ÝENE-DE SARMAN ATA Ine, Sarman atanyň Ahal hakynda beren gürrüňi şeýle pajygaly tamamlanýar. Bu ýerde beýan edilen wakalaryň käbirini Üzümgül ejeden eşiden bolsa, käbirini oňa Çowdur ussa aýdyp beripdir. — Ýöne şu rowaýatyň iki hili tamamlanylyşy bar — diýip, Sarman ata aýtdy. Ikisiniňem esasy özeni meňzeş. Şol aýdylyşlaryň ikisinde-de bary-ýogy iki ýylyň içinde Ahalyňam, Garamergeniňem öýi boşap galýar. Ahalyň öýünde iki sany aýal gazarylyp galsa, Garamergeniň öýünde iki sany çaga, on ýaşyna-da ýetmedik oglan bilen onuň aşak ýanyndaky gyz ýetim galýarlar. Şu romanyň ahyrynda beýan edilen wakalar Çowdur ussanyň aýdanlary. Üzümgül ejäniň aýtmagyna görä Ahala awy berip öldürmändirler. Ol pyçak bilen öldürilipdir. Onuň aýdyşyna görä Ahalyň ölümine Çaşy derwüş gatnaşanok. Ahal kesele-de uçranok. Garamergen Ahalyň daş çykaryna garaşyp iki gije dagy öýüniň töweregini garawullaýar. Daňdana çenli bukulyp garawullaýar-da, daň atansoň turup gaýdýar. Bir gezek Ahal köne donuny ýasgynjak atyp, ümüş-tamyşda daşaryk çykýar. Garamergeniň garaşýanam şol. Ol pursady elden bermän, bukulyp ýatan ýerinden çykyp, Ahalyň alkymynda peýda bolýar. Ahal nämäniň-nämedigini saýgarmanka, ony pyçaklaýar. Ahal ýykylýar. Garamergen ökjäni göterýär. Şol mahal gapa çykan adamlar Ahalyň ýykylanyny, bir adamynyň bukdaklap gaçyp gidenini görüpdirler. Adamlar ýerli-ýerden ylgaşyp gelýärler. Obanyň ýigitleri derrew atlanyp gaçyp giden ganhorlaryň gözlegine çykýarlar. Garamergene gizlenip gaçmak, jezadan sypmak başardanok. Ýigitler ony tutup, iki elini tanapyň bir ujy bilen daňyp, beýleki ujuny ata tirkäp, ony gamçylap alyp gelýärler. Ine, şol adamynyň Hyrady begdigini Barat pälwan tassyklaýar. Garamergeni Ahalyň ýanyna getirenlerinde Ahal oňa:
27-nji bap: Ýene-de Sarman ata. Kesearkaç, Mämmet Seýidow (romanyň soňy)
-
Yegen
12 years ago
- Nohurlyagza! Gaýrat etde biriniñ kösenip ýazyp halka ýetiren zadyny kopi etmesene, haýysh! Sen bilýärmiñ shu kitabyñ awtorynyñ kimdigini, bu kitaby onlin görnüshe kösenip ýazanyñam adyny ýazaýmaly eken. Ertircomda "Sawyer" diýen agzamyz muny ish edinip onlinda okamak üçin halka ýetirdi. Iñ bolmanda shonuñam adyny ýazaýmaly ekeniñ. Sen shu kitaby okap bir gördüñmi özi? Shu romany ýazan ýazyjy kim?
-
nohurlyagza
12 years ago
- natdınay agam menda şol sawyer ýazyjysy romanyň. düye däldigini dokkozat edip biljekmi
-
turkmenntug
12 years ago
- sawyer agañ adyny aýtmaly ekeniñdä,nohurly dost.
Zähmet çekip.ýegen agañ aýdy$y ýaly,bize ýetiren $ol,sawyer agady...
-
nohurlyagza
12 years ago
- men ýazdym didimä sawyer men nohurdan özüm. gow ekenmi roman?
-
maloyjan
12 years ago
- nohurka duyn sen ozuna kab agza diyip durduna name ucin duybunde zat goyman gemiryan azajyk goyarlarow indiki gezegem gemirende ynanar yaly bolsun
-
maloyjan
12 years ago
- nohurka kairda san jogap yuhme
-
nohurlyagza
12 years ago
- maloy senem nohurmy? tüweleme köp bilýäň badaş.
-
maloyjan
12 years ago
maloy senem nohurmy? tüweleme köp bilýäň badaş.
yuh man nohur dalde, kustune zamurca caksyn nohurka
nohurlyagza | 2012-03-07 05:14:32
-
tejenjik
12 years ago
- :-)
nohurlyagza 12 years ago- “Saňsara bir daş” diýip, ilki gygyran, ilki daş zyňyp başlan Atanur bilen Nuradylmyşyn diýýärler. Olar Garamergeni halas etjek bolupdylar. Olaryň bu niýeti başa barmandyr. Garamergen:
— Eger meni halas etmeseňiz, iň soňky pursatda üstüňizi açaryn — diýip, olara howp salypdyr, olary gorkuzypdyr. Halas etmek başartmansoň, halkyň dyňzap duran gaharyndan peýdalanyp, “Saňsara bir daş” diýip yglan edipdirler. Ilki bolup Garamergene daş zyňypdyrlar. Halk diýeniň bir suwa eňen süri ýaly zat. Bir güwläp gaýdanyndan soň öňüni aljak gümanyň ýok. Garamergeniň “Duruň aýtjak zadym” diýip gygyrany hiç kimiň gulagyna-da ilenok. Ony daşlap derrew özünden giderýärler. Ýykylan Garamergeniň duran ýerinde daşdan-kesekden depe döreýär.
Sarman ata rowaýatyň jemleýji böleginiň iki wariantynam telim gezek aýdyp berdi. Şolaryň haýsynyň dogrudygyny özem bilenok. Ol wagtynda ony Çowdur ussa bilen Üzümgül ejedenem sorapdyr. Olaryň hersi özüniňkini tassyklapdyr. Başgasyny eşitmändirler. Şonuň üçinem men romanda Çowdur ussanyň wariantyny alsam-da Üzümgül ejäniňem wariantynyň bardygyny ýatlamaly boldum.