yere gacyan meteroitler duzumi boyunca dashdan, demirden we guyrukly yyldyzlaryn yenil jisimlerinden ybaratdyr. meteoritler baradaky maglumatlar Moskwadaky yoriteleshdirilen halkara komitet tarapyndan we beyleki yurtlaryn birnacesinde toplanylyar. yere gacmak yagdaylary (ugry, tizligi, yagtylygy), doreden cukurynyn hasiyetnamalary hasaba alynyar we olaryn duzumi owrenilyar. meteoritlere gacan yerlerinin golayyndaky obalaryn ya-da shaherlerin atlary dakylyar. hazire cenli toplanan maglumatlara gora, in uly meteoritlerin biri diylip, Afrikanyn gunorta-gunbatarynda tapylan GOBA meteroiti hasaplanyar. onun massasy 60 tonnadyr. meteoritler tarapyndan doredilen cukurlaryn in ulusy Kanadadadyr ( kwebek). onun diametri 26 kilometre golay bolup yere gacan wagty 200 million yyl mundan ozal diylip caklanylyar. alymlaryn kabiri dinozawrlaryn yok bolup gitmegini hem shol meteorit bilen baglanyshdyryarlar. sudury onat saklanan uly oy yerlerin biri hem Amerikanyn Arizona shtatynda yerleshyar. onun ginligi 1 200 metr, cunlugy bolsa 200 metr cemesidir. gecirilen barlaglara gora bu oy yeri doreden meteorit yere takmynan mundan 50 000 yyl ozal gacypdyr. meteoritler barada toplanan maglumatlara gora yere her gunde 400 tonnadan gowrak meteorit gacyp, sholardan gury yere 2 meteoritin gacyanlygy we olaryn massalarynyn 3 - 15 kg aralykda bolyandygy malimdir. meteoritlerin oran kop mukdarynyn hasaba alynman yatandygyna shek-shubhe yokdur. bu yagdayy yer ustunin sahelce boleginin adamlaryn yashamagy ucin yaramlydygy we kop bolegini okeanlaryn tutyandygy bilen dushundirip bolar. shol sebapli yere we suwa gacyan meteoritlerin kopusi bilinman galyar. meteoritleri beyleki jisimlerden tapawutlandyrmak ucin olaryn duzumine, shekiline we dashky gornushine uns bermelidir. demir meteoritin dashy yylmanak bolup, eran yerleri hem acyk bildirip duryar. dash meteoritlerin renki yerdaki dashlardan tapawutlanyar we kop yagdaylarda olarda demir garyndysy bolyar. yerin atmosferasy bolmadyk bolsady, onda bir gije-gundizin dowamynda asman jisimlerini onlarca milliyardy ustumize yagardy. diymek yerin atmosfera gatlagy bizi asman jisimleri bilen bagly bolan howplardan gorap saklayar. 20-nji asyryn in tasin meteoriti diyip 1908-nji yylyn 30-njy iyunynda Orsyete gacan TUNGUSKA meteoritini hasap etmek bolar. bu meteorit yere gacan yerinden 100 kilometr uzaklykda duran adamy 6 metr aralyga zynyp, ony hushundan gideripdir. meteoritin partlama sesi 1 200 kilometrden eshdilipdir. meteoritin gacan yerinde kop barlag ishleri gecirilendigine garamazdan henize cenli ol meteoritin hatda kicijek bolejigi-de ele dushenok. meteoritler yerin atmosferasyna girip yanyp bashlandan yerin ustune yetyancaler olaryn massalaryndan ondan bir bolegi galyar. uly gowrumli meteoritlerin oran seyrek gacyanlygy sebapli asmandan gacan bu dashlar alymlar ucin gymmatlydyr

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir