Jübi telefony ulgamyndaky täzelikler gün geçdigiçe artýar. Dürli “hünärle­ri” bolan el telefonlary barha köpel­ýär. ABŞ-da suw geçirmeýän telefon gabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu ýukajyk telefon gaby “Liquipel” şereketi tarapyndan öndürildi. Bu gap şeýle bir ýuka welin, ol adamyň saçyndan müň esse ýuka perdeden ýasalypdyr. Tanyşdyrylyş dabarasyn­da bu gap bilen gaplanan telefon su­wuň aşagyna goýberildi. Şereketiň başlygy Denni Mak Feýl bu telefony suwdan çykaryp, süpürişdirdi-de tele­fonyň işleýändigini görkezdi. Merkezi Kaliforniýada ýerleşýän bu şereket te­lefony 60 dollara gaplap berýär. Şere­ketiň ýolbaşçylary Las-Wegasda geçir­len sergide mobil telefon şereketleri­ne bu nanotehnologiýa önümini täze öndürilen enjamlara goýmaga çagyr­dy. Hünärmenler nanogabyň elekt­ron enjamlary her hili suwuk madda­laryň dökülen ýagdaýynda-da ony go­raýandygyny aýdýarlar. Norwegiýa­nyň hökümet başlygy Stoltenberg bilen duşuşdy.

Köneler, pawel tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir