Gadym zamanlarda bir batyr ýigit çölde ýeke galypdyr. Ol çölüñ soñuna çykar ýaly däl eken. şol gidip barşyna ol bedew atyndan jyda düşüp, ähli şaý-esbaplaryndan diñe gylyjyny alyp galypdyr. Açlyk hem teşnelik ony ysgyndan gaçyrypdyr. Halys tapdan gaçyp ugranda, uzakdan bir köl görünüpdir. Garaz gyrmyldap barşyna ol ahry köle ýetipdir. Emma onuñ gözi kölüñ kenarynda oturan üç kelleli aždarha kaklyşypdyr. Ol ýigit bada-bat gylyjyny alyp, bar bolan güýç-gurbatyny jemläp, bu mahluk bilen söweşe girişipdir. Söweş iki gije-gündiz dowam edipdir. Aždarhanyñ iki kellesi togalanypdyr. Üçülenji gün diýlende aždarha güýçden gaçyp ýykylypdyr. Ýigit hem aýak üstünde durmaga, gylyjyny götermäge gurbaty bolmansoñ, onuñ gapdalyna ýykylypdyr. şonda aždarha ysgynsyzja sesi bilen ol ýigitden sorapdyr: - ýogsa-da, ýigit, seniñ maksadyñ nämedi? ýigit hem zoraýakdan jogap gaýtarypdyr: - suw içmekdi meñ maksadym. aždarha bolsa: - ýeri içiberseñ bolmaýamydy?! diýip ýigitden sorapdyr.

Köneler, makgush tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir