Çolaja obanyň sadaja gyzy.(goşgudan bölek) Sen sähranyň güllerine meňzeşdiň, Çolaja obanyň sadaja gyzy. Gözlerimde galypdyr owadan keşbiň, Çolaja obanyň sadaja gyzy. Säherler oýanyp ýöräňde messan, Şanyňa ýazardym ajap bir dessan, Sen meniň şatlygym, sen meniň gussam, Çolaja obanyň sadaja gyzy. Ýadymda o mahal guýymyz bardy, Howa-da sowukdy, ýerlerem gardy, Şol akja garlarda yzlaryň galdy, Çolaja obanyň sadaja gyzy. Bir günem alysdan meňzäp ak guwa, Elleriň bedreli geldiň sen suwa, Ýürek şol gün sygmady-la gursaga, Çolaja obanyň sadaja gyzy. Guýyň zynjyryna baranda eliň, Derek boýlaryňy synladym telim, Bir zatlar diýjekdim tutuldy dilim, Çolaja obanyň sadaja gyzy. Beýle ahwalata sataşmaňsoň öň, Bularyň barysy seniň üçin geň, Gözüňi tegeläp doňupdyň bir dem, Çolaja obanyň sadaja gyzy. Ne senden , ne menden çykmady sözler Sözleşdi ýürekler, sözleşdi gözler Şol günler ömrümde iň ajap günler, Çolaja obanyň sadaja gyzy. Myrat Ömür. „Çolaja obanyň sadaja gyzy“ täze çykaran kitabyndan okadym we siz bilen paýlaşaýyn diýdim. yzynam okasyňyz gelse aýdaýyň

Köneler, akylym1989 tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir