....Adamlar işe barýardy. Olaryň arasynda penjeginiň boş ýeňi jübüsine salnan bir ýaş ýigidem bardy.Onuň döşinde üç hatar orden plankasy görünýärdi. Ynha, ol ädimini haýallatdy. Bir zatlar ýadyna düşen ýaly, öň ýanynda gadam urýan az-kem hökürräk, uzyn boýly ýigide ýitireni bar ýaly ýiti-ýiti seretdi. Şol barmana-da howlukdy. Çünki uzyn pyýad her ýerden bir ätmeläp, alňasaşyp haýdýan adamlaryň duşyndn geçip barýardy. Onuň her ädimi hadaň agzy ýalydy. “Şol... Gör, bi deýýusyň müýnsiz eňip barşyny...” Ol loňkyldap bardy-da, uzynyň ezeneginden ýapyşdy. -Dur, deýýus!.. -Bi näme boldygy?-Uzyn ýeser emel etdi-de, onyň penjesinden sypdy. Ýüzüniň ugruna gidibermedi-de, golagyň depesinden seredip, birhili haýran galmak bilen gülümsiredi. -Men seni, köpeý ogly, derrew tanadym. Nemes kitelini geýýädiň, bilýäňmi?... “Zig haýl” diýip, kikirdegiňi gyraýjak bolýardyň...-diýip, golak gitdikçe gyzýardy. Onyň sesine adamlar üýşip ugrady. Uzyn pyýada sarsman duruşyna düşindirmäge başlady. -siz meni birine meňzedýäňiz... -Ýok beýdip syparyn öýtmegin, Bu ýeri saňa Lukkenwald däldir-diýdi-de, golak oňa täzden ýapyşdy.-düş öňe, o ýerde baý, bahym bilerler-ä seň kimdigiňi... -Men ýene bir gezek aýdýaryn, siz ýalňyşýaňyz ýoldaş. Uzyn pyýadanyň arkaýynlygy töwerekdäkilere täsir etdi. Olar oňa duýgudaşlyk bildirip ugradylar. -Adamlarda utanç haýa galmandyraý-diýip, bir aýal hüňňürdedi. - Ýene-de frontçydyrynam diýýär-ä... -Daň bilen urandyr-da... Edil şol wagt politse ýetişdide, dawalaşýanlaryň arasyna düşdi. Emma golak köşeşerli däldi. -Kim serhoş menmi?-diýip, ol gaýta bat aldy.-Bilýäňizmi, siz kimiň arkasyny alýaňyz. Wah, bu deýýusyň kimdigini bir bilsediňiz...
Bir türkmen-bir ykbal
-
1merdan
12 years ago
- Hormatly agzalar, eziz dogan-uýalar, men aramyzdan ýaş giden (1948-däki ýer yranmada) türkmeniň gerçek ogly Aga Berdiýewi ýatlamak isledim. Ýurt parahatçylygy ugrunda jeň meýdanynda, we duşman tylynda razwetgaçy bolyp göreş alyp baran, gahrymanymyz hakynda öz bilýänlerimi ýetirmek isledim. Şahyr B. Hudaýnazarowyň aýdyşy ýaly:
.. Günbatardan harby tupan turanda,
Seçme ýaly pytrap giden ogullar...
bu ýigitler hakda ýatlamak watan öňindäki borçlarmyzdan biri diýesim gelýär
-
1merdan
12 years ago
- ..Aga berdiýew 20-nji ýyllaryň aýaklarynda, otyzynjy ýyllaryň başlarynda horjyny harpykly, egni tüpeňli niredesiň garagum, diýip-diýip guma ugraýar. Bu agyr ýyllar soň- “ýerli milletçileriň tabşyrygy boýynça basmaçy otyrýadyny döretmäge, Sowet häkimýetine garşy gizlin gurama esaslandyrmaga giden ýyllar hökmünde” “peýkam” rowaýatyna girip, duşmanyň gözüni baglaýar.Güýçli golyň ýaýyndan çykan peýkam nyşanyny tozdyryp, guşyň gözünden urypdy.....
....Ýaş resbulika üçin ýokary hünärli hünärmenler zerur, munyň üçin rabfagy gutaran gahrymanymyz rus şäheri ýaraslawla gidýär. Pedagogik inistutynyň fizika-matematika fakultetinde okaýar.1937-njy ýylda bolsa inistuty gutaryp,yzyna dolanýar.Inistut oňa hünär berýär, ömürlik ýoldaş berýär, baş dostyny berýär.
Sima Udalowa Aga bilen uzak Türkmenistana gaýdýar. Mugallymçylyk edýär.Soň bolsa 48-de şol elhenç gije Aga bilen bile.....
-
1merdan
12 years ago
- ... Aga berdiýewiň uruş döwründe razwetkaçy bolyp, duşmanyň tylynda bolanlygy hakynda onyň golaý hossarlaram bilenokdy. 1947-nji ýylda oňa: “at gazanan mugallym” dien adyň dakylanyndanam olaryň habary ýokdy. Ol abraýyň ýada medalyň arkasyna duwlanýan ýigit däldi. Ýogsa, orden ýerinde ordeni, medal ýerinde medaly, iň esasanam halk içinde abraýy bardy....
-
1merdan
12 years ago
- Aga Berdiýewiň bloknoty
Ýeseniniň şygry bilen başlanýar
Gazaply hakykat, ýer ýok tarypa.
Merdiň ömrü
Ýönekeýje depderi
Öwrüp bilýär iň ajaýyp taryha
Berlin. Ponýatowo. Syrly nokatlar
Adam ady, köçe, sorag belgisi.
Ol gysga ömür şeýle ýaşapdy:
Algyly däl, watanyna bergili!
Elli sahypajyk danaň sözü dek,
Manysy bar tersotyryň, bogunyň.
Okap öz ýanymdan diýdim:”eneler,
Diňe şeýle ogullary doguryň!”
Gara galam bilen ýazylan ýazgy
Kyrk ýyl geçip şol ozalky durlygy
Her setir ile golaý durmagyň,
Hem uly wepanyň ölçeg birligi.
Men ony aýamda saklap otyrdym,
Açyldy ýüregiň çuňňur gatlary.
Henizem watanyň gullugynda dur
Aga Berdiýewiň ýauw depderi!
(Baýram Jütdiýew)
-
Bahbit
12 years ago
- Салам мердан ызы йокмы дост
-
1merdan
12 years ago
- Siziň 1merdanyňyz näçe jan etsede entäk bu bloknoty elläp görmedi. Ýöne bu barada Rahym Esenowyň “Jahanda uruş barýarka” atly kitabynda okaýşyma görä: ýokardaky bu setirler:
Ýeseniniň şygry bilen başlanýar
bloknotdaky şu:
Gazaply hakykat, ýer ýok tarypa.
Merdiň ömrü
“Taşla Russiýaňy, gir sen uçmaha!”
Ol taňyrdan şeýle perman ýetende,
Razy bolman tebähedim göçmese,
Hem diýerin: “Goýyň meni watanda”
setirleri göz öňine tuten
-
1merdan
12 years ago
- we rahym esenowyň diýmegne görä goşgy üýtgedilenligine garamazdan, bloknotdaky görnişde alnan/1merdandan bellik:menem menem şol kitapdaky ýaly aldym temada/
-
1merdan
12 years ago
- .... bir gezek inisi Kakaly uruş döwründe okamagyň kyn bolandygyny aýdypdyr. Şonda ol hemişekisi ýaly mylaýymlygy bilen şeýle diýipdir:
-Kyn diýýäňmi?.. Häý, jigi, sen entäk kyn zatlary görmänsiň...
Ýaş ýigit agasynyň köp zady aýdasynyň gelýänligine, emma aýdyp bilmeýänine düşinipdir
-
1merdan
12 years ago
- Aga berdiýewiň ejesi Bibigözel ejenäň aýdany:
-Şindi-şindem düýşime girýär inerim. Bir zatlary düşündirjek bolýar. Özem ýylgyrýar, maňa göwünlik berýä...
.. Şo bada enäniň gözünden iki sany damja togalanyp gitdi...
-
1merdan
12 years ago
- salam bähbit aga, bagşla garaşdyranym üçin..
hormatly agzalar aga berdiýew hakda bilýänlerňizi paýlaşmagyňyzy haýşt edýän(gerçegiň inisi/ady dakylan/ hem Aga berdiýew bolyp, aşgabat şäheriniň "uspenski" köçesinde ýaşaýan bolmaly ýalňyşmasam)
-
1merdan
12 years ago
- temadaky harp ýalňyşlyklar üçin hemmäňizden ötünç soraýaryn
-
akylym1989
12 years ago
- merdan ýazydaky özüni ýalňyş tanalan uzyn kim bolýar düşünmedim ýazgyň soňy birhiliräk tamamlanýarla
Elli sahypajyk danaň sözü dek,
Manysy bar tersotyryň, bogunyň.
Okap öz ýanymdan diýdim:”eneler,
Diňe şeýle ogullary doguryň!”
Baýram jütdiýew bu goşgyny gaty oňat düzüpdir, aga berdiýewiň ýatan ýeri ýagty bolsun. men ol hakda bu gün ilkinji gezek eştdim özüm dilçi bolsamam, ýa onuň ýazgylaryna kän üns bermändirinmi nämemi
-
Bahbit
12 years ago
- Мердан мен душинмедимдэ шо бойы узын доник хакыкатданам немеслерин ичалысымы оны ага берди хакыкатданам танапдырмы егер танан болса политсия нэме оны туссаг етмэн уградяр
-
Bahbit
12 years ago
- Мердан мен душинмедимдэ шо бойы узын доник хакыкатданам немеслерин ичалысымы оны ага берди хакыкатданам танапдырмы егер танан болса политсия нэме оны туссаг етмэн уградяр
-
URGENCLI
12 years ago
Мердан мен душинмедимдэ шо бойы узын доник хакыкатданам немеслерин ичалысымы оны ага берди хакыкатданам танапдырмы егер танан болса политсия нэме оны туссаг етмэн уградяр
Bahbit | 2012-03-28 10:02:03
boýy uzyn dönuk diyyäniň aga berdiyew. ( üns bilen täzeden okap gor temany, teswirler bilen bile şonda düşünersiň bähbit agza)
bu yerde düşünmez yaly zat yok
-
1merdan
12 years ago
- şu ýerde arhiwden
-
1merdan
12 years ago
- aýdaly şu tema we garabekowl agzanyň teswirine ünüs beriň
-
1merdan
12 years ago
- bahbit aga ol aga berdiýwdi (şol uzyn. bagyşla düşniksiz bolanlygy üçin)
Uzyn eýýam honda barýardy. Dşyndan göräýmäge oňa hiç zat bolmadyk ýalydy.Emma ýüzüne ýiti seretseň, onuň agyr pikirler girdabynda gulaçlaýandygy görnüp durdy. “ýok, gardaş, sen ýalňyşaňok, hemmesi dogry. Seň kesgir gözüň bar eken. Ikimiz derdinşip bilerdik. Derdinşmäge bolsa zat kän. Arman gadagan-d. Iň bärikisi häzir yzyma öwrülip, seň ýüzüňe seretmäge-de hakym ýok...”
bu taýda razwetgaçy nobatdaky tabşyryk üçin barýardy, ýada Rahym Esenowyň dili bilen aýtsak:uruş kimler üçin gutardy, kimler üçin bolsa henizem dowam edip dur
Aga Berdiýew şonda kyrkyň ujyndan ýaňy gädip ugrapdy....
-
1merdan
12 years ago
- rahym esenowyň "jahanda uruş barýarka" atly kitabynda bu hakda has giňiräk ýazylan, men başga çeşmelere de esaslandym welin, esasan şol kitap, ýöne gahrymanymyz hakda men gaty az bilýän, we bu temany maglumat ýetirmekden daşgary, köpräk maglumat toplamak, we aýratyn sarpa goýýan ynsanym bolansoň açdym.
-
turkmenntug
12 years ago
- sag bol Merdan aga,senden kän zat bilemok menä,aga berdi hakdada
-
turkmenntug
12 years ago
- sag bol Merdan aga,senden kän zat bilemok menä,aga berdi hakdada
1merdan 12 years ago- -Hany duryň ahyry diýip politsýa işgäri aýgytly aýtdy.
-Dokumentlerňizi görkeziň.-Ol dokumentleri gözden geçirdide, uzyn adamyň dokumendini uzatdy-gidip bilersiňiz, ýoldaş. Hemmesi ýerbe-ýer.
Golagyň gözleri tegelendi.
-Siz görýän welin ony birine meňzetdipsiňiz. Ýöne ol siziň diýjek adamyňyz däl-Diýip politsýa golak adamy köşeşdirdi.
-Bolýan zat.
Adamlar dagaşansoňam golak adam duran ýerinde gymyldaman durdy.
-beh-h, nähili boldaý bi?...Dogurdanam ýalňyşaýdymmykan?..
Uzyn eýýam honda barýardy. Dşyndan göräýmäge oňa hiç zat bolmadyk ýalydy.Emma ýüzüne ýiti seretseň, onuň agyr pikirler girdabynda gulaçlaýandygy görnüp durdy. “ýok, gardaş, sen ýalňyşaňok, hemmesi dogry. Seň kesgir gözüň bar eken. Ikimiz derdinşip bilerdik. Derdinşmäge bolsa zat kän. Arman gadagan-d. Iň bärikisi häzir yzyma öwrülip, seň ýüzüňe seretmäge-de hakym ýok...”
Aga Berdiýew şonda kyrkyň ujyndan ýaňy gädip ugrapdy....