Seni maña ýatlamalam baglaýar Aýralyk derdinden kalbym aglaýar Pelek eden i$in añmaýan ýaly Öz i$i, öz derdi, keýpin çaglaýar | Ýok, ýok pelek, asla aýyp ýok sende Bilmän günä atdym bagy$la meni Biz ynsanlar hemi$e hem $eýle-dä Özüñ gowy bilyäñ çig süýt emeni | Ba$ymyza bir kynçylyk dü$äýse Derrew bu dünýäni gapy$dyraýýas Durmu$y, dünýäni ýazgaryplar köp Günäleñ baryny ýapy$dyraýýas | Bu durmu$da belañ asyl körügi Dünýä yeñil bakýan adam dälmidir?! Durmu$a dü$ünmän oña $ek atmak Erbet gylyk däl-de, ýag$y pälmidir?! | Ynsan dälmi ynamsyzlyk döredýän, Bir-biregiñ ynamyny ogurlap. Ynsan dälmi nebsin öñden ýöredýän, Asyl hakykaty aýtsak dogrulap. | Erbet günde ýazgarmañ siz durmu$y Durmu$da günä ýok, ýokdur birje kem Aslynda ha durmu$ erbet diýýänleñ Özünde günädir, $oldur ýerçeken. (Brave H.)
Durmushy ýazgarmañ
-
makgush
12 years ago
- Gowja goshgy, sagbul ýetireniñe.
-
Pamir
12 years ago
- Goshgyna gep yok brawe! Sagja bol yetirenine. Yene yetirip dur
-
Yegen
12 years ago
- Minnetdar Brawe! Manyly yazypsynyz goshgyny, yenede yetirip durun goshgularynyzdan. Sizde beyik talant bar!
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- yetireninize sag bolun brawe.mundanam beylak galamynyz yiti bolsun!
-
Gulmelek
12 years ago
- Manyly go$gy minnetdar avtor,ylhamyn egsilmesin
-
sahett
12 years ago
- +
missmaysa 12 years ago- tuweleme gowja goshgy,brawe sen dumushy temadan goshgy yazmagy gowy goryañ oydyan