Atasyz, enesiz, gardaşsyz galan, Oglan soňky gezek bakdy haraba. Aglardy Rüstemiň atasy Zalam, Ol bolsa mündi-de döwük araba. Ýakymsyz jygylda gulagyn asyp, Keçe düýren ýaly düýrläp ýyllary. Ähli horluklaryň howuny basyp, Ýaşady, öwrendi, sökdi ýollary. Topragun gözüne sürtmäge zardy, Ýadyrgap ýadady bir gaýry ýurtda. Göwnüniň ganaty---Watany bardy, Ah, onda tiz togalanjak ýumurtga. Göz öňüne getirmegem hyllalla, Hasaby dürs çykýar mydam ýigidiň. Maksat meýdanyny sürüp ol, ylla, Ekdi ýüreginde umyt çigidin. Janköýerdi taryhyna halkynyň, Bäş barmagy ýaly bilýärdi baryn. Geçmişde kän döwlet guran galkynyp, Indem çekip ýördi döwletin zaryn. Türkmen jandan geçip, Watanyn söýýär, Saçagyň başynda aýbogdaş gurup. Çäýnekde çaý içýär, dograma iýýär, Garny doýan bada gidenok turup. Öten-geçenlere aýat okaýar, Märekede kiçisi kän gürlänok. Soralsa, baş atýar, ya-da ýaýkaýar, Şonuň üçin utanjyndan derlänok. Irmi ýa giç, ardynjyrap, üsgürip, Işiginden gelse bigäne köwüş. Zynjyrdan boşadyp, itin küşgürip, Göýbermezden, edýär saçakly söwüş. Türkmen ýaly ýüregi päk milleti, Tapyp bolmaz gündiz eliň çyraly. Ýada boýun egip çekmez minneti, Onda neçüýn halkyň kalby ýaraly?!
Ykbal yoly
-
Friendship
12 years ago
- gaty gowy, patron! Ezizowyngam sheylerak setirleri bolmaly:
...baky uka gitsem bir gazaply gysh,
seng goynungda yatmak miyesser etsin!
-
akylym1989
12 years ago
- patron özüňiz ýazdyňyzmy.
-
hakykygyz
12 years ago
- Gawy goshgy ekenay bu senem eline sagly awtor
URGENCLI 12 years ago- Gowy