Mergen açyk gözenekden içeri seretdi, törde ýorgan- düşekli ýatan ejesiniñ solgun ýüzüni gördi. Howa yssydy, şonda-da ejesiniñ üstündäki ýorgany aýranokdylar. Mergen näsag adam hökman ýorganda ýatmalydyr öýdýärdi. Ejesi näsagdy, gara öýden daş çykmaga- da ýaraman ýatyrdy. Häzirem onuñ gözleri ýumukdy. Gabaklary ýukalypdyr, bäbeneginiñ güberçegi ulalypdyr. Düýn pes boýly, semizliginden ýüzi tes- tegelek bolup giden doktor gelip gitdi, ony Mergeniñ kakasy ýörite şähere gidip alyp geldi. Doktor barka çagalary içeri goýbermediler, onuñ ýanynda diñe Mergeniñ kakasy bilen enesi galypdy. "Ene, dogtor näme diýdi?" "Syrkawy gara öýden çykaryñ, tamda ýatsyn" diýýä. Bylañ barynyñ basyp bilmeýän ýagysy şu gara öý. Bizem-ä şuñ içinde ömrümizi ötürdik, öläýmedik. Tama geçireli diýsek, ejeñ göwnänok. "Tamda ýüregim gysar" diýýä. Gözenekden ýagty ýalança seredip ýatanyny gowy görýä-dä". Enesi Mergeniñ ejesiniñ başujundan galman otyr. Garrynyñ halys ram eden eli diwardan asylýan zynjyrly sagadyñ goly ýaly iki ýana hallan atyp, ak ýaglyk bilen syrkawyñ ýüzüni ýelpeýärdi. Eliniñ hereket edýäni enesiniñ ýadyndan çykyp giden bolmagam ähtimal, sebäbi ukuly gözleri ýumulsa-da, hereket bir hörpde dowam edýärdi. Tüýnük ýapyk bolany üçin öýüñ içi biraz garañkydy. Mergen gözenekden aýrylmady, ejesiniñ gözüni açaryna garaşdy. Gözüni açsa, öñi bilen Mergeni görmelidi. Enesi: - Aýrylsana, beýdip, sömelip durma-la, oglan - diýdi. - Öñem-ä bi tünegiñ içinde dem alara howa ýetenok. Ýatakda duran eşek ysgynsyz aññyrdy. Tama ýaplanyp oturan Begli ogluna ýüzlendi: - Eşegi suwa ýaksañ bolmadymy? Mergen ak eşegini suwa ýakmaga barýarka, kakasynyñ tukatlygyna nebsi agyrdy. Iki-üç gün bäri ol işine-de gidenokdy, haçan görseñ gara öýüñ öñünde, tamyñ diwaryna arkasyny berip oturandyr. Goñşy-golam gelerdi, giderdi. Begli gürrüñe goşulmazdy. Olar bilen baş atyp hoşlaşardy. Gara öýe girip-çykanlara gorky hem ätiýaç bilen garardy. Mergen güzeriñ başynda Atajana duşdy. Atajan dostunyñ tukatlygyny görende ýöne durup bilmedi, hamala, aýtjak zadyny öñden peýläp goýan ýaly, sen-men ýok, başlaberdi. - Meñ enem neme diýýär- eý... señ ejeñe terne iýdirmeli diýýä. Ýañyja düwen gylly terne bardyr-a, şony iýse açylar diýýä. Meñ enem tebib-ä, bilýär-ä. Saparyñ kakasy ýatanda şäherden dogtor getirdiler, dogtor öler diýipdir, enem aýdýa. Ölmedi diýýä, terne iýdi diýýä, gaty kän iýdi diýýä, bir ganar terne iýipdir. Atajanyñ enesine Lukman Hekim görnüpdir diýip gürrüñ ederdiler. Giç ikindin ýeke özi öýde otyrka, eli hasaly, başy selleli uzyn adam gapydan duýdansyz girip: "Maña Lukman Hekim diýýärler" diýipdir. Atajanyñ enesi gorkmandyr. "Maña- da Aşyr çopanyñ aýaly Äşe diýýäler" diýipdir. Lukman Hekim oña müñ derdiñ dermanyny aýdypdyr. "Hemmesi ýadyñda galmaz, öz obaña geregini bilseñ bolýar" diýipdir. Mergeniñ enesi bu gepe ynanmazdy. "Äşäñ gözüne görner ýaly, Lukman Hekim beýle akmakdyr-ow! Äri görgül-ä şo heleýiñ gözüne görünmejek bolup ölüp gitdi" diýerdi. Atajan: - Ýör, Haýytlyñ ýanna gideli, terne diläli - diýdi. Mergen höwessiz jogap berdi: - Haýytly terne bermez. - Berer! - Atajan eşegiñ gerşine bökdi. - Süýş yza... Meñ enem dogtorlardan köp bilýä. Hyh-h! - Ol ýalañaç ökjesi bilen eşegiñ suwdan çişen garnyna depdi, şowhun turuzdy. - Ýykylaýma, berkje ýapyş... - Çapdyrma, suw içen badyna çapdyrmaly däl-ä. Öñürdikläp başlan eşegiñ badyna Atajanyñ eli-aýagy galgap ugrady. - Enem neme diýýä... "Eşek semrese, öñi bilen eýesini deper" diýýä. Hyh-hyh-h!..
Gijeki oýun
-
nlo
12 years ago
- yzy mundan beter gynanaçly muny ön 8njimi ya 9 njymy türkmen dili kitabynda okapdym
-
Karat
12 years ago
- Gynançly bolsada ýazyñda nlo aga. Gyzygyp okasañ yzyny caltyrak okasyñ gelýär.
-
Karat
12 years ago
gynançly bolsada ýazyñda
nlo aga. gyzygyp okasañ
yzyny caltyrak okasyñ
gelýär.
gyssanyp adyny yalnysh yalnyshypdyryn jebislik dost
-
idealman92
12 years ago
- jebislik,gyzyklandyrdyn.bu romanmy,hekayamy?yzyny yazaweri...
-
gyzlarynarzuwy
12 years ago
- tirkes jumageldiyew gowy yazyar. men ön onun mähekdas kitabyny okap görüpdim gaty gyzykly
-
gyzlarynarzuwy
12 years ago
- tirkes jumageldiyew gowy yazyar. men ön onun mähekdas kitabyny okap görüpdim gaty gyzykly
durmush1 12 years ago- Yzy yokmy