iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirýär. Şeýle ýagdaýda tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäzi, içege dynç alýar. 5. Agyz bekleme endokrin mäzleriniň işine kömek edýär. Bu mäzler iýmitdäki ýokumly maddalaryň özleşdirilýän wagtynda alyş-çalşygynyň sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde aktiw gormonlaryň bölünip çykmagyna ýardam berip, bedeniň gormanal deňagramlylygyny kadalaşdyrýar. 6. Erkekleriň we aýallaryň önelgelilik ulgamynyň ýagdaýy gowulanýar. 7. Agyz bekleme jynsy islegleri we höwesleri peseldip, jemgyýeti ahlak bozuklygyndan goraýar, öz jynsy höweslerimize erk etmäge kömek edýär. 8. Agyz bekleme döwründe bedendäki ýarawsyz we gowşak öýjükler dargap, täze öýjükleriň sany artýar. 9. Agyz bekleme döwründe bedeni zäherleýän ammiagyň çykarylmagy 100 (!) esse artýar. 10. Agyz bekleme döwründe çilimden we spirtli içgilerden saklanmak – öýken we bagyr üçin hakyky "dynç alşa" öwrülýär. 11. Agyz bekleme döwründe adamyň köňli dynç alýar. Durmuş ýagdaýlary we dartgynlylyk adamyň nerw ulgamyny zeperlendirýär. Häzirki döwrüň lukmanlary ölen nerw öýjükleriniň dikeldilmeýändigini belleýärler. Emma agyz bekleme döwründe geçirilen ylmy- barlaglaryň netijesinde munuň beýle däldigi tassyklanyldy. Nerw öýjükleriň dikeldilmegi üçin köňül rahatlygy gerek. 12. Agyz bekleme döwründe adam öz isleglerini we höweslerini "jylawlamagy" başarýar. Bu bolsa onda özerkliligi türgenleşdirýär. 13. Agyz bekleme döwründe adam başgalar barada erbet pikir etmezlige, görip bolmazlyga çalyşýar. Umuman, göriplik hemme erbetlikleriň gözbaşydyr. Şeýle erbet häsiýetden dynmaklyk adamy ruhy taýdan baýlaşdyryp, beden taýdan sagdyn edýär. 14. Agyz beklemeklik adama sabyr-takatly bolmagy öwredýär. Sabyr-takatlylyk bolsa adamy tötänlikde edilýän ýalňyşlardan goraýar. 15. Agyz bekleme döwründe adam dünýäniň hysyrdyly işlerinden daşlaşyp, durmuşyň hakyky manysy barada oýlanýar. Özünde bar bolan (ýagşy zatlar) we bolmadyk (erbet zatlar) zatlar babatda şükürli bolmagy öwrenýär. Adam başgalaryň günäsini bagyşlaýar, özüniň-de bagyşlanylmagyny soraýar. Bular bolsa adamyň köňlüne rahatlyk berip, onuň ruhy "zibillerden" arassalanmagyna ýardam edýär. Agyz bekleme kimler üçin maslahat berilmeýär? Lukmançylyk jähtinden, bedeniniň saglyk ýagdaýyny we bolup biljek gaýraüzülmeleri göz öňüne tutup, şu sanawdaky adamlara agyz beklemek maslahat berilmeýär: keselli adamlara; göwreli ýa-da çaga emdirýän aýallara; agyr zähmet bilen meşgullanýanlara; agyr beden kesellerini geçirip, tapdan düşen näsaglar.Öz saglyk ýagdaýlaryny dikeltmek maksady bilen olara kadaly iýmitlenmek zerurdyr; iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerine (öt çykaryş ýollarynyň kadasyz işlemegi, öt haltanyň we aşgazan asty mäziň keselleri) ýoluganlara; süýji keseli bolanlara; süňkleri şikeslenen hem-de süňkleriniň portlugyndan (osteoporoz) ejir çekýän adamlar. Agyz beklemezden öň, dowamly keselleri bolan adamlar lukman bilen maslahatlaşyp, degerli bejergi we taýýarlaýyş çärelerini almagy unutmaly däldir.

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir