Alan taypasy 2-nji, 9-njy asyrlarda demirgazyk kawkazda yaşapdyrlar. 9-njy, 10-njy asyrlarda olaryň bir bolegi horezm döwletine degişli bolan sarygamyş kölüniň töwereklerinde yaşapdyrlar. Sarmat massaget taypalar toplumyna degişli bolan ‘’alanlar’’ b.e 1-nji asyrynda azow denzinden tä aral denzine çenli giň teritoriyada yayrap , turkmenistanda umuman orta aziyada yaşayan halklaryn düzümine giňden ornaşan halk bolupdyr. Akademik Roslyakow alanlaryň mundan 2000 ýyl ozal turkmenistana aralaşandygyny turkmen halkynyň arasyndaky dolihosefaliyanyň ( yagny süýri kelle) , gyzyl reňkli eşikleriň, atyň käbir şay-sepleriniň turkmenlere hut alanlardan geçenligini belleyär. Taryh ylymlarynyň doktory, moskwaly alym wasilyewa olam taypasynyň hem salyrlaryň alam urugynyň horasan ya-da sarygamyş alanlarynyň nebereleridigini, olaryň Abu Reyhan al-Biruni döwründe (973-1050) beyleki turkmen taypa-tireleri bilen goşulşandygyny yazyar. Şu alymyň yazmagyna görä entek 10-njy we 11-nji asyrlarda-da şol alanlaryň gepleşiginde esasy turkmen şiwelerinden ep-esli tapawut bolup olar horezmleriň we peçenegleriň dilinde gepläpdirler. Diymek alanlar azyndan 1000 ýyl ozal turkmen tire-taypalarynyň arasyna siňipdir.gadymy alan diyen adyny alam we olam görnüşde tire atlary hokmunde şu gunlere çenli saklapdyr. Geçmişde alanlara ‘’as’’ diylipdir. Bu gadymy taypanyň osetin halkynyň döremeginde uly goşandy bolupdyr. Alanlaryň as diyen ady os görnüşde oseti halkynyň adynda şu wagta çenli saklanypdyr. Oseti diyen adyn ikinji bolegi gruzinçe yurt manysyny beryär. ( os eti – as ýurdy). Alan diyen adyň as ya-da yas wariyantlary turkmen etnonimiyasynda şöhlelenipdir. Muňa çowdurlaryň asa hem-de yasa diyen tire atlary şayatlyk edyär. Diymek olam, alam, alan, as diyen häzirki turkmen tire-taypa atlary gadymy alanlaryň nesilleridir
Alan ya-da as taypasy
-
URGENCLI
12 years ago
urgençli aga sag bol, dashoguzdanmy siz
pawel | 2012-03-27 10:48:37
hawa daşoguzdan (urgenç towereklerinden)
-
pawel
12 years ago
- menem dashoguzdan. görogly etrabyndan
-
URGENCLI
12 years ago
menem dashoguzdan. görogly etrabyndan
pawel | 2012-03-27 11:07:11
örän gowy pawel dost yolum duşse myhman bolaryn
belki tema hakda garaýşyňy yazarsyň
-
pawel
12 years ago
- tema üçin sag bol urgençli aga. men shular yaly taryhy maglumatlary we gelip çykmalry halayaryn. bagyshlañ,ýöne özümä taryha gezek gelende gömigiräk.
-
1merdan
12 years ago
- sag bol ürgençli aga ýetirip dur
-
handsome1
12 years ago
- minnetdar, sular yaly temalara yene garashyas
-
URGENCLI
12 years ago
- Bilyän maglumatlaryňyzy yazaýyň
gyzyklananyňyz üçin sagboluň
pawel 12 years ago- urgençli aga sag bol, dashoguzdanmy siz