yaponiyada bir oglanjyk 10 yashynda awtoulag awariyasyna dusupdir we sol awariyadan sonra cep elini yitiripdir. oglanjygyn gelejekde judo ustasy bolmak arzuwy bar eken, sol awariyadan sonra ol arzuwyny hem yitiryar we gaty gynanyar. her gun keypsiz yagdayda mekdebe gidip gelyar. kakasy oglunun bu yagdayyny gorup shaherin meşhur judo ustasynyn yanynda gityar we oglunyn yagdayyny dusundiryar. ona judo hereketlerini owretmegini isleyar. usta "ogluny getir, hany goreli" diyyar. ertesi gun kakasy bilen ogly ustan yanyna baryar, usta oglanjyga bir gezek seretyarde "bolyar, esiklerini getir, turgenlesige baslaly" diyyar. usta oglana 1 hereket gorkezyarde "su hereketi owren, gaytala" diyyar. oglanjyk 1 hepdelap sol hereketi owrenipdir. ustasynyn yanyna baryp "mana basga hereket gorkezjek dalmi, men 1 hepde bari su hereketi owrenyan" diyipdir. Ustanyn jogaby "hereketi owrenmage dowam et" bolupdyr... 2ay, 3ay, 6ay, 1 yyl gecyar we oglanjyk sol hereketi 1 yyllap owrenyar. yene ustasynyn yanyna baryp: "men 1 yyllap sol hereketi owrendim, basga herekete gecsek bolmazmy?" diyip sorayar. ustasy:"wagty gelende geceris hokman, yone sen sol hereketi owrenmage dowam et" diyipdir. 2yyl, 3yyl, 5yyl, 10yyl gecenden sonra oglanjyk judoda owrenen 1 hereketine 10 yyl bolupdyr. bir gun usta oglanyn yanyna gelip "tayar bol, seni uly judo yarysyna yazdyrdym" diyipdir. oglan hayran galypdyr judoda bilyan dine yekeje hereketi bar onsanam ol yarysha meşhur judo ustalary hem gatnasyar olaryn icinden yeniji bolmak mumkin dal yaly, ustasyna hormaty sebapli oglan sesini cykarmandyr. yarysyn 1nji guni oyuna cykypdyr, garsydasyny bilyan sol hereketi bilen gecipdir, we 2nji oyuny, 3njini we yarym final, finala cenli gelipdir. finalda onune 10 yyllap yenilmeyan judo ustasy cykyar. oglan durup bilman ustasynyn yanyna baryar we oyundan cykmak isleyanini aytyar:"belki oyundan cyksam gowy bolar, garsymdaka bir seredina, 10yyllap cempionlygy hickime berenok men bolsa bilyan yekeje hereketim bar, in gowysy masgara bolman oyundan cykaly" diyyar. "yok bolmaz. yenilsenem oyunda yenil" diyyar ustasy. oglan caresi oyuna cykyar. finalda onun garshysynda hem sol bilyan hereketini ulanyar. we final oynuny hem yenmegi basharyar. ylgap ustasynyn yanyna baryar we: "nahili boldy, men 1 elim yok, onsonam bilyan yekeje hereketim bar, men nahili cempion boldum?" diyip sorayar. "sen bu hereketi 10 yyllap owrendin, dunyade bu hereketi senden gowy edip bilyan yok bu bir, ikinjisi hem senin bu hereketin garshysynda durmak ucin senin cep elinden tutmaly bolyarlar" bu hekayany aydan dostumyz sonunda su sozleri hem gosmak isleyar: "adamlaryn kem taraplary, kawagt olaryn ustun tarapy hem bolup biler... yetmeyan zatlar belki senin ucin kemcilikdir."

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir