“şaýat men” diýmeklik yeňil düşermi? tassyklap bolaýsa şaýatlyk hakyň. şaýatlygyny tassykladyp bilene, döşüne at alan bir medal dakyň. syrtarmak bu döwür şaýat hakydyr, el çarpmak bu döwür şaýat hakydyr, kelläň yrap ýörseň adyň bakydyr. kelläň duran güni “düýbünden ýykyň”. gözüňi oýnatsaň, gypsaň kaýarym, zyňylan süňkleri gapsan kaýarym, haky iýmeleri ýapsaň kaýarym, şaýat diýip käwagt bererler hakyň. diňe ýeke zatda bardyr şaýatlyk, olam edileni bile gömmeklik, haramy göreňde sessiz dymmaklyk, dymmasaň o dünýe saňa has ýakyn. hakymy gözlejek ýöne ýok hakym, hakyň gözlän wagtyň görmersiň ýakym, “goýunlaň sürüsi” edipdir akym, “sen hem şol akymda akyber hakyl”.
Shayatlyk Haky
-
AHAL
12 years ago
- ozin duzen bolsan ýene paýlaşyp durgyn şular ýaly atduşy setirleri.
-
Raimend
12 years ago
- "$ayat men diyip cykmak,özüñ gúnäkär bolmakdyr." A.R
hakyky dogrucyl $ayatlara medal dakalyñ onda
-
Yegen
12 years ago
- Menem sen yazan goshgyna shayat boldum, gowy duzulipdir. Yzy uzulmesin.
-
Lider
12 years ago
- sagbol tanyryalkasyn.Kawagt ynsan balasy yüreginden çogup gelyan sözleri setirlere sindirmage çalyşyar.yöne ol setirler şeyle bir üzlem saplam weli olary kafiyalap bolmayar.dişini gysyp kafiyalan.yöne barybir yürekden çykan tebigy sözleri barybir köpçülüge yetirip bilmeyarsin diyen düşünje yüregine ornayar.Yene de sizde az da kanda oylanma oyadan bolsa men öran şat
-
sahett
12 years ago
- tuweleme
AHAL 12 years ago- baýba muny kopia edip ozime ýadigarlik aljakdyryn.
kimiň goşgusam bolsa gaty dogry gaty durs goşgy.