Nýuton Isaak (iňlisçe – Newton Isaac) (4.1. 1643, Wulstorp, Grantemanyň ýakynynda, Angliýa – 31.3. 1727, Kensington, Angliýa) Mehanikanyň we astronomiýanyň teoretiki esasyny döreden, bütindünýä dartyş kanunyny açan, differensial we integral hasaplamany (G. Leýbnis bilen bir hatarda) işläp düzen, zerkal teleskopy oýlap tapan iňlis fizigi we matematigi. Ol optikadan möhüm eksperimental işleriň hem awtorydyr. Nýuton fermeriň maşgalasynda dogulýar. Nýutonyň kakasy onuň dünýä inmeginiň önüsyrasy aradan çykýar. 12 ýaşynda Nýuton Grantem mekdebinde okap başlaýar. 1661-nji ýylda Kembrij uniwersitetiniň Triniti kollejine subsaýzer (gazanç üçin kollejdäki ýumuşlary ýerine ýetirýän garyp talyp) hökmünde girýär. Bu ýerde onuň mugallymy belli matematik I.Barrou bolupdyr. 1665-nji ýylda Nýuton uniwersiteti gutaryp, bakalawr ylmy derejesini alýar. Ol 1665-1667-nji ýyllarda differensial we integral hasaplamalary döretmegiň esasy ideýalaryny jemleýär, zerkal teleskopy oýlap tapýar, bütindünýä dartyş kanunyny açýar we ýagtylygyň dargamagy baradaky tejribäni geçirýär. 1668-nji ýylda Nýuton magistrlik derejä mynasyp bolýar. 1669-njy ýylda Barrou oňa fizika- matematika kafedrasyny berýär we Nýuton onda 1701-nji ýyla çenli işleýär. 1687-nji ýylda Nýuton “Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary” diýen uly işini çap edýär. 1699-jy ýylda zikgehananyň ömürlik müdiri bolýar. Ol şol ýylda Pariž Ylmy Akademiýanyň daşary ýurtly agzasy bolup saýlanylýar. Nýuton iňlis milli panteonynda jaýlanýar. Nýutonyň ylmy döredijiliginiň iň ýokary belentligi “Başlangyçlardyr”. Onda Nýuton özünden öňki alymlaryň (G.Galileýiň, I.Kepleriň, R. Dekartyň, H. Gýuýgensiň, J.Borelliniň, Gukuň, E.Galleýiň we başgalaryň) işlerini we öz hususy barlaglarynyň netijelerini jemleýär. Şeýlelikde, ol birinji gezek ýer we asman mehanikasynyň ýeke-täk düzgünleşdirilen bitewi sistemasyny döredýär. Ol sistema soňra tutuşlygyna klassyky fizikanyň esasyny düzýär. Nýutonyň bütin ömründäki işleriniň netijeleri onuň “Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary”, “Tükeniksiz köp agzaly deňlemeleriň kömegi bilen analiz”, “Flýuksiýa metody…”, “Egrileriň kwadraturasy barada oýlanma”, “Üçünji tertipli egrileri sanamak”, “Ählumumy arifmetika”, “Tapawutlar metody” we ş.m. işlerinde jemlenendir.
Nyuton isaak(beyik fizik we matematik)
-
Panturkist
12 years ago
- wah şol bagdaky alma şojagaş kellä gaçmadyk bolsa biz näderdikkäk?
-
idealman92
12 years ago
- "beyik" diyip adama aytmaly dal dost,nahili guychli alym bolsa-da.
Yegen 12 years ago- Nyuton nyuton nyuton! Dunya ylmynda uly açyshlar edip goshant goshan adam. Nyutonyn 3-nji kanunyna laýyklykda size minnetdar