kyndyr müñden ýekä ýüregiñi bermek, köp isläp, birinden galaýma dostum. bilseñ, däldir söýgi wagt geçirmek, utulyp söýgiden nalaýma dostum. ýaşamak isleseñ, saýla baýyny. dindarmyñ? molladan algyn payyyñy. özüñden betinden saýlap taýyñy puşman edip, toba geläýme dostum. pitikläp al kiseleñde pul bolsa, suwun ýetir ol solmajak gül bolsa. söýgi bolmaz ýigit gyza gul bolsa, birden heleý guly bolaýma dostum. köpi gören gyzyñ oýnar gözleri, mylaýymdyr wagtlaýynça sözleri. söýse ýetik, köp çekdirmez näzleri, başgalañ gözüne iläýme dostum. gözel saçyn kesip, gaşyn syrarlar, ýuka geýnip, ýigitleri gyrarlar. sürüp döwran, bir biçärä bararlar, ahmal bolup, bagtyñ bulaýma dostum. i̇lki bolsa ýanyoldaşa wepasy, soñra ömrün bagş etjegi – esasy. mydam öwser şonda ýazyñ howasy. seýrekdir beýle bagt, galaýma dostum.
Dostum
-
Induksiya
12 years ago
- =) bayba
-
Milashka92
12 years ago
- awtory sizmi yada bashga birimi?
-
Shajy
12 years ago
- krutoy krutoy goshgom tapyanay sagja bol
-
Makintos
12 years ago
- bet bet
YakupYMB 12 years ago- Gowy goshgy eken sagbol paylaşanyň üçin!