Öten agşam oýnalan (27.06.12) ilkinji ýarym final oýnundan soň haýsy ýygyndyň finala çykany belli boldy. Elbetde ol hem Ispaniýa. Olar ýarym finalda Portugaliýanyň ýygyndysyny esasy wagty 0-0 bolan oýundan soň, 11metrlik jerime urgylaryndan 4-2 hasaby bilen ýeňmegi başardylar. Bu gezekki penaltylarda panenki stilini ulanan oýunçy Sergio Ramos. Ispan janköýerleriniň tolgunma pursaty. Indi bolsa suratly soragymyza geçeliň: aşaky suratdaky garaýagyz pyýada dünýä futbolynyň şasy hasaplanýan Brazil futbolisti Pele. Onuň ýanyndaky akýagyz kimk-ä? ol hakynda çalaja maglumat: Derwezeban bolup ilkinji "Altyn pökgi" bayragynyň eýýesi. XX asyryň iň güýçli derwezebany. Başga aýdar ýaly zadam galmady.

Köneler, messibet tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir