Sen garrama ejejan. Eje-sözi biziň ählimize tanyş bolan iň ýakymly, iň mylaýym bize durmuşda iň gerekli adama ýüzlenilýän sözümiziň biri. Çaga dil bitende hem ilkinji bolup bu sözi aýtýar diýsem ýalňyşmasam gerek. Eje seniň bu gün doglan güniň, saňa näme sowgat aljagym hakda pikir baryny ýüwürtdim, men her ýyl siziň doglan güniňize bir üýtgeşik zat sowgat ederdim. Bu günki 45 ýaşyňyzda näme sowgat etmelidigi hakynda men hol aýyň başyndan bäri pikir edip otyryn, pikir edip otyryn iň soňunda otyryp, otyryp iň üýtgeşik hem saňa has täsirli boljak sowgady tapdym. Men her doglan güniňdesize gül bermegim mälim bolsa gerek. Bu günki doglan güniňizde ähli zady özünde jemleýän bir kiçijek sowgadym sizi begendirer diýip umyt etýän, ejemjan...(inede meniň sowgadym , soňra sowgadymy berjek nämedigini entek aýtjak däl size hem ) Wagty saklap bolmaýar, bir gün geler menem siz ýaly eje adyny alanymda edil seniň ýaly iň gowy eje bolmak üçin jan ederin. Türkmende şeýle hem nakyl bar ene bolanyň gadyryny ene bolanyňda bilersiň diýilýär,emma ejejan men seniň gadyryňy heniz ene bolmakam hem bilýän. Entek 45 ýaşy doldurdyňyz ýene bu ýaşy ýaşanyňyzda güler ýüzüňiziň edil şu günki ýaly bolmagyny isleýän, ejejan seniň hiç wagt garramazlygyňy isleýän... ( ejemjana agşam okap berjek tort keseninde ýene üstüne goşar ýaly goşgy hem kömek etseňiz minnetdar bolardym, men goşgy düzmäge gaty ukybym ýokda)
Sen garrama eje jan.
-
AHAL
12 years ago
- jennet enelerin ayagynyn ashagyndadyr. MUhammet s.a.v.
-
Bravo
12 years ago
-
makgush
12 years ago
- Gowja tema +5
Prettygirl 12 years ago- Dunyanin bar gorki enedir-ene! sagja bol temana gaty gowy eken!