salam agzalar,sag aman ishlap okap yormisiniz. sheylerak bir setirleri okadym,aranyzda bilyaniniz barmy,dogrudanam guwlar yylda bir gezek sayrayarmykalar? apet kol,giden suw-durna goz tamiz, zuwwam yer kenarda suw icre daliz, her yandan girelge howurtge-jaya. pur-pudak,ot copler gush-gumra saya gu6-gumry shadyyan,juybe-de-juybe yumurtga basan bar cekilip duybe, bir guwam kol suwda yuzup yaynayar, eyjejik cagasy bile oynayar. bu cagda bir gyrgy yokardan peslap, shol guwung ustunde aylandy deslap. guw derhal dushunip gyrgyng paline, tutmagy durs bildi onun daline. ganaty astyna alyp balasyn, (yogsa,kim eshitjek onun nalasyn?) bir suwa cumdi-de,silkinip cykdy, balasyn has ashak ganata dykdy. getirip gizledi gamyshlyk yerde, wah ozi yetishman,galdy coh derde. gyrgy bir wagshy gush,jeňi kop eden, demir dek penjesin urup küpeden, guwy hol asmana goterdi derhal, oslagsyz yuz beryan närse-dä sherhal. bu hala dozmeyan kol-suw cyrpyndy, guw-da mert,dal asyl gushda syrkyndy. guw gokde sheyle bir sayrady shirin, enaýy owaza dingdi al-pirim, gyrgy aňk boldyda,acdy penjesin oz ozi gacyrdy lokma-genjesin, gacan guw kol bn yorgalap,capyp, bukuda gizlengi balasyn tapyp, ona ten gowresin gujagyn gerdi bar mahrin bagsh edip,birden jan berdi. omrunde bir gezek sayrayar guwlar, shayatdyr tolkunyp cyrpynyan suwlar, tolkunlar möwç alyp,goy tutsun tor-gat bu ahwal shol guwa hatyra hormat.

Köneler, Turkmenhanymy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir