Hormatly müşderiler!MTS TM"Kompaniýasynyň öz işine başlamagynyň öň ýanynda, Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynda hem her gün diýen ýaly täzelikler bolup geçýär, müşderilere täze hyzmatlar hödürlenýär. Ine, bu gun bolsa Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasy öz müşderilerine "Müşderi ulgamda!" atly täzelenen hyzmaty berip başlady. "Müşderi ulgamda" hyzmaty Eger-de siziň telefonyňyz öçürilen ýa-da siz hyzmat ediş çäginden daşda bolan wagtyňyzda, size haýsydyr bir müşderi jaň etse, soň siz telefonyňyzy açan wagtyňyzda oňa, 0880 belgiden siziň ulgamdadygyňyz barada şu görnüşde +9936xxxxxxx belgili musderi ulgamda SMS habary barar. Eger-de siz başga bir müşderä jaň etseňiz, onuň hem telefony şol wagt öçürilen ýa-da ol hyzmat ediş çäginden daşda bolsa, soň telefonyny açan wagty size 0880 belgiden +9936xxxxxxx belgili musderi ulgamda diýlen SMS habary geler. Eger-de siz jaň eden müşderä öz ulgamdadygyňyzy bildirmek islemeýän bolsaňyz, hyzmaty öçürip bilersiňiz. Onuň üçin A0 ýazyp, 0880 gysga belgä SMS habaryny ugratmaly. Eger-de size jaň eden müşderä öz ulgamdalygyňyzy bildirmek isleýän bolsaňyz, hyzmaty birikdirip bilersiňiz! Onuň üçin A1 ýazyp, 0880 gysga belgä SMS habaryny ugratmaly. Eger-de siz beýleki müşderiniň ulgamdadygyny bilmek islemeýän bolsaňyz hem hyzmaty öçürip bilersiňiz! Onuň üçin C0 ýazyp, 0880 gysga belgä SMS habaryny ugratmaly. Eger-de siz beýleki müşderileriň ulgamdalygyny bilmek isleýän bolsaňyz hem hyzmaty birikdirip bilersiňiz! Onuň üçin C1 ýazyp, 0880 gysga belgä SMS habaryny ugratmaly. Hyzmat Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň ähli müşderilerine mugt ýerine ýetirilýär. Hormatlamak bilen: Toýly SAZAKOW we Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň sorag-jogap gullugynyň operatorlary.ÜNS BERIŇ! Şu habary bizden rugsat alman Azatlyk radiosynda cap etmek gadagandyr!!!

Köneler, Shamahyly tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir