Ýamandan ýagyr boldym men, Bir ýagşy niýet islärin. Gyz geline uýat haýa, Ogula sünnet islärin.
ýamandan ýagyr boldym men
-
Merw92
12 years ago
kerem etseň, kadyr alla,
düňýälikden at islärin.
talygym ukuda galmyş,
bir açylmyş bagt islärin.
ýoksuzluk bir ýaman ýoldur,
pakyr menem, golum galdyr,
halal ryzk ber, kesp bildir,
kimiýa atlyg ot islärin.
ýalan dünýäde ýörmäge,
döwlet ber, aşret sürmäge,
ömür ekläp, gün görmäge,
segsen ýyl pursat islärin.
hajy bekdaş, abdylkadyr,
hoja ahmet, ymam ryzadyr,
feridun bir öwlüýädir,
baryndan hümmet islärin.
pyragy, yşka ugraşdym,
derýa girdim, möwje düşdüm,
hor galmasyn puştba-puşdum,
berkarar döwlet islärin.
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- howwwwa, akyldaryn her sozuni gyzyla gaplaymaly.yetireniniz ucin sagja bolun doganlar.
-
Shahyrjyk
12 years ago
- "ömür ekläp , gün görmäge segsen ýyl pursat islärin" ...
Ymgyr manyly jümleler. Sag bol yetireniñ ûçin!
Käshgä isläp yetip bilsedikkk
-
Yegen
12 years ago
- Gowy goshgy eken, manyly yazylypdyr. Magtymgulynyn hemme goshgularynyn her setiri bir nakyl.
-
1merdan
12 years ago
- Ýegenjan gowymy ol meñ ýazanym(täsirlenme bolsada) özümiñki bolmaly öñüräk me$hur halypa $ahyrymyz 1 halkara derejeli ýerde okapdam (awtory ýa$ $ahyrymyz) diýipdi. Bu $u wagta çenli meniñ döredijiligime berlen uly baha bolsa gerek
-
Yegen
12 years ago
- Bagyshla Merdan dost, men hakykatdanam ahli goshgyny Merw92 yazandyr oydupdirin. Sebabi okan wagtym ahli goshgy dine Pyragynyn goshgularymyka oydupdirin. Yene bir gezek bagyshla dost!
Sizde ukyp, ylham bar dogrusy. Esasy zat, goshgyn manysyna uns beripsiniz. Shu tayda size kamilleshmek uçin goshga koprak yykgyn etmeginiz gerek. Biraz tejribesini ozleshdirseniz, galany son oz-ozunden dorar barar. Men kamil dalle, sizden pesrakdirinem welin, oz bilyanjami aydyanda Merdan dost. Ukyp, ylham, synçylyk bar sizde, yone sholary goshga geçirip bilseniz bu hasam gowy netije berer!
-
Turkmenhanymy
12 years ago
ýegenjan gowymy ol meñ ýazanym(täsirlenme bolsada) özümiñki bolmaly öñüräk me$hur halypa $ahyrymyz 1 halkara derejeli ýerde okapdam (awtory ýa$ $ahyrymyz) diýipdi. bu $u wagta çenli meniñ döredijiligime berlen uly baha bolsa gerek
1merdan | 2012-04-11 12:37:29
goshga menem magtymgulynkymyka diydima.tuweleme 1merdan oran gowy yazypsynyz.bashgada goshgularynyzy yetirip durun,howes bilen okarys.
1merdan 12 years ago- Myhmansöýer saçak bolsa,
Bir wepadar gujak bolsa.
Dutarym hem, gyjak bolsa,
Gaýry ne senet islärin.
Halkyň serdary azmasa,
Döwletli öýler tozmasa.
Çaman ýüwrükden ozmasa,
MYDAM ADALAT islärin.
Namart törde otyrmasa,
Çyn dost gapyda durmasa.
Duşman ýeňseden urmasa,
Gelse PETE-PET islärin.
Beýle alňasama gursak,
Aýak üstünde dik dursak.
Dinin undan danasumak,
Ýüzbe ýüz söhbet islärin