owadan dünýäni söýdik. Ajaýyp tebigaty: asmany söýdik, topragy söýdik, ir säheriñ $apagyny söýdik, güne$li gündizi, aýly ag$amy söýdik. Gy$yñ garyny, baharyñ bägülini, tomsuñ towsun atyp duran yssy howasyny, güýziñ myýmyk howaly çagbasyny söýdik. Söýdik, söýdik we ýene-de ençe zatlary söýdik. Hat-da haýwanlaram söýdik. Itleri, atlary, gu$lary, owlakdyr guzulary we nijelerini. Bar haýwan bir janly diýeli. Ýöne biz jansyz maddalaram söýdik. Puly, baýlygy, gymmatly da$lary, ma$yndyr ulaglary, tehnologiýanyñ ähli görnü$ini. Waah ýene nämeleri söýdik! Ýöne näme üçindir asyl, esasy söýmeli zadymyzy söýmedik. Hatda ony søýmelidigmizem ýadymyzdan çykardyk. Söýmezlik üçin yzygiderli bahanalar tapdyk. Ony birde üstünligne gysganyp söýmesek, birden ba$arnyksyzlygny, ejizligni, naçarlygny bahanalap söýmedik. Ony gaýry dinli, gaýry dilli, gaýry medeniýetli bolany üçin söýmedik. Biz ony ýagny, ynsany søýmedik. Bolmasa "asly nurdan" diýlen hemmamizem Adam atanyñ nesilleridik, zürýatlarydyk. Biz dogandyk, $eylede bolmalam. Adamzat adamkärçilige mätäç! Ynsan söýgä mätäç!

Köneler, ttmli tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir