senin bilen bolmagyn in gowy yeri niresi bilyanmi? eline elim degmanka ayamyn icini derletyan gyzgynlygyny icimde duymak. senin bilen bolmagyn in erbet yeri niresi bilyanmi? "seni soyyan" diymek her gezek dilimin ujunda durka howadan suwdan gurrunleri etmek. senin bilen bolmagyn in gyzykly yeri niresi bilyanmi? senin bilen hemme zady den paylashmak.bile aglamak, gulmek, pikir etmek... sen yanymda wagty seni goresimin gelmegi. senin bilen bolmagyn in ajyly tarapy niresi bilyanmi? kop adamlar icinde seni beyleki dostlarym bilen paylashmak...telefonda gurlesyan adamlaryndan, yolda hal-yagdayyny sorayan dostlaryndan caga yaly gabanmak. senin bilen bolmagyn in shatlykly yeri niresi bilyanmi? yolda bile yoreyarkak tanys cykaymasyn diyip eylak beylak seretmegin. elimdaki zontigi alyp yagysyn asagynda bile ezilmek.elimde baguller bilen sana garasmak. senin bilen bolmagyn in romantiki yeri niresi bilyanmi? sana aydyp bilmediklerimi gijelerde yyldyzlara, aya aytmak.okayan kitabymyn sahypalarynda, dinleyan aydymymyn sozlerinde, gosgylaryn her setirinde seni yadyma salmak. senin bilen bolmagyn in tasirli yeri niresi bilyanmi? nireden biljek? sen menin bilen bolmadyn ahyryn...eger bilyan bolsan elimin ayasy derlemezdi...dilimin ujunda sozler durmazdy...yanymda wagtyn seni goresim gelmezdi...gabanmazdym.yolda yoreyarkak gorkmazdyn... yagysyn asagynda ezilmezdik...yyldyzlara, aya derdimi aytmazdym... her aydymyn sozlerinde serhosh yaly bolmazdym. seni yitirmekden gorkmazdym. sen menin bilen hic bolmadyn ahyryn... ya aklyn basga yerde ya yuregin......

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir